Kellede döwlen tabaklar
Kellede döwlen tabaklar
Meýhanada içip lül-gammar bolan iki sany arakhor özara sene-mene edipdir, soñam gyzyl ýumruga giripdir.
Şol wagt ol ýerde duran Temel dawagärleri aralaşdyrjak bolupdyr. Emma ol ikiarada erbet silterlenipdir we kellesinde iki tabak döwlüpdir.
Meýhanaçy ylgap gelip, ondan sorapdyr:
— Haý, edeniñ bar bol-a, Temeljan! Kelläñe hiç zat bolanok dälmi?..
Temel başyny ahmyrly ýaýkap:
— Aslynda ýok kellä zat bolasy ýok-la! — diýipdir. — Eger mende kelle bolsa, bu iki serhoşyñ arasyna girermidim…