|

Kelime

Kelime KELIME

G.A-a

«…Metjide girilýär köwşüñ çykaryp,
Keýgim, alyp geleweri tammanyñ!..»
Nobatguly Rejepow
.

Şahyrlar şeýle geñ,
Birtöwra dünýä.
Daşyndan görmäge şeýle ajaýyp…
Her günleri doly sýurpizlerden.
Şahyr bar ~
ylhamy durmuşdan alar
Şahyr bar ~
joş alar gelin-gyzlardan.
Şahyr bar ~
nazary düşse erkege
Utanç-haýasyny undup görnetin
Tammanyn çykaryp
(Bar bolsa olam)
Ellerin galgadyp,
Saçlaryn ýaýyp
Söýgi,
Poeziýa,
Namys,
Mertebe
hakynda il-günüñ öñüne çykyp,
Mollatorgaý kimin çöpüñ üstünde
Gaşlaryn oýnadyp pelsepe satar.
Soñam… birden-birden tüýsün üýtgedip
Illere paýlaýan pelsepesine
Eýermese özüniñem hiç haçan
Hemem goşgusynyñ özünden owal
Göz ýetiirip tarpa-taýyn öljegne.
Gökdepäñ şehitler metjidi ýaly
Tämiz hem-de süññi halal poeziýañ
Ruhy dünýäsinden höwür gözläniñ
Alañlara gömlen gömülgen ýaly
Zäherden müñ esse ajy şyltakly
Böwründen oslagsyz neşterin sanjar…
Men-ä indi halys öwrenşipdirin,
Zäher endamyma ýag bolup damýar.
Gynansak-da, wyždanyny ýitiren
Şeýle näkesleriñ guran oýnuna
Señ ýaly türkana gelinler ýanýar.
Tanatmak gerek däl,
Özüñem bilýäñ.
Şahyrly, bagşyly Türkmenistanyñ
Dabbetül-arz gözli,
Dili peltekli
Kakasy näbelli,
Ejesi belli
Owazasy «dünýä belli» ozany!
Öñräk adymyzy kirletjek bolup,
Bir salym turzanda kürre tozany
Seniñ gepe gidip yza tesmäniñ
Meniñ dostluk üçin uzan elime
Çomuç ýaly ak goluñy uzadyp
Gelendigiñ üçin ýüregñi diñläp
Kabul et!
Isleseñ minnetdarlyk bil,
Isleseñ zer röwüş halatly serpaý.
Il-güni asuda mawy asmanyñ
Watanperwer perzendiniñ kalbyndan
Joşup çykan şu bäş oýnam kelime,
Goý, şol gäbi azan nekgendeleri
Jyzar etsin öz hüýt-gara päline!..

Has Türkmen Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle