Kebelek (He­ka­ýa)

Kebelek (He­ka­ýa)

Nor­mu­rod NOR­KO­BI­LOW,
öz­bek ýa­zy­jy­sy

Kakasy ony şähere äkitmek üçin gelen güni aşhananyň öňünde ilkinji gülälek açylypdy. Özem gyp-gyzyl…

Oglanjyk owlajyk deý towsaklap köçä okduryldy, dostlarynyň ýanynda öwündi… Agyldaky naşyja guzujyklar hem onuň şähere gidýänliginden bihabar galmadylar. Soňra gülälek bilenem begenjini paýlaşdy:

— Men şähere barýan!..

Gün ýalbyrap duransoň, sypanyň üsti düşelgidi. Dört gat körpeçäniň üstünde aýbogdaşyny ebeteýsiz gurup, oglanjygyň hereketlerini esli wagt synlap oturan Haýdaraly onuň bu sözüne hezil edip güldi. Magtym aga nägilelik bilen:

— Çaganyň üstünden gülme, oglum! Göwni galar — diýdi.

Şo mahal oglanjyk gülälegiň töweregindäki mymyjak maýsalary o ýan-bu ýan edişdirip, ony gurşawdan halas edýärdi.

— Seniň bu ogluň juda üýtgeşik! — diýip, agtyjagyna sereden gojanyň gözlerinde mähir uçganaklady. — Şemal öwsen çagy çowdarylar aýdym aýdýarmyş, atgulaklar çapak çalýarmyş… Garaz, köşejigimde gürrüň kän!

— Beýle biderek zatlara güýmenip ýörenden, harp öwrense bolmaýarmy? — diýip, Haýdaraly hüňürdedi.

— Taýýarlyk synpyna bermekçi boldumam weli, eneň göwnemedi-dä, oglum — diýip, Magtym aga müýnürgedi.

— Indi bu bize hezil bermez. Häzirki çagalar mekdebe elipbiýi suw içen ýaly öwrenip barýarlar. Bu bolsa gül bilen gürleşip, çowdarylar aýdym aýdýar diýip ýör. Ýaman läliksiredipsiňiz muny — diýip, Haýdaraly janykdy.

— Gürrüň eljiretmekde däl, munuň ýasawy başgaça, özi — diýip, atasy garşy çykdy. — Ana, agaň ogullary asmandan gyzyl gar ýagsa-da geň görmezler, hamala, şeýle bolaýmaly ýaly. Emma ogluň her bir zada geň galýar, her bir zatdan üýtgeşik many tapýar. Senem çagakaň beýle däldiň, daýzaň pahyr myhmançylyga gelende, ýanynda ýatan bolup, saçbagyndaky hemme teňňeleri kesip alardyň… Ýene-de gülenem bolýaň!

Oglanjyk şäherde doglupdy. Kakasam, ejesem talyp bolansoň, ony bir ýaşy hem dolmanka obada goýup gitdiler. Soňlugy bilen olar okuwlaryny tamamlap, şäherde ornaşyp galdylar. Her sapar oba gelenlerinde, oglanjygy özleri bilen şähere äkidermen bolardylar. Emma Magtym aga: «Hiç bolmanda, mekdep ýaşyna ýetsin» diýip, ony ýanyndan hergiz goýberesi gelmezdi.

Bu gije oglanjyk daň ataryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Düýşünde ejesini, jigilerini, her dürli ulaglardan doly şäheriň giň köçelerini gördi…

…Howada Günüň howruna gyzan gök otlaryň ysy kükeýärdi. Ýorunjaly meýdanlaryň aýagujunda demir ýol bekediniň binasy garalyp göründi. Beketden ýaňyja ugran ýük eşelony inçejik, garamtyl tasma ýaly bolup, gözýetime siňip barýardy. Takmynan, ýene birnäçe sagatdan Daşkent otlusy geçmelidi.

Şol otlynyň gelerine gabatlap ýola çykan ataly-ogul ýorunjalygy ortalap geçýän sokmakdan howlukman barýardylar.

Kakasynyň yzyna düşüp, hozanaklap barýan oglanjyk garamyk gözleri bilen daş-töweregine garanjaklap gülälek gözleýärdi. Emma golaý-goltumda gülälek görünmedi, barlary hem gaty uzakda.

Birden oglanjygyň gözleri şadyýan uçganaklap gitdi, edil sokmagyň ýakasynda bir jüp gülälek köz ýaly gyzaryp durdy. Gülälekleri emaý bilen ýolan wagty, olaryň birinden ary wyzzyldap, howa göterildi. Diňe şonda oglanjyk çar ýanynda uçuşyp ýören arylara, maýsalaryň arasynda ýörmeleşip ýören mör-möjeklere, sokmagyň ugry bilen gybyrdyklaşýan garynjalara gözi düşdi, begenjinden ýürejigi böküp başlady…

Ol göm-gök maýsalaryň üstünde ýüzin düşüp, gyrmyldaşyp ýören mör-möjekleri, esasanam, garynjalary uzak wagtlap synlamagy halaýardy. Diwaryň düýplerini dörjeläp, yzgar ýerde ýatan kyrkaýagy tapyp, çöpe ilişdirerdi-de, garynjalaryň arasyna oklardy. Garynjalar o ýan-bu ýan bulanýan kyrkaýagyň töwereginde birsalym äm-säm bolşup durardylar. Soňra birden onuň üstüne topulardylar, bu söweşde hemişe garynjalar rüstem gelerdi.

Kyrkaýagy oglanjygyň ini söýmezdi. Bir ýyl sürüji agasynyň gulagyna kyrkaýak girip, azar ýamanyny beripdi. Şondan soň oglanjyk kyrkaýak görse, tutup garynjalary küşgürerdi. Özi depelerinde durup, edil atasynyň toýda göreşe çykan pälwanlara dalda berişi ýaly: «Hä, haý, berekella!» diýip gygyrardy. Agşamyna bolsa: «Aga, men bu gün ýene bir kyrkaýak öldürdim. Indi ulagyňa mündürersiň-ä?» — diýip, habar bererdi. Agasy hem, gury wada bererdi-de, yzy bolmazdy. Oglanjyk bolsa muny atasyna ýamanlardy. Atasy: «Häk, onumy, bir elime düşsün hany, gulagyny towlaryn onuň» — diýip, ýalandan haýbat atardy. Soňra yzyna tirkäp, derýanyň boýundaky peline äkiderdi. Ol ýerde atasynyň balarylary bar. Atasy kellesine torly başgabyny geýip, gutularyň arasynda uzakly gün hysyrdanar ýörerdi. Oglanjyk bolsa, wyzzyldaşyp, uçuşyp ýören arylaryň özüne degmeýänine: «Arylaryň dilini bilýänd-ä, şonuň üçin maňa degmeýärler» diýip, begenjinden monça bolardy. Oňa arylaryň dilini hem atasy öwredipdi. Bir gün ol atasyndan: «Ata, arylar näme diýip wyzzyldaşýarlar? — diýip soranynda, atasy: «Işlemeli, işlemeli diýýärler» — diýip jogap beripdi.

Edil häzir maýsalaryň arasynda gaýyşyp ýören arylary synlap durşuna, kakasynyň ýanynda ary dilini bilýänligi bilen öwnesi geldi.

— Kaka, arynyň näme diýip wyzzyldaýanyny bilýäňmi?

Eli agyr ýükli, egnindäki gara gönden tikilen gursakçasy güne gyzyp, yssylap, halys bolup barýan Haýdaraly yzyna öwrülende, taýpy ýaly ýylmanan ak ýüzünde närazylyk alamatlary peýda boldy.

— Uf-f, üst-başyňy bir hapalamasana — diýip, oglunyň al-petinden aldy.

Oglanjyk öýkeledi. Egnindäki epinem bozulmadyk geýimlerine ýüzjagazyny bürüşdirip, torsarylyp seretdi. Beýle bezemen geýimlere öwrenişmänligi sebäpli, özüni oňaýsyz duýýardy. Birdenkä onuň elindäki güllere gözi düşen Haýdaraly:

— Gülälegi näme etjek? — diýip sorady.

— Ejeme alyp barýan.

— Taşla! Baransoň özüm saňa bazardan bir desse gül alyp bererin.

— Näme-e, gülem satylýarmy nä? — diýip, oglanjyk geň galdy.

— Satylýar.

Oglanjyk haýran galdy. Ol edil enesiniň gyrda işleýän magdançy daýylara towuk satyşy ýaly, gülleriň hem satylýanyny göz öňüne-de getirip bilmedi. Ynanmady.

Çowdarynyň ýapragynda ýörmeläp barýan kekenä gözi düşüp, ýene dünýäni unutdy. Ony emaý bilen tutup, barmagynyň ujuna mündürip:

— Uç, uç hany! Okaraňy getir süýt bereýin! Uç, uç, okaraňy getir süýt bereýin! — diýip, şadyýan gygyrdy.

Kekene onuň barmagynyň ujunda birsalym duransoň, gara hally gyzgylt ganatlaryny galgadyp, uçup gitdi. Oglanjyk onuň yzyndan keýpikök garap galdy, şatlygy içine sygman bökjekledi. Birdenkä esli daşlaşan kakasynyň gaşlaryny çytyp durşuna gözi düşdi. Dodagyny dişläp, kakasyna golaýlaşdy.

— Men saňa güýmenmän ýöre diýmedimmi?

Ol nakysja köwşüniň burnuna müýnli seredip, onuň bilen ýeri dörjelän boldy.

— Beýle gepýokmaz bolup gidäýipsiň-le sen!

Olar ýene ýoluny dowam etdiler. Oglanjyk birsalym dek ýöredi. Emma töwerek-daşyň bir tüýsli owsuny bar ýalydy: çala öwüsgine tolkun atýan maýsalar, iki ýana gaýmalaşýan arylar, sokmagy kesip geçýän garynjalaryň hatary, çüýşe ýaly dury asmanda magallaklap duran torgaý, hol uzakdaky ýapgyt depeleriň böwründäki elwan gülälekler ony ýene maýyl etdi. Bularyň hemmesi onuň üçin örän gyzyklydy.

— Kaka, torgaý asmanda nädip şeýtdirip saklanýarka, hä? — diýip, öýkesi ýadyndan çykan oglanjyk ellerini guşuň ganaty ýaly galgatdy.

Haýdaraly asmana seredip, kibtini gysdy. Ol torgaýyň näme sebäpden beýdip durýany hakynda heniz pikir edip görmändi.

Oglanjyk ikinji sowalyny berdi:

— Näme üçin serçe torgaý ýaly durup bilmeýär?

— Bilmedim.

— Daşkentde-de serçe barmy?

— Bar.

— Gumry bilen torgaý nä?

— Bar — diýip, jogap berse-de, öz ýanyndan ikirjiňlendi. Sebäbi şäherde şunça ýyl bäri ýaşasa-da, ýaňky iki guşuň bar-ýoklugyny anyk bilmeýärdi. Ýogsa-da, bir gezek açyk penjiräniň tekjesine gonan gumryny gören ýalydy, emma torgaýy welin görmändi. «Eý, toba, köp gatly jaýda ýaşasaň şeýle bolýandyr-da» diýip, öz ýanyndan geň galdy.

— Guşlary sapanda atýarlarmy, kaka?

— Be, ne beýle ýüregedüşgünç ýaňra bolupsyň! — diýip, Haýdaralynyň gahary geldi.

Oglanjygyň ýene ýüreginde düwün galdy, etenejik ýaly bir gysym boldy. Ol şu halda sesini çykarman ýöredi. Emma salym geçmänkä, gözleri kebelekde eglendi. Çomujyň baldagyna gonan kebelek kiçijik akja ganatlaryny ýelpewaç ýaly galgadýardy. Oglanjyk daraklygyna basyp, oňa golaýlady. Kebelek tebil tapyp, çowdarynyň ýapragyna gondy. Oglanjygyň beter göhi gelip, ot-çöpleri aralap, onuň söbügine düşdi. Kebelek ýene ürküp, kä pessaýlap, kä belentläp uçup, on-on bäş ädim aňyrraga baryp gondy. Oglanjyk has golaý barypdam welin, kakasynyň:

— Nusrat! — diýen haýbatly sesi eşidildi.

Oglanjyk tisginip gitdi, bir göwni kakasynyň ýanyna ylgap bararmanam boldy, emma edil ýanjagazynda ganat kakyp, owsun atyp duran kebelegi goýup gitmäge gözi gyýmady. Kellesindäki ýaşyl başgabyny çykaryp… tarp! Kebelek ele düşdi.

— Nusrat!

Oglanjyk kebelegiň janhowluna pytyrdaýan ganatlaryndan tutup, eýlesine-beýlesine aýlap, ony mazaly synlady. «Waý, munuň owadandygyny!» — diýip, pikir etdi, soňra birden dowla düşüp: «Gorkma, häzir goýbererin!» diýip pyşyrdady.

Ol kebelegi emaý bilen tutup, kakasyna tarap ýüwürdi:

— Kaka, kaka, seretsene, ýaman owadan eken!

Haýdaraly oglunyň otuň reňki urup gögeren balagyna, çal köýnegine seretdi. Soňra onuň elindäki kebelege gözi düşdi. Sabyr käsesi dolup, dişleriniň arasyndan syzdyryp käýedi:

— Ne bela, ýylyň doňuzmy, tentek?

Ol oglanjygyň elindäki kebelegi garbap aldy-da, penjeleriniň arasynda mynjyradyp, ýere taşlady. Ony-da az gören ýaly, aýagy bilen basgylap, topraga gardy.

Oglanjygyň ýüzi ak tam bolup, gözleri hanasyndan çykaýarly göründi. Gorkunjyna iki ädim yza tesenini özi hem duýmady. Bedeninde kyrkaýak ýörmeläp giden ýaly tisgindi, owasy ýaşdan dolup, gyrmyzy dodajyklary titräp, bir zatlar diýmäge hyýallandy, emma hyrra yzyna öwrüldi-de, hol uzakda, ýaşyl baglyga bürenip oturan oba tarap ýel ýaly atylyp gitdi.

— Nusrat! Nusrat!

Haýdaraly onuň yzyndan ýüwürdi, emma birinji ädimden oglanjygyň gaçyran güläleklerini basgylap geçdi.

— Nusrat! Dolan yzyňa, Nusrat!

Oglanjyk barha uzaklaşyp barýardy. Ol şu mahal ýaşyl maýsalaryň içinde perwaz uran kebelege çalym edýärdi…

Özbek dilinden terjime eden Gurban Gurbanow
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle