Kawerine
Kawerine
Erbet goşgyñ az salymlyk täsirin
Çykargyn ýadyñdan, eziz Kawerin.
Şowly geçýän etmişleriñ her birin
Söýerin ilden öñ, eziz Kawerin.
Her zat gezegine gidip durýandyr,
Her zadyñ wagty bar, sanalgydyr dem;
Gülkünç bolar ýeñil kelle goja hem,
Ýöne salykatly juwan hem kändir.
Sür döwrany, döwran gelen gününde,
Şeýle bolup galgyn meniñ ýadymda,
Baş eg, Wahka bilen söýgiñ öñünde,
Nalyş bolsun iñ ýigrenýän zadyñ-da.
A. S. Puşkin
Terjime eden: Çary Aşyr Goşgular