Käte ýaşlygyma sähra giderdim
Käte ýaşlygyma sähra giderdim

Käte ýaşlygyma sähra giderdim,
Özümiň ýönekeý “planym” bilen.
Salkyn ýellerine döşümi gerdim,
Oňmadym güneşde ýylanym bilen.
Arzuwçyldym, arzuwlarym balykdy,
Arman teşne çölde gurap galypdy,
Elbetde, baryna däldim ýazykly,
Salgym köl däl, dynman ylganyň bilen.
Atam diýdi “Hoştap bolarlar oglum,
Eliň açyk bolsun, seriňde gowluk,
Büdüräni görseň, ýoluňdan sowlup,
Äkit menzillere özýanyň bilen”.
Enem diýdi “Hakyňa jür borlar köşek,
Ýagşy niýet rowaç alar, ýol aşar,
Biabraý bolan ýok umytly ýaşap,
Bir gün duza müň gün salamy bilen”.
Melul boldum, özüm hasaplap asy.
Delil boldum, goldap ýagşy yhlasy,
Zelil göwnüm alyslaryň telwasy
Arzuwa ýugrulan gün-aýym bilen.
Gurbandurdy ORAZOW. Goşgular