Käte şeýle-de bolaýýar / gülküli hekaýa
Käte şeýle-de bolaýýar / gülküli hekaýa
Arada işden soň teke bazaryndan ugran 16-lyk awtobusa mündüm. Adam köpdi. Awtobus esli aralygy geçip, ˝Parahat˝ mikroraýonyna golaýlap barýardy. Birdenkä öňki hatarda jaýlaşykly oturan garry ene:
— Oglum, biz tekä ýetemzokmy? – diýdi.
Muňa hemmelerem aňkarylyp seretdi. Dogrusy menem geň galdym.
— Siz ýalňyş münüpsiňiz garry ene, zyýany ýok, häzir duralgada düşäge-de, ýoluň aňry ýüzüne geçip garşyňdan gelýän 16-lyga münüň, tekä bararsyňyz diýdim.
— Wah, men garrydan aýyp etmäň, meň huşum gursun, 16-lyk barýar diýseler onuň haýsy ugra gidýänini soramandyrynam – diýdi-de, garry ene huşundan zeýrenip awtobusdan düşüp galdy.
Men ertesi ýene-de işden soň şol awtobusda hälki garry enä gabat geldim.
— Neneň düýn ýalňyşman tekäni tapdyňyz dälmi? – diýip soradym.
Ol uludan bir dem aldy-da:
— Tapma nämişlesin? Asyl adamlaryň arasynda tekäniň nirdeligini bilýänem ýok. Düýnden bäri ol awtobusdan beýleki awtobusa münüp, halys boldum, oglum. Ahyry nätdim diýsene, öýe — Tejene tilpun etdim. Gowja edibem tekäniň salgysyny aldym. Häzirem şoňa barşym…
Bu wakadan soň esli gün geçipdi. Onda-da şol garry enäniň ýüz keşbi uzak wagtlap göz öňümden gitmedi. Bir günem duldegşir goňşym toý etdi. Hakyt şol gürrüňini edýän garry enem-de toýuň arzyly myhmanlarynyň biri bolup törde otyr.. Wah, men näbileýin,˝Teke Myradyň myhmany˝ diýse, men ony ilki duşanda elin getirip gowşurjak ahyryn. Arman beýle diýmedi-de, ol häzirem ˝Bolsa-da Tekäni tapdym˝ diýip dur.
Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy. Satiriki hekaýalar