Käte özüm bilen özüm gepleşip…
Käte özüm bilen özüm gepleşip…
▶ Goşgy älemindäki iñ ilkinji synanyşyklarymyñ hemaýatkäri «Sowet Türkmenistany»gazetiniñ şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe
Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…İñ uly halypam Pyragy weli,
İlkinji ädimmi penalamakda
İlkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy,başga kişidi.
Ol Pyragy däldi.Ýöne meñ üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.
Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…İñ uly halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi.Ejiz setirlem
Şonuñ emri bilen alga geçipdi.
Ýok ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.
Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Ullakan halypam atamdy weli,
İkinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyñ ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok,ol atam däldi,
Ýöne meñ üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi. Goşgular