|

Käte oglum…

Käte oglum… KÄTE OGLUM…

Käte oglum hiç bir kynçylyk çekmän
Sorag berýär jogap tapmasy çetin.
Ony dokundyryp biljek jogaby
Tapjak bolup ejir çekýän görnetin.

— Eje, şu wagt möjek gelse, näme etjek?
— Bu ýerlerde möjek ýok ahyr, balam.
— Bilýän, ýöne birden gelse diýýän-dä.
— Gelse, ýagdyraryn bir bedre baran.

— Eje, şu wagt aýy gelse näme etjek,
Kinodaky ýaly ullakan aýy?
— Şäherde oň ýaly aýy ýok, oglum,
Geläýse-de ýarylmazmy maňlaýy.

— Özümem gorkamok Döw agadan-a,
Salam bersem, maňa hiç zat etmezem.
Ýöne aždarhany näme ederkäň,
Ol güýçli, oňa seň güýjüň ýetmezem.

— O zat diňe ertekide bar, oglum,
Ol gelmez, ot saçmaz, iýjegem bolmaz.
Ýöne aýdyşyň dek, «geläýse» weli
Gaharly gözlermi görüp eýmener.
Ol-a iýmek eken,
Gaty-gaýrym bir zat diýjegem bolman
Uçar gider ganatlarny kakar-da,
Bir seretseň, nokat görner ýokarda.

— A Böwenjik gelse, näme etjek, eje?
Sen nädip saklajak iýdirmän meni?
— Böwenjik ýok oglum, garryja mama
Oň garnyny ýaryp goýbermändimi?!

Geläýse-de, nusga alyp mamadan
Haly-palas, ýassyk oklar-da sekä:
«Ýadansyň, azajyk dynjyň al» diýip,
Güýmärin-de, jaň ederin nol ikä.

— Eje, birden robot gelse näme etjek,
Ol güýçli, sen ony nädip eýgerjek?
— Ol aňsad-a, oglum, bokurdakdaky
Dakyk simjagazyn ýolup goýberjek…

Soraglaň yzy kän, oňa parhy ýok
Seniň işli, işsiz, argyn bolýanyň.
Her gezegem tapan çykalgam bilen
Örän kynlyk bilen halas bolýaryn.

Kiçijegem bolsa bilmek isleýär
Özüne söýgimiň derejesini.
Köpbilmişlik eden bolup özüçe
Şeýdip barlap görýär, gör, ejesini.

Eýsem, ol şundan soň çäkli däldigni,
Ejesiniň söýgüsiniň kändigni
Bilermikä?!

Güljan DURDYÝEWA.

2021 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle