Kaştanlar (Erteki)

Sabine D’HALLUIN,
fransuz ýazyjysy
Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagtlar Zoýa atly bir gyzjagaz bar eken. Bir gün ejesi ony tokaýa kaştan gözlemäge iberýär hemem oňa sebet we günortanlyk naharyny berýär. Kaştanyň daşy tikenli bolansoň, ejesi eline çümmez ýaly oňa ellik hem berýär.
Ýol bilen barýarka, Zoýa belkanyň çagasyny görýär.
— Men aç! Men aç! Men aç!.. — diýip, çagajyk aglaýardy.
Zoýa:
— Aglama, saňa öz günortanlyk naharymy bererin — diýip aýdýar we çagany naharlap, ýoluny dowam edýär.
Birsalymdan ol ýolda arkan ýatan garry kirpini görýär.
— Kömek ediň! Kömek ediň!.. Men beýläme öwrülip bilemok! Kömek ediň! — diýip, ol gygyrýardy.
Zoýa:
— Bolýar, saňa kömek ederin. Waý, sen öz tikenleriň bilen elimi agyrdýaň. Men elligimi geýeýin — diýýär.
Ol elligini geýip, garryja kirpini beýleligine öwürýär-de, Zoýa ýene ýoluny dowam edýär. Ol köp ýöredi, emma kaştanyň birinem tapyp bilmedi, şonuň üçinem daşyň üstüne oturyp, aglap başlady:
— Hiç zat tapyp bilmedim, hiç zat…
Birden ýokardan şakyrdy eşidildi. Agaçda ene belka, atasy we çagasy bardy.
— Sen biziň çagamyzy naharladyň, şonuň üçin bizem saňa kömek etjek. Biziň yzymyz bilen gitseň, kaştany nireden tapyp bolýandygyny görkezeris.
Belkalar şahadan şaha böküp, Zoýany ägirt uly agajyň ýanyna äkeldiler. Agaçda kaştandan doly uly köwek bardy.
— Bu biziň gizlin ýerimiz, bärde gyş iýmitimizi saklaýarys, mundan geregiňi alyp bilersiň — diýip, ata belka aýtdy.
— Wah, meniň ellijegim! Men elligimi ýitirdim! — diýip, Zoýa aýdypdyr. — Indi näme ederin? Men elliksiz kaştany nädip elime alyp bilerin?!
Birden garry kirpi peýda bolup:
— Zoýa, sen maňa kömekleşdiň, indi menem saňa kömek etjek. Seret! — diýip, garryja kirpi kaştanyň üstünden aýlanyp, olary öz tikenlerine sanjypdyr. — Men şeýdip öz iýmitimi daşaýaryn.
— Berekella! Kaştan götermäni senden öwrenmeli, berekella! — diýip, Zoýa ellerini çarpyp, garry kirpiň daşynda tans edip ugrapdyr.
Belkalar hem Zoýa bilen tans edýärdiler. Soňra belkalar Zoýanyň sebediniň içine münüp:
— Bizi öýüňe äkit. Olary açmaga kömek ederis — diýdiler.
Daşyndan seredeniňde bu örän owadan görnüşdi: sebediň içinde üç sany belka otyrdy, gyzjagaz bilen kirpi bolsa gürleşip barýardylar.
