Kaspi deñzi
Kaspi deñzi
Tolkun sürüsinden — göm-gök sürüden
dolupdyr bu mahal Kaspiniñ ýüzi.
Çölleriñ üstünden gelen ýel bilen
gürleşýär bu mahal giñ Kaspi deñzi.
Kaspi köl, suwy hem öli diýdiler,
beýle däl ekeni, gepleýär deñiz.
Süri-süri tolkun gaýnaýar dynman.
Kaspi köl däl, Kaspi deñizdir kemsiz.
Deñizde dostlar bar, duşmanlar hem bar:
Gomlar deps-dagdyr, taýmyl hem keýik;
gomlar nobur-ýapdyr, taýmyl hem bedre
ýa gomlary hasaplaýyñ at diýip.
Bir atyñ gerşinden ýykylýar taýmyl,
derrew çykýar başga atyñ üstüne.
Bir balykçy türkmen aýbogdaşyny
gurup, otyr amal edip kesbine.
Türkmeniñ başynda gap-gara telpek.
Ýok, telpek däl, bir toklynyñ garnyny
ýarypdyr-da, geýäýipdir başyna,
sürýär taýmylyny jemläp gurbuny.
Türkmen tolkunlara bolaýmaz boýun.
Türkmen sarsman otyr, hamana, hudaý.
Otyr daşdan ýasalan bir şekil dek,
gaharly gomlara bakýar biperwaý.
Taýmylyñ böwrüne tolkunlar degýär,
Taýmyl gaýyp çykýar atyñ üstüne,
kiçelip ýok bolýar ol münen aty,
taýmyl başga ata münýär dessine.
«Habardar bol suwda tüweleý turýar,
Mekir tolkunlardan bol sen habardar!..»
Gelse gelibersin tolkun sürüsi,
bu dünýäde bir başa bir ölüm bar.
Deñizde ölýänler deñizde doglan,
gomlar bolsa bolubersin betpygyl.
Taýmyl gomdan düşýär, goma-da çykýar,
suwda bir peselýär, bir galýar taýmyl.
1928 ý.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.
# Nazym Hikmet / «Goşgular», 1989 ý.
* * *
Gözýetimden-gözýetime göterlip,
Dälireýşi ýaly garry göherdiñ
Hazar dälireýär,
Hazar gaýlaýar.
Tolkunlar pagşyldap,
kenara serlip,
Dilin birikdirip harasat bile
Hazar gaýnaýar.
Gaýnaýar ol gazany deý dowzahyñ.
Wah, al kakan, kim aýtdyka, asyl-ha
«Suwy öli, özi köl» diýip, Hazara.
Ýa-ha möwjäp Kaspiñ şähdi açylýa,
Ýa-da Kaspi atlanypdyr gazaba.
Dostam onuñ göwsün dilip ýüzüp ýör,
Duşmanam ýüzüp ýör onuñ göwsünde.
Tolkun ~ dag,
arasy jülgeli-saýly.
Tolkun ~ gaýa,
han-ha onda taýmyl bar.
Tolkunlar tolkuna
kiçijik gaýgy
Guduz açyp ondan-oña gaýdyrýar.
Atdan-ata towsup münülşi ýaly,
Gerişden-gerişe,
towusýar kertden.
Aýbogdaşyn gurup gaýgyñ içinde
Otyr gypynç etmän
balykçy türkmen.
Başynda buýraly gara silkmesi,
Silkme däl,
ol goýnuñ garnyny ýaryp
Geýäýipdir kellä,
Däli tolkunlar
Onuñ depesinden yñdarlyp gelýä,
Tolkundan-tolkuna towusýar taýmyl
Dergazap bolupdyr deñiz şalygy.
Aýbogdaşyn gurup içinde gaýgyñ
Deñziñ gaý-tupanyn piñine alman
Otyr
türkmen hudaýy deý balykçy.
Tolkun näme,
apy-tupan,
gaý näme,
Däli deñiz kyýamata tutýamy ~
Syndyrmaz ruhuny!
Otyr taýmylda,
Otyr türkmen edil daşdan but ýaly,
Daşdan hudaý ýaly,
gaýgyñ ruluny
Sypdyrmaz ol.
Ol özüne ynanýar.
Bolmajysyn bolup urunýan deñziñ
Zarbasyna kenarda zemin yranýar.
Kertden-kerte,
gerşden-gerşe atylýar.
Göge zyñlyp,
Suwda towusýar gaýyk.
«Habardar bol, aparmasyn gaý seni,
Habardar bol, gazabyndan Hazaryñ
Taýmylyñy agdarmasyn harasat!»
Ol çapdyryp barýar taýmyl-atyny
«Tupan turanda nä?»
ýalñyz kanun bar!
Däli deñziñ gujagynda dogulan,
Deñizde tabşyrar amanadyny!
Tolkundan-tolkuna towusýar taýmyl,
Tolkunlar bat alyp urulýar gaýga,
Kiçijik gaýyjak kä ýitip gidýär,
Kä pese gidýär ol,
Kä çykýar beýge…
Nazym HIKMET.
# «Watan» gazeti, 1996 ý. Goşgular