|

«Kasasyl-enbiýadan»

"Kasasyl-enbiýadan" «KASASYL-ENBIÝADAN»

"Kasasyl-enbiýadan"

Depderler içinde bir kitap gördüm,
“Kasasyl-enbiýa” atly, ýaranlar.
Hezreti Yusuby beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.
Magtymguly Pyragy

Är Ýusupnyň husnundan
Müsür haýran içinde;
Züleýhanyň gahryndan
Ýatyr zyndan içinde;
Atasynyň hijrinden
Bagry birýan içinde;
Ýyglaýar kalby her dem
Derdi-Kengan içinde.

Dostlar, yşk neşteriniň
Ýarasy bar, tygy ýok,
Yşk kimin, hyjuw kimin
Dert kylguwjy ýagy ýok;
Züleýhanyň jebriniň
Aram berýän çagy ýok,
Ýogsam onuň äriniň
Sabrynyň hiç çägi ýok.

Kapasdaky bars kimin
Hatyn urýar pelesaň:
«Ýusup, meniň adymy
Äleme etdiň peçan.
Etmişiňe müdimi
Ökünersiň, kelesaň!
Kim saýdyň Züleýhany,
Eý, sen, gelmişek kengan?

Züleýhany tana sen:
Ol – Müsüriň gyzydyr!
Züleýhanyň adamsy
Müsüriň azyzydyr;
Onuň maňa yhlasy
Boýnumdaky karzydyr.
Unutmazlyk paýhasy –
Çyn zenanlyk parzydyr!

Men gaýtam senden geçip,
Jaýyň zyndan ederin;
Ojagym, ärim üçin
Yşgym gurban ederin;
Eziz Müsürim üçin
Men seni unudaryn;
Namysym-arym üçin
Çydaryn, jan ederin…»

Emma gijäň tümünde
Gapysyndan zyndanyň
Soňky sapar görmäge
Gelende benduwanyn,
Halyna ser salanda
Ýusup sahypkyranyň,
Boýnunda demir künde,
Uklagan natuwanyň,

Ýene mähir gark edip
Zenanyň paýhasyny,
Derhal birýanа serpip
Ýüzüniň hyjabyny,
Gaharyny terk edip,
Unudyp ahlagyny,
Öpýär bagryna dartyp,
Kalbynyň
mah-BU-BU-ny… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle