Karzdan ýüz öwürmän, nädip baýamaly (1-bolek)
Robert Kiýosaki.
GIRIŞ
«Kimiň millioner bolasy gelýär?» diýen teleoýny köpiňiz gören bolsaňyz gerek. Ol Birleşen Ştatlarda göz açyp-ýumasy salymda meşhurlyga eýe bolup, bahym bu oýna dünýäniň ähli ýerinden adamlar gelip ugrady. Oýna gatnaşyjy lenç edilen soraglara jogap berýärdi hemem tä million dollara ýetinçä jogaplarynyň puly köpelýärdi.
«Kimiň millioner bolasy gelýär?» diýen sorag adamlary özüne çekip, bu oýun tutuş ýer togalagyna ýaýrady. Bu oýnuň özüne çekijiligini hemem adamlaryň pula bolan söýgüsini göz öňünde tutsak, onda soragy başgaça goýsak dogry bolar: «Kimiň millioner bolasy gelenok?».
Hawa, teleoýnunda million dollar utmak mümkin, ony lotereýde utmagam mümkin. Haýsydyr bir işe pul goýmak bilenem millioner bolmak mümkin. Soňra bolsa işden çyk-da, ömrüň ahyryna çenli arkaýyn ýaşaber. Adalatyň haky üçin bir zady belläp geçeliň, häzir baý bolmak mümkinçiligi adamzadyň taryhyna garanda çakdanaşa uly.
Dünýä ýaýran «Näçe bahym baýasaň, şonça-da gowy» diýen pikiri, ähtimal, şunuň üsti bilen düşündirmek bolar.
«Baý kakam, garyp kakam» diýen kitabym barada teleýaýlymlaryň birinde çykyş edenim ýadyma düşýär, şonda alypbaryjy maňa şeýle sorag berdi:
— Näme üçin hakykaty aýdaňzok? Eýsem, siz bu kitaby beýleki adamlar ýaly pula kowalaşyp, bahymrak baýamak üçin ýazmadyňyzmy?
Soragyň beýle goýulmagy meniň üçin şeýlebir duýdansyz boldy welin, şobada näme diýjegimi bilmedim. Ahyry jogap berdim:
— Dogrymy aýtsam, munuň ýaly zat hiç wagt kelläme-de gelenok. Ýöne beýle maksat bilen kitap ýazar öýdüp näme üçin pikir edýändigiňize düşünýärin. Men iň amatly pursatlarda kitap ýazanlygym üçin özümi akylly hasaplap bilerin, ýöne gynansagam bu beýle däl. Bu kitaby ýazmagymyň asyl sebäbi — baý we garyp kakamyň pul bilen nähili çemeleşmelidigi baradaky öwreden zatlaryny aýdasym geldi — diýip, birsalym dymdym-da, sözümiň üstüni ýetirdim: — Hakykatda, meniň kitabymda ýazylan zatlar teleoýunlardaky hemem lotereýlerdäki pikirlere gös-göni garşy gelýär. Häzirki döwürde bahym baýamak pikiri köpçülikleýin kesele öwrülipdir. Meniň kitabym, dogrudanam, maliýe azatlygyna nädip ýetmelidigi barada barýar, ýöne bahym baýamak barada däl.
Alypbaryjy başyny ýaýkady-da, ynamsyzlyk bilen ýylgyrdy:
— Ýöne eger siz bahym baýamaklyga garşy bolýan bolsaňyz, onda nähili teklibiňiz bar? Assa-assa baýamalymy?
Men onuň teýeneli gürleýändigini aňdym. Onuň aýdýan zatlary meni gaty ynjytdy. Ýöne men köp millionly diňleýjileriň öňünde oturanymy aňdym-da, özümi ele almalydygyma düşündim. Şonuň üçinem çalaja gülen boldum-da, şeýle diýdim:
— Ýok, meniň kitabym nädip bahym baýamalydygy ýa-da assa-assa baýamalydygy barada däl.
Şondan soň ýylgyrdym-da, indiki soraga garaşdym. Dymyşlyk gaty agyr boldy, ýöne men özümi ýitirmedim, rahatlygymy saklap, onuň indiki göçümine garaşdym.
Ol gyz hem ýylgyrdy-da, täzeden sorag berdi:
— Şeýle-de bolsa, siziň kitabyňyz näme barada?
— Baýamak üçin berilýän tölegiň bahasy barada — diýip, men gülümsiräp jogap berdim.
— Bahasy barada? — diýip, ol sorag berdi. — Siz «baha» diýen sözüň aňyrsynda nämäni göz öňünde tutýaňyz?
Alypbaryjy bu soragy beren mahaly, režissýor gepleşigi jemlemegi yşarat etdi. Şonuň üçinem ol soraga gysgaça jogap bermegimi aýtdy, men gepleşigi şu sözler bilen tamamladym:
— Adamlaryň hemmesi diýen ýaly baýamak isleýär. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, onuň bahasyny diňe käbir adamlar tölemek isleýär.
Şunuň bilen telegepleşik tamamlandy. Alypbaryjy maňa minnetdarlyk bildirdi, operatorlar bolsa bildirişe ýüzlendi. Şeýdibem men baý bolmak üçin nähili bahanyň tölenýändigini düşündirip ýetişmedim. Siz bu soragyň jogabyny şu kitapdan tapyp bilersiňiz.
BAHANY KIM TÖLEÝÄR?
Bir gezekki geçirilen derňewde 20 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky
adamlar öwrenildi. Netijede, adamlar 65 ýaşyna ýetende:
1% — örän baýdygy
4% — örän gurpluygy
5% — entegem mejbury ýagdaýda işlemelidigi;
54% — garyndaşlarynyň ýa-da hökümetiň hossarlyk etmeginde ýaşaýandygy;
36% — ýogalandygy anyklanyldy.
Bulardan başga-da, şol 1 göterime girýän örän baý adamlaryň 35 göteriminiň hemem 4 göterime girýän örän gurply adamlaryň köpüsiniň öz baýlygyny miras alandygy mälim boldy.
ULLAKAN ÖÝÜŇIZIŇ BARLYGY
BAÝDYGYŇYZY AŇLADÝARMY?
Entek çagakam baý kakam — ol dostum Maýkyň kakasydy — meni baý etraplaryň birinde ýerleşýän synpdaşymyň öýüniň duşundan ulagly alyp geçdi. Men şonda: «Synpdaşymyň kakasy baýmy?» diýip soradym. Baý kakam gülümsiredi-de, şeýle diýdi: «Köp hak tölenýän iş, ullakan öý, owadan ulag hemem gowy ýerlerde dynç almak adamyň baýdygyny aňladanok. Hakykatda, bu gös-göni tersinedir. Kaşaň durmuş adamyň akyllydygyny ýa-da örän sowatlydygyny görkezenok. Bu onuň tersinedigini tassyklaýar».
Baý kakamyň näme diýjek bolýanyna gümansyz düşünen bolsaňyz gerek. Men ýene bir gezek nygtasym gelýär, million dollar utmak mümkinçiligi örän ujypsyz bolsa-da, adamlaryň aglabasynyň ynam bilen lotereý oýnamaklarynyň esasy sebäpleriniň biri — ullakan öý, gymmat bahaly ulaglar hemem pula satyn alyp bolýan beýleki oýunjaklary edinmek isleýärler. Ullakan öýüň baýdygyňy aňlatmaýşy ýaly, örän baý adamlaryň köpüsi öz baýlygyny teleoýunlara seredip ýa-da şowly sanlara pul goýup gazananok. Bu olaryň tölän bahasy däl.
BAÝ BOLMAK ÜÇIN NÄHILI
BAHA TÖLEMELI?
Baý bolmak üçin her dürli ýollar bar. Lotereýde pul utmak ýa-da teleoýunlarda ýeňiji bolmak — bularyň diňe iki sany mysaly. Puluňy tygşytly saklap, garakçy bolup ýa-da baý gyza öýlenip ullakan baýlyk edinip bolýar. Häzir bularyň içinde iň meşhury — baý ýanýoldaş edinmek.
Öňünden duýdurýaryn, islendik usul bilen baýlyk edinseňizem, munuň üçin kesgitli baha tölemeli bolarsyňyz, bu bolsa hemişe pul bilen ölçelenok.
Teleoýunlary hemem lotereýleri saýlap alýan adamlaryň bahasy şulardan ybarat: olaryň aglaba köpüsi hiç wagt baý bolanok, sebäbi ony tölärden bu juda ullakan baha. Maliýe azatlygyna ýetmegiň başgaça usullaram bar, ýöne adamlaryň agramly bölegi onuň bahasyny tölemäge taýyn däl. Ine, şonuň üçinem barlagyň netijesine görä, dünýäniň iň baý ýurdundaky adamlaryň diňe bir göterimi baýaýar. Adamlaryň baý, gurply bolasy gelýär, ýöne munuň üçin töläsleri gelenok.
Ýöne geliň, öňi bilen, «tölenmeli bahanyň» nämedigini anyklalyň. Eger-de men: «Dünýä belli pälwanyň bedeni ýaly göwre edinmek isleýän» diýsem, adamlaryň köpüsi: «Aýagyňa krosowkaňy geý-de, günde 10 kilometr ylga, sportzalda 3 sagatlap türgenleş hemem işlekli iýmäňi goý» diýip maslahat berer. Men «baha» diýip, ine şuny göz öňünde tutýaryn.
Soňra gyzyklanyp, ýene bir sorag bermegim mümkin: «Onuň ýaly göwre edinmek üçin başgaça usul ýokmy?» Millionlarça adamyň ajaýyp bedenli bolasy gelýär, ýöne onuň bahasyny tölemek isleýänler örän az. Şonuň üçinem adamlar söwda bildirişleriniň söz berýän ýalan zatlaryny satyn alýarlar: «Siz öz gowy görýän iýmitiňizden mahrum bolman, agramyňyzy kiçeldip bilersiňiz, ine, şu kiçijik jadyly dermanjyklardan atsaňyz bolýar», ýa-da «Siz fiziki maşklar bilen özüňizi horlaman, ýa-da berhiz saklaman örän owadan görnüp bilersiňiz». Bildiriş agentligi öz harytlaryny hödür edýär, ol isle pul barada bolsun, isle adamyň göwresi, isle-de bagt barada — tapawudy ýok — oňa tiz we zähmetsiz ýetjekdigiňize söz berýär. Emma bildirişde mahabatlandyrylýan harytlaryň aglabasy hiç hili netije berenok, sebäbi ony satyn alýan adamlar zähmet çekip özlerini horlaslary gelenok ýa-da hakyky bahany tölemek islänoklar.
Birnäçe ýyl mundan ozal gozgalmaýan emläklere pul goýmak baradaky okuwa ýazylanymy hemem oňa 385 dollar tölänligimi, köplenç, gürrüň berýärin. Häzirki ýaly ýadymda, telewizoryň öňünde oturyp, o ýaýlymdan o ýaýlyma geçirýärdim, birden şol okuwlaryň bildirişiniň üstünden bardym. Onda meniň ýaşaýan ýerimden birnäçe ädimlikde ýerleşýän «Waýkiki-Biç» myhmanhanasynda mugtuna geçiriljek gijeki seminar barada aýdylýardy. Men telefon arkaly ýer belledim-de, mugtuna geçirilýän seminara bardym. O ýerde bolsa dynç güni geçirilýän, bahasy 385 dollar bolan tölegli okuwa ýazyldym. Men ol wagtlar deňiz flotynda gulluk edýärdim hemem uçarmanlaryň birini özüm bilen tölegli okuwa gitmäge yrdym. Okuw onuň gaharyny getirdi, şonuň üçinem ol ony «Göz-görtele talaňçylyk hemem wagtyňy biderek geçirmeklik» diýip atlandyrdy-da, puluny yzyna bermeklerini talap etdi. Bölüme gaýdyp gelenimizden soň, ol maňa şeýle diýdi: «Men şeýledirem öýtdüm, olar diňe adamlary talaýar. Gaýdyp seň bilen hiç ýere gitmerin».
Ýöne okuw maňa düýbünden başgaça täsir etdi. Şondan soň men gerekli kitaplary okap, gerekli audio ýazgylary diňläp ugradym hemem wagtyň geçmegi bilen okuwda öwrenen zatlarym arkaly million dollar gazandym. Iň soňunda bir dostum maňa şeýle diýdi: «Dostuň muňa düşünmänliginiň sebäbi — örän akyllylygynda, şo sebäpli okuwdan peýda tapmandyr. Sen bolsa oňa ynanardan gaty samsyk, şonuň üçinem mugallymyň aýdanlary bilen bolupsyň».
Häzir men öz diňleýjilerime söwdany nähili ýola goýmalydygyny, nähili kärhanalara pul goýmalydygyny we şuňa meňzeş zatlary öwredýän okuwlara ýazylmalydygyny erjellik bilen maslahat berýärin hemem şol bir wagtda, köplenç, şunuň ýaly sesleri eşidýärin: «Eger okuwlar biderek samahylly bolsa näme? Olar ýöne meni ütmek isleýän bolsa näme? Birden hiç zat öwrenmesem näme?». Şular ýaly soraglara, adatça, şeýle jogap berýärin: «Beýle bolsa, siziň iň oňat edip biljek zadyňyz — hiç hili okuwa gatnamazlyk, sebäbi puly biderek ýele sowurjakdygyňyz anyk».
Tejribämden görşüm ýaly, adamlaryň köpüsi durmuşyny nähili ýola goýmalydygy baradaky soraglara jogap gözleýär. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, soraga jogap tapan wagtlary bu olara ýaranok, sebäbi özüme-de: «Işlekli iýme-de, günde üç sagatlap sportzalda türgenleş» diýseler ýaranok. Şol sebäpli adamlaryň aglabasynyň hiç wagt baýamaýanlygynyň sebäbi şundan ybarat, olara alýan jogaplary ýaranok. Ýöne, meniň garaýşymça, bärde iş diňe bir jogaplarda-da däl. Esasy mesele — adamlara teklip edilýän baha ýaranok.
Dostum Maýkyň kakasynyň aýdyşy ýaly, «Adamlaryň köpüsi baýamak isleýär, ýöne onuň bahasyny tölemek islänoklar».
Men bu kitapda hiç zatda tygşytlaman, talaňçylyk etmän ýa-da baý gyza öýlenmän baý bolmagy hemem munuň üçin näme tölemelidigi barada gürrüň berjek, ýöne munuň bahasyny tölemeli bolarsyňyz. Baý kakamyň hemişe gaýtalaýşy ýaly, «Munuň bahasy elmydama pul bilen ölçelenok». Şo sebäpli bärde siziň bilen diňe bir pikirlerimi paýlaşman, öz tölän baham barada-da gürrüň berjek. Eger size meniň jogaplarym ýa-da baý kakamyň jogaplary ýaramasa, onda baýlygy dürli usullar arkaly gazanyp bolýandygyny unutmaň. Heran-haçanam bolsa, haýsydyr bir täze lotereý ýa-da teleoýny tapylyp, o taýda-da size şunuň ýaly sorag bererler: «Kimiň millioner bolasy gelýär?».
BIRINJI BAP
GARYP ÝAŞAMAGYŇ BAHASY
Adamlaryň aglabasy baýamak isleýär,
ýöne munuň üçin tölemek islänoklar.
Baý kakam
Puluňy tygşytly saklamalydygy hemem gazanjyňdan pesräk ýaşamalydygy barada wagyz edýän kitaplar kän. Köp maliýe hünärmenleri karzdan ýüz döndermelidigi, puluňy aýap saklamalydygy, pensiýa üçin belli bir möçberde pul geçirmelidigi, ulanylan ulaglary satyn almalydygy, kiçiräk öýde ýaşamalydygy, harytlary iň arzan ýerinden almalydygy, öýde iýip-içmelidigi, uly çagalaryň geýimini kiçilerine-de geýdirmelidigi, arzan ýerlerde dynç almalydygy we şuňa meňzeş zatlar barada aýdýarlar we ýazýarlar.
Bu pikir köp adama ýaraýar, sebäbi tygşytlylyk ýerliklilik, akyllylyk hasaplanýar, ýöne adamlaryň aglabasyna bu zatlar ýaranok. Olar durmuşyň iň gowy zatlaryny edinesi gelýär. Olar gazanjynyň belli bir bölegini bankda saklanyndan, ullakan öý, täze ulag edinenlerini, göwün açanlaryny, gymmat bahaly ýerlerde dynç alanlaryny gowy görýärler.
Adamlaryň agramly bölegi hünärmenleriň tygşytlylyk barada aýdýan zatlary bilen ylalaşýar. Ýöne köp adamlar ýüreginiň jümmüşinde arap nebit şyhynyň, şweýsar bankçysynyň ýa-da Bill Geýtsdenem baý daýysynyň ak altyndan edilen karz kartynyň bolanyny isleýär.
Göwün açmak hemem owadan zatlara bolan isleg adamyny maliýe kynçylygyna eltýändigine düşünýäris. Şonuň üçinem maddy kynçylyk çekýän pähimsiz adamlar maliýe akyldarlarynyň aýdany bilen bolýar: «Karz kartyňyzdan ýüz öwrüň. Gazanjyňyzdan pes durmuşda ýaşaň. Ulanylan ulaglary satyn alyň».
Olardan aýratynlykda, baý kakam maňa hiç wagt: «Karz kartyňdan ýüz öwür, gazanjyňdan pes ýaşa» diýmändi. Ol özüniň ynanmaýan zadyny näme üçin maňa maslahat bersin? gürrüň tygşytlylyk barada baranda, ol şeýle diýerdi: «Eger pes günde ýaşasaň, baý bolup bilersiň. Ýöne mesele nämede diýsene, hatda baýan wagtyňam, durmuşyň üýtgemez. Elmydama gysgançlygyňa galyp, puluňy tygşytly saklajak bolarsyň. Bir çüýşe suwdan başlap, myhmanhana otagyna çenli — hemişe arzanyny gözlärsiň. Kimiň hor-homsy ýaşap, soňra bolsa baý bolup ölesi gelýär? Barybir, çagalaryň tutuş ömrüňe ýygnanyňy seni ýere dulan batlaryna gaýgyrman sowup ugrarlar. Şonuň üçinem men-ä munda hiç hili many göremok».
Tutuş ömrüne tygşytlap, pul ýygnan ene-atalar ýogalandan soň, olaryň çagalary, köplenç, özlerini edil ajyndan ölüp barýan syrtlanlar ýaly alyp barýandygyny baý kakam bilýär. Olar ene-atalarynyň mirasynyň lezzetini görmegiň ýerine, adatça, söweşe başlaýarlar hemem ülüşden paýyny alan batlaryna, şobada ýeliň ugruna sowurýarlar.
Baý kakam her bir owunjak zatda tygşytlamaly däldigini aýdyp, şeýle diýerdi: «Eger bir zatlar satyn almak isleýän bolsaň, bahasynyň näçedigini sora, soňra bolsa töle — diýip, sözüniň üstüni ýetirerdi. — Ýöne her bir zadyň öz bahasynyň bardygyny unutma. Baýamak üçin pes günde ýaşamagyň bahasy bolsa şundan ybarat: sen, barybir, pes günde ýaşarsyň».
BAÝAMAGYŇ USULLARY
Eger baý gyza öýlenseňiz, maliýe azatlygyna ýetip bilersiňiz. Meniň Nýu-Ýorkda ýaşaýan bir synpdaşym bar, ol köplenç, şeýle diýerdi: «Baý gyza öýlenmek edil garyp gyza öýlenen ýaly gaty aňsat». Okuwyny gutarandan soň, ol aýdyşy ýaly, örän baý maşgalanyň gyzyna öýlendi. Hut özüm-ä onuň eden işini gaty ýek görýärin, ýöne gurplanmak üçin bu ýoly onuň özüniň saýlandygyna düşünýärin.
Siz garakçylyk edibem baýap bilersiňiz, ýöne munuň nähili bahasynyň bardygyny barymyz gowy bilýäris. Kiçijik oglanjykkam garakçylar ýüzüne nykap tutup, banklary ýarýandyr öýdýärdim. Häzir olaryň köpüsiniň gök kostýum, ak köýnek geýip, gyzyl galstuk dakynýandyklaryny hemem jemgyýetiň abraýly adamlarydygyny bilýärin.
Oýun zallarynda, at çapyşygynda, lotereýde oýnap ýa-da köre-körlük bilen gymmat bahaly kagyzlary satyn alyp baýaýan adamlaram bar. Men puldan gözi gyzaran adamlaryň köpüsini tanaýardym, olar «Men internet-kompaniýasyny açýan» diýen islendik adama pul bermäge taýyndy.
Ejizlere diýeniňi etdiribem baýamak bolýar, ýöne munuň soňunyň nähili gutarýandygyna barymyz düşünýäris, sebäbi iru-giç özüňden güýçlüräk biri tapylýar.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly, eger tygşytly ýaşasaňyz, baý bolup bilersiňiz. Ýöne Çarlz Dikkensiň «Täze ýyl aýdymy» atly powestindäki Skruj ýaly baý husytlar adamlaryň gözünden düşýär. Biz harytlary arzan almak üçin elmydama çekeleşýän hemem tölenmeli puly köp görüp, tölemezlik üçin her hili bahanalar gözleýän adamlary tanaýarys.
Meniň bir ýoldaşymyň dükany bar, ol, köplenç, käbir müşderilerinden zeýrenýär, sebäbi olar kaşaň egin-eşikleri satyn alýarlar-da, haýsydyr bir oturylyşyga geýip barýarlar, soňra bolsa birnäçe günden yzyna getirip, puluny bermegi talap edýärler. Köne ulagly gezýän adamlaram bar, ol adamlar şol bir eşigi gaty kän geýýärler, arzan aýakgaplary satyn alyp, edil garyp-pukaralar ýaly görünýärler, şol bir wagtda bolsa bankda million dollarlary bar.
Bu adamlar ähli zatda tygşytlap, baý bolsalaram, tölenmeli baha ähli zatdan gymmat düşýär. Käwagtlar örç alýan husytlyk bilen özümem göreşmeli bolýaryn, ýöne jomartlyk görkezen wagtym adamlaryň özüme mylakatly garaýandygyny bilýärin.
Meselem, gowy hyzmat eden wagtlary çaý puluny köpräk berýärin, ýöne bu pul başga bir ýol bilen elmydama yzyna gaýdyp gelýär.
Başgaça aýdanyňda, daş-töwerekdäki adamlar husytlara garanda jomartlara mylaýym göz bilen garaýar.
HER BIR ADAM BAÝAP BILERMI?
Baý kakam bilen baýamak üçin tölenmeli baha barada gürrüň edip otyrkam, ol maňa şeýle diýdi:
— Her bir adamyň dürli-dürli tölemeli bahasy bolýar.
— Sen her bir adam aýratyn baha tölemeli diýjek bolýaňmy? — diýip, men soradym.
— Adamzadyň bu dünýä haýran galmaly ukyp-başarnygy bilen gelenligi barada pikirlenmek maňa ýaraýar. Ol aýdym aýdýar, surat çekýär, sport bilen meşgullanýar, kitap ýazýar, çagalaryny terbiýeleýär, wagyz-nesihat edýär, okaýar we şuňa meňzeş zatlary etmegi başarýar. Ýöne bu ukyp-başarnygy Hudaýyň adamzada berenligine garamazdan, ony her birimiz ösdürmelidiris. Şol ukyp-başarnygy ösdürmek zerurlygy bolsa, köplenç, baý bolmak üçin tölemeli puluň nyrhydyr.
Baý kakam sözüni dowam etdi:
— Dünýäde akylly, zehinli, ýiti adamlar kän bolsa-da, olar maliýe meselesinde ýa-da özara gatnaşykda maksadyna ýetip bilmeýärler. Bir tarapdan, olaryň her biriniň zehin hemem şahsy mertebesi bar, beýleki tarapdan, olaryň ýeňip geçmeli özüne mahsus meseleleri hemem gowşak ýerleri-de bar. Hiç bir adam kämil däl. «Her bir adamyň öz tölemeli nyrhy bar» diýip, men şuny göz öňünde tutýaryn, sebäbi biziň her birimiziň aýry-aýry kynçylyklarymyz bar. Diňe ýalta adamlar durmuşy ýeňil hasaplaýar.
Baý kakamyň ýaltalar barada aýdan zatlarynyň dogrudygyny-däldigin-ä bilemok, ýöne her gezek işlerim ugruna bolman zeýrenjek bolanymda, bu pikiriň kömek edýändigini anyk bilýärin.
Özümde: «Goý, ähli zat ýeňillik bilen bolsun» diýen pikir dörände, özümde ýaltalyk duýgusynyň oýanandygyna düşünýärin. Şonuň üçinem arakesmä çykýan-da, häzirki ýagdaýymy gözden geçirip, «Munuň uzak möhletleýin nyrhy näçe?» diýip, özüme sorag berýärin. Sebäbi ýaltalyk duýgusy oýananda, pulumy tygşytlap ugranymda ýa-da özümi ynjyk çaga ýaly alyp baranymda: «Bu zatlar üçin näçe tölemeli bolarkam?» diýip, özüme sorag bermesem, munuň soňunyň kyn boljakdygyny bilýärin.
PUL — BU TÖLENEN
BAHANYŇ SYLAGYDYR
Sözüniň ahyrynda Maýkyň kakasy şeýle diýdi: «Islendik baýdan, üstünlik ýa-da meşhurlyk gazanan adamdan sora, olar elmydama şahsy meseleleriniň bolandygyny, häzirem bardygyny hemem her gün ýoldan çykaryjy melgunlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdarlar. Sebäbi hiç wagt mugtuna nahar berlenok.
öz ýoluma başlan mahalym meniň iki sany ýetmezçiligim bardy — bilimim hemem pulum ýokdy. Mundan başga-da, kakam ýogalandan soň, öýüň ýeke-täk eklenç çeşmesi özüm bolup galdym. Bu zatlar gerdenime düşende ýaňy on üç ýaşymdadym — öňde bolsa has uly meseleler bardy. Şeýle-de bolsa men ýaňky aýdan bahamy tölemegi başaryp, ahyrynda ep-esli zat edinmegi başardym.
Häzir yzyma garaýaryn welin, bu zatlaryň şol tölän bahamyň sylagydygyna düşünýärin.
HOWPSUZLYGYŇ BAHASY
Maýkyň kakasy maňa-da, ogluna-da häli-şindi şeýle diýerdi: «Her bir zadyň öz bahasy bar». Haçan-da, öz kakam — men ony garyp kakam diýip atlandyrýaryn — geljegimiň howpsuz bolmagy üçin durnukly iş tapynmagy maslahat berende, baý kakam bir zat diýdi:
— Ýadyňyzdan çykarmaň, howpsuzlygyňam öz bahasy bar.
Onuň bahasy nähili diýip soranymda, ol şeýle jogap berdi:
— Adamlaryň aglabasy howpsuzlygynyň bahasyny tölemek üçin şahsy azatlygyny ýitirýär. Olar arzuwlaryny amala aşyrmagyň ýerine, pul üçin bütin ömrüne zähmet çekýärler. Arzuwlaryňy amala aşyrman durmuşyňy ötürmegi men howpsuzlyk üçin tölenýän gaty ullakan baha hasaplaýaryn.
Soňra birsalym dymdy-da, salgyt barada möhüm bir zat aýtdy:
— Howpsuzlygyny azatlygyndan ýokary goýýan adamlar salgydy köp töleýändir. Hut şonuň üçinem durnukly işde işleýän adamlar beýlekilerden salgydy köp töleýär.
Men onuň aýdanlary barada birnäçe gün oýlanyp, bu sözleriň nähili ähmiýetiniň bardygyna ýuwaş-ýuwaşdan düşünip ugradym hemem duşuşan wagtym baý kakama şeýle sorag berdim:
— Menem howpsuzlyk bilen azatlygyň araçägini saýlamaly bolarynmy?
— Elbetde — diýip, ol aýtdy. — Sebäbi mende olaryň ikisem bar.
— Onda näme üçin adamlaryň aglabasy howpsuzlygynyň bahasyny tölemek üçin şahsy azatlygyny ýitirmeli bolýar? — diýip, men soradym. — Adamlaryň köpüsinde olaryň diňe biri bar bolsa, nädip sizde olaryň ikisi bolýar? Muň aratapawudy näme?
— Bahasynda — diýip, baý kakam aýtdy. — Men elmydama her bir zadyň öz bahasynyň bardygyny aýdýaryn. Adamlaryň aglabasy howpsuz bolmak üçin ullakan bahany tölemäge taýyn bolsa-da, azatlygynyň bahasyny tölemäge taýyn däl. Ine, şonuň üçinem olarda ikisinden biri bar. Olarda ýa-ha ol bar, ýa-da beýlekisi.
— Beýle bolsa, näme üçin sende howpsuzlygam, azatlygam bar? — diýip, Maýk sorady.
Ol ýaňy otaga giripdi-de, gürrüňimiziň bir ujuny eşidip ýetişipdi.
— Men olaryň ikisiniňem bahasyny töledim — diýip, kakasy aýtdy. — Sebäbi men howpsuzlyk üçinem, azatlyk üçinem ullakan bahany tölemäge taýyndym. Bu iki sany ulag edinen ýaly bir zat. Aýdaly, maňa ýük ulagy gerek, ýöne şol bir wagtda sport ulagam gerek. Eger bularyň ikisinem almak isleýän bolsam, ikisi üçinem tölemeli bolaryn. Adamlaryň köpüsi bütin ömürlerine bularyň ikisi üçin däl-de, diňe biri üçin töleýär.
— Diýmek, seniň howpsuzlyk üçinem, azatlyk üçinem bahaň bar — diýip, men dowam etdim. — Siz ol üçinem, beýleki üçinem töläpsiňiz — diýip, men ýadymda galar ýaly baý kakamyň sözlerini gaýtaladym.
Maýkyň kakasy makullaýjy terzde başyny atdy.
— Hawa, ýöne düşüneriňiz ýaly, ol üçinem, beýleki üçinem bahany tölemäge taýyn bolmalydygynyň nämedigini aýdaýyn. Siz gereginden azrak töleseňizem, barybir, haýsydyr bir bahany tölemeli bolarsyňyz.
— O nähili? — diýip, men düşünmezlik bilen gaşymy çytdym. Sebäbi onuň sözlerine düşünmek gaty kyndy.
— Häzir düşündireýin — diýip, Maýkyň kakasy jogap berdi hemem köşeşerimiz ýaly yşarat etdi. — Iki hepde mundan ozal öý işiňize kömekleşenim ýadyňyzdamy? Siz şonda Nýutonyň kanunyny öwrenýärdiňiz.
Maýk ikimiz başymyzy atdyk.
— Nýutonyň üçünji kanuny ýadyňyza düşýärmi: her bir hereketiň güýji özi ýaly güýje eýedir, ýöne tersine gönükdirilen güýç, garşylyklaýyn herekete eýedir.
Biz ýene-de başymyzy atdyk.
— Şu esasda reaktiw uçary ýöreýär — diýip, Maýk aýtdy. — Motor gyzgyn howany yza itekleýär, uçar bolsa öňe hereket edýär.
— Dogry — diýip, baý kakam tassyklady. — Nýutonyň kanuny köptaraplaýyn, şonuň üçinem ol diňe bir reaktiw uçarlary içine alanok-da, ähli zada degişli.
Maýkyň kakasy aýdýan zatlarynyň täsirini görjek bolup, bize bakan äňetdi.
— Ähli zada degişli — diýip, ol bu sözleriň manysyna düşünerimiz ýaly, ýene bir gezek gaýtalady.
— Hawa, eşitdik, ol ähli zada degişli — diýip, Maýk kakasynyň gaýta-gaýta aýdany üçin azajyk kineli gürledi.
Aýdylan zada oňly düşünmänligimize güman eden kakasy sözüni dowam etdi:
— «Ol ähli zada degişli» diýenimde, men onuň dünýäniň ähli zadyna degişlidigini göz öňünde tutýaryn. Ykdysadyýetden beren sapaklarym ýadyňyzdamy? «Eger haýsydyr bir ýerde çykdajy bar bolsa, diýmek, haýsydyr bir ýerde hökman girdeji bolaýmaly» diýenim ýadyňyzdamy?
Indi men onuň «ähli zada degişli» diýip nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünip ugradym. Diýmek, Nýutonyň köptaraply kanuny maliýe hasabatlarynda-da ulanylýan eken.
— Her bir üstünligiň gaýdym tarapy bar — diýip, men aýtdym-da, onuň näme diýjek bolýandygyna düşünýändigimi bildirmek maksady bilen gaýtaladym: — Nýutonyň köptaraply kanuny ähli zatda ulanylypdyr.
— Bir zadyň ýokary galmagy üçin, beýleki bir zat aşak düşmeli. Bir zadyň täzelenmegi üçin, başga bir zat könelmeli — diýip, Maýk hem üstüni ýetirdi.
— Örän dogry — diýip, Maýkyň kakasy ýylgyrdy.
— Ýöne howpsuzlygyňy, azatlygyňy hemem beýlekileri tölemek üçin muny nädip ulanmaly?
— Gowy sorag — diýip, baý kakam bellik etdi. — Bu örän möhüm sorag, sebäbi siz ol ýa beýlekisiniň bahasyny tölemeseňiz, onda isleýän zadyňyza ýetip bilmersiňiz. Başga söz bilen aýdylanda, eger siz ikinji üçin tölemeseňiz, onda eýýäm tölän bolsaňyzam, birinjini alyp bilmersiňiz.
— Bu nähili beýle bolýar? — diýip, men gaharlandym. — Eger men ikinji üçin tölemesem, birinjinem alyp bilmerinmi?
Dostumyň kakasy başyny atdy-da, düşündirmäge durdy.
— Edil durnukly iş ýaly, diňe howpsuzlygy üçin töleýän adamlar, ony hiç wagt alyp bilmezler — diýip, baý kakam gutarnykly aýtdy. — Olar goragyň ýalan duýgusyny başyndan geçirerler, hakykatda welin, özlerini howpsuz duýmazlar.
— Diýmek, kakamyň işiniň bardygyna garamazdan, ol ony durnukly hasaplasa-da, ýüreginiň jümmüşinde özüni howpsuz hasaplanok-da? — diýip, men sorag berdim.
— Dogry — diýip, baý kakam tassyklady. — Sebäbi ol içki täsirleri üçin tölänok-da, diňe hereketi üçin töleýär. Ol howpsuzlygy üçin näçe köp işleýän bolsa, ýagny ol onuň üçin näçe köp töleýän bolsa, onuň howpsuzlyk duýgusy şonça-da artýar.
— Bu täsirler elmydama goragsyzlyk duýgusyny emele getirýärmi? — diýip, Maýk sorady.
— Gowy sorag — diýip, kakasy jogap berdi. — Ýok, täsirler her hili görnüşde ýüze çykyp biler. Adamlaryň täsirleri tukatlyga, soňra bolsa birahatlyga öwrülip biler. Olar öňe gitmek isleýär, ýöne hiç zat etmeýärler, sebäbi hereket etseler, öz howpsuzlyklary bilen hoşlaşmaly bolarlar. Ine, şonuň üçinem her bir adamyň özboluşlydygyny, her biriniň aýry-aýry meselesiniň bardygyny aýdýaryn. Biziň özboluşlylygymyzyň sebäbi — beýleki adamlar ýaly ähli zada baş galdyramzok.
— Meselem, käbir adamlar ýylany görüp, galmagal turuzýar, käbirleri bolsa onuň gözelliginden lezzet alýar — diýip, men söz okladym.
— Dogry. Biziň barymyz özboluşly, sebäbi özümizi dürli-dürli alyp barýarys — diýip, baý kakam razylaşdy.
— Bu akyl maşkynyň näme manysy bar? — diýip, men soradym.
— Bu maşk sizi pikirlenmäge mejbur eder — diýip, Maýkyň kakasy jogap berdi. — Men her biriňiziň öz bahaňyzyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmazlygy isleýän, köplenç, ol siziň pikir edişiňizden iki esse artyk görner. Eger siz Nýutonyň kanunynyň diňe bir tarapy üçin töleseňiz hemem onuň tutuş bahasyny töländirin öýtseňiz, netijede, isleýän zadyňyza ýetip bilmersiňiz.
— Siz nähilidir bir mysal getirip bilmersiňizmi? — diýip, men sorag berdim.
— Men diňe umumy mysallara ýüzlenip biljek, sebäbi eýýäm aýdyşym ýaly, biziň barymyz özboluşly adam. Ýöne hiç wagt bir düzgüni ýadyňyzdan çykarmaň: her bir ýagdaýyň iki tarapy bar. Meselem, iň gowy iş dolandyryjylar, adatça, şol edarada işçi bolup başlaýarlar. Soňra olar edarany kämil dolandyrmak maksady bilen, öz hususy tejribesini ulanyp ugraýarlar hem-de öz garamagyndaky işgärleriň hormatyna mynasyp bolýarlar.
— Şonuň üçinem gowy başlyklar adalatly hereket edýär hemem gol astyndakylaryň özleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolaryny isleýärler — diýip, men söz okladym.
— Hut şeýle — diýip, baý kakam jogap berdi. — Indi bolsa, geliň, mümkin bolmajak ýagdaýyň üstünde durup geçeliň. Nähili pikir edýäňiz, gowy aňtawçy bolmak üçin näme gerek?
— Gowy aňtawçy bolmak üçinmi? — diýip, baý kakam gürrüňinden daşlaşýandyr öýdüp, Maýk ikimiz seslendik.
— Hawa, gowy aňtawçy bolmak üçin — diýip, dostumyň kakasy gaýtalady-da, sözüni dowam etdi. — Gowy aňtawçy, ilkinji nobatda, dogruçyl, ýokary ahlakly hemem akýürekli adam bolmaly. Dogry dälmi?
— Şeýledir diýip umyt edýäris — diýip, Maýk aýtdy.
— Ýöne gowy aňtawçy bolmak üçin, ol edil jenaýatçy ýaly pikir etmäni başarmaly ýa-da kanuny bozup ýören ahlaksyz, naýynsap haramzada öwrülmeli — diýip, dostumyň kakasy düşündirdi. — Nýutonyň kanunyny ýadyňyzdan çykarmaň. Adam jenaýatçy ýaly pikir edip bilmese, ondan hiç wagt gowy aňtawçy çykmaz.
Maýk ikimiz razylygyň alamaty hökmünde başymyzy atdyk. Biz ahyrsoňy baý kakamyzyň näme diýjek bolýandygyna düşünip ugradyk.
— Diýmek, baýlyk toplamak üçin garyp günde ýaşaýan adam ahyrsoňunda şol garyp, pulsuz ýaşan günlerindäkiligine galýarmy? — diýip, men sorag berdim.
— Hawa, kim diňe howpsuzlygyny gözleýän bolsa, hiç mahal özüni howpsuz duýmaz — diýip, baý kakam alyp göterdi. — Çalaja töwekgellik edip, haýsydyr bir işe pul goýýan adam hiç wagt pul goýmaklygyň howpsuz işdigini duýmaz, elmydama özüniňkini dogry hasaplaýan adam bolsa, iň soňunda bimamla bolup çykar. Sebäbi olar deňlemäniň diňe bir tarapy üçin töläp, köpugurly kanuny bozýarlar.
Şu ýerde Maýk söze goşuldy:
— «Tutluşmak üçin iki adam gerek» diýip, ýöne ýere aýdylmaýan eken. Diýmek, gowy aňtawçy bolmak üçin jenaýatçy ýaly pikirlenmäni başarmaly. Töwekgellikden gorkmazlyk üçin töwekgellik etmeli. Baý bolmak üçin garyplygyň nähilidigini bilmeli. Haýsy zada pul goýanyňda gowy bolýandygyny bilmek üçin nämäniň erbetdigini bilmeli.
— Ine, şol sebäpli köp adamlar: «Haýsydyr bir zada pul goýmak örän töwekgelli iş» diýýärler — diýip, men onuň sözüniň üstüni ýetirdim. — Olar pullarynyň howpsuz bolmagy üçin az göterimine amanat hasaplarynda goýanlaryny gowy görýärler. Ýöne puluň hümmetiniň gaçmagy bilen, olar pullaryny ýitirýär, pullaryndan alýan göterimleri bolsa, salgydyň hasabyna gidýär. Ine, şonuň üçinem bankda pul saklamak pikiri iş ýüzünde ygtybarly görnenok.
Maýkyň kakasy munuň bilen razylaşdy, ýöne bellik etdi:
— Bankda hasabyň bolmagy bolmazlygyndan gowudyr, ýöne adamlaryň aglabasy beýle pikir etmese-de, seniň aýdýanlaryň hakykat.
Şu ýerde Maýk söze goşuldy:
— Sen elmydama az töwekgellik edip, pul goýup bolýandygyny hemem örän köp girdeji alyp bolýandygy barada aýdýardyň?
— Hawa — diýip, kakasy jogap berdi. — Eger näme edýändigiňe düşünseň, kän salgyt tölemän hemem öz puluňdan azrak ulanyp, 20-den 50 göterime çenli girdeji almak kyn däl.
— Diýmek, ortaça pul goýýan adamdan seniň töleýän bahaň ýokary-da? — diýip, Maýk sorady.
Baý kakam başyny atdy:
— Ýadyňyzda saklaň, her bir zadyň öz bahasy bar, ol hemişe pul bilen ölçelenok.
GARYP ÝAŞAMAGYŇ BAHASY
Haçan-da, maliýe akyldarlary: «Karz kartlaryndan ýüz öwrüň, ulanylan ulaglary satyn alyň, gazanjyňyzdan pes ýaşaň» diýenlerinde, olaryň adamlara kömek etmek isleýändigine düşünýärin. Ýöne, baý kakamyň aýdyşy ýaly, «her zadyň öz bahasy bar».
Garyp ýaşap, baýamagyň şunuň ýaly bahasy bar: siz hatda barly adam bolanyňyzda-da, garyplykda ýaşan durmuşyňyzy dowam edersiňiz. Meniň pikirimçe, baý bolup garyp durmuşda ýaşamak — bu gaty ullakan baha.
Mundan başga-da, Maýkyň kakasy şeýle diýerdi: «Mesele karz kartlarynda däl, adamlaryň maliýe sowatsyzlygynda, sebäbi beýleki adamlar mundan peýdalanýarlar. Baýamak üçin maliýe taýdan sowatly bolmaly, munuň üçin bolsa tölemeli bolarsyňyz».
Ine, şol sebäpli karz kartlaryndan ýüz öwrüp, ýetde-gütde ýaşamak köplere ýaranok. Meniň pikirimçe, eger saýlamak hukugy berilse, durmuşyň hözirini görmek üçin adamlaryň köpüsi baý bolmagy dogry hasaplar. Onsoňam eger gerekli bahany tölemäge taýyn bolsalar, bu olara başardar.
IKINJI BAP
ÝALŇYŞLYGYŇ BAHASY
Meniň bankçym hiç wagt
şahadatnamamdaky bahalary
görkezmegi haýyş etmedi.
Baý kakam
On bäş ýaşymdakam maňa ýyllyk ýetişigim boýunça iňlis dilinden «kanagatlanarsyz» baha goýdular, sebäbi harp ýalňyşym kändi hemem pikirlerimi kagyz ýüzüne geçirmegi başarmaýardym. Has dogrusy, meniň iňlis diline çemeleşişim iňlis dili mugallymyma ýaramaýardy. Netijede, maňa ikinji ýyla galmak howpy abandy.
Men özümde ruhy agyry we biynjalyklyk duýdum, munuň sebäbi kändi. Birinjiden, şol wagtlar kakam Gawaý adasynyň mekdep gözegçisi bolup işleýärdi hemem golastynda 40-dan gowrak mekdep bardy. Haçan-da, başlygyň oglunyň ikinji ýyla galjakdygy baradaky habar ýaýranda, ähli bilim beriji guramalaryň dälizlerinde ýaňsyly gülküler eşidilip ugrady. Ikinjiden, meniň düşen günüm özümden kiçi gyz jigim bilen bir synpda okamaly boljakdygymy aňladýardy. Başgaça aýdylanda, ol-a öňe gidýärdi, men bolsa yza. Üçünjidenem, bu — iň gowy görýän oýnum bolan amerikan futbolynyň talyplar toparyna hödürnama alyp bilmejegimi aňladýardy, ýagny men bu sport bilen meşgullanyp biljek däldim.
Şol gün şahadatnama berenlerinde, iňlis dilinden «kanagatlanarsyz» baha alandygymy gördüm hemem ýeke galmak üçin, himiýa enjamlaryň duran tekjesiniň yzynda bukuldym. Soňra sowuk ýerde çommalyp oturdym-da, arkamy diwara berip agladym. Men bu baha birnäçe aý bäri garaşýardym, ýöne ony kagyz ýüzünde görenimde öz duýgularyma erk edip bilmedim. Men şeýdip himiýa barlaghanasynda bir sagatdan gowrak oturdym.
Bir tarapdan, baý kakamyň oglunyň, iň gowy dostumyň «kanagatlanarsyz» baha alanlygy maňa teselli berýärdi. Elbetde, onuň iňlis dilinden geçip bilmänliginde hiç hili gowulyk ýokdy, ýöne şeýle-de bolsa, özüň ýalylar bilen agyryňy paýlaşmak ýüküňi ýeňledýärdi. Mekdebiň içi bilen duralga tarap barýan Maýky görüp, oňa elimi bulaýladym, ýöne ol başyny ýaýkady-da, öz ýoly bilen boldy.
Şol gün agşam özümden kiçi çagalar ýatmaga gidende, ejemdir kakama iňlis dilinden geçip bilmändigimi hemem indiki ýyl şol synpda okamaly boljakdygymy aýtdym. Şol wagtlar iňlis dilinden hemem jemgyýeti öwreniş ylmyndan geçip bilmedik okuwçylar tutuş bir ýylyň okuwyny gaýtalamaly bolýardy. Bu habara öňden garaşýan bolsalaram, meniň şowsuzlygymyň tassyk edilmegi olara gaty agyr degdi.
Kakam başyny ýaýkap, sesini çykarman oturdy. Onuň ýüz-keşbinden many alar ýaly däldi. Ejeme özüni saklamak kyn boldy. Onuň ýüzünde gaýgydyr gaharyň bardygyny görmek bolýardy. Ol kakama öwrüldi-de, sorag berdi:
— Indi näme bolar? Ony ikinji ýyla goýarlarmy?
Kakamyň bar aýdan zady şu boldy:
— Düzgün şeýle. Ýöne men bu işiň aňyrsyna ýetjek bolup göreýin.
Kakam birnäçe günläp — men ony öz kitaplarymda «garyp kakam» diýip atlandyrýaryn — bu ýagdaýyň üstünde işledi. Ol biziň synpymyzda okaýan 32 okuwçynyň 15 sanysynyň kanagatlanarsyz, sekizisiniň orta, biriniň örän gowy, dördüsiniň ýagşy, galanlarynyň bolsa kanagatlanarly baha alandygyna göz ýetirdi. Iňlis dilinden geçip bilmedik okuwçylaryň aglabasy synpymyzyň iň gowy okuwçylarydy. Biziň köpimiz okuwymyzy kollejde dowam etdirmek isleýärdik.
Okuwçylaryň ýetişiginiň bu derejede pese gaçandygyny bilenden soň, kakam muňa goşulmagy müwessa bildi. Ol muny kakam hökmünde etmedi-de, mekdep gözegçisi hökmünde etdi. Ol mekdep direktoryna ýörite derňew geçirmek barada görkezme berdi hemem ýalňyşlygyň okuwçylaryňam, mugallymlaryňam arasynda bolandygy bilindi. Derňew synpymyzda okaýan okuwçylardan sorag bilen başlanyp, mugallymlaryň başga mekdeplere geçirilmegi bilen tamamlandy hemem bahasyny düzetmek isleýän okuwçylara tomusda ýörite okuw sapaklaryny geçmegi teklip edildi. Şol sebäpli men tomsuň iň gymmatly üç hepdesini iňlis diline sarp edip, orta baha aldym hemem beýlekiler bilen birlikde indiki synpa geçdim.
Kakam maňa şeýle diýdi:
— Mekdepde bolan bu şowsuzlygy durmuşyň iň möhüm sapagy hasap et, sebäbi mundan köp zady öwrenip bilersiň. Sen muňa gahar edip, özüňi aklamagyň, mugallymy günäkärlemegiň mümkin, eger şeýtseň hiç zat öwrenip bilmersiň, ýöne mekdepde özüňi nähili alyp barandygyňa üns berseň, köp zatlara göz ýetirersiň, bu bolsa özüňi kämilleşdirmäge kömek eder. Şunça okuwça kanagatlanarsyz baha goýanlygy üçin mugallymy sylaglamalydar-a öýdemok, ýöne siziň okuwa gowy çemeleşmelidigiňizi welin bilýän. Onsoňam bu zatlaryň okuwçylara-da, mugallymlara-da haýry degjegine ynanýaryn.
Dogrymy aýtsam, özümi kemsidilen hasaplaýardym. Şol günden başlap iňlis dilini öwredýän mugallymlara hyltly gezip, mekdebi ýigrenip ugradym. Sebäbi gyzygmaýan ýa-da okuwymy tamamlanymdan soň gerek bolmajak sapaklary hiç wagt halamazdym.
Ynjydylan duýgularyma garamazdan, okuwa bolan garaýşymy üýtgedip, özümi has köpräk okamaga mejbur etdim hem-de orta mekdebi wagtynda tamamladym. Mundan başga-da, Gawaý ştatynyň deňiz söwda kollejine ýollanma alan iki okuwçynyň biri bolmagy başardym hem-de 1969-njy ýylda ilkinji alymlyk derejesini alyp, kolleji tamamladym.
Kollejdekäm pikirlerimi kagyza geçirmek gorkusyndan saplandym, hatda bu zatlardan lezzet alyp ugradym, şeýle-de bolsa, häzire çenli ýaramaz ýazyjylygyma galdym.
Kollejde iki ýyllap iňlis dilini hemem gorkudyr öýke sebäpli özümde dörän ynamsyzlygy ýeňip geçmegi öwredenligi üçin doktor A. A. Nortana örän minnetdar. Eger şol bolmadyk bolsa, men «New York Times» we «Wall Street Journal» neşirleriniň görkezijileri boýunça iň köp satylýan kitaplaryň awtory bolmazdym.
Ýöne bu ýakymsyz wakanyň iň esasy ýeri — men garyp kakamyň aýdany bilen boldum hemem bu işiň iň haýyrly ýerini tapmagy başardym. Häzir yzyma garaýaryn welin, şol ikinji ýyla galma howpunyň özüm üçin bähbitli bolandygyny görýärin. Bu waka okuwa bolan garaýşymy üýtgetmäge, ýaşlyk endiklerimi özgertmäge hemem işe çynlakaý ýapyşmaga mejbur etdi. Häzir, eger şol ýagdaý bolmadyk bolsa, kolleji üstünlikli tamamlap bilmejekdigime düşünýärin.
BAÝ KAKAMYŇ DÜŞÜNDIRIŞLERI
Şol mugallymyň iňlis dilinden Maýka «kanagatlanarsyz» baha goýmagy baý kakamam ynjalykdan gaçyrdy. Şol sebäpli bu işe goşulandygy üçin kakama minnetdardy hemem çagalaryň bahasyny düzetmegi üçin tomusky okuwymyza pul berdi. Ýöne ol hem Maýka öwüt bermek üçin bu ýagdaýy peýdalandy.
— Indi bize durmuşda hiç zat garaşanok — diýip, men gaýgyly halda gürledim.
— Jan edeniň haýry ýok — diýip, Maýkam üstüni ýetirdi. — Biz şol mugallym sebäpli hiç wagt adamlaryň arasyndan saýlanyp bilmeris. Üstesine, tomusky dynç günlerimizem mekdepde geçirmeli bolarys.
Iňlis diliniň şowsuzlygyndan soň Maýk ikimiz, köplenç, özümize nebsagyryjylykly garaýardyk. Göwnümize bolmasa, geljegimiz elimizden alnan ýaly, beýlekiler öňe gidýän bolsa, biz yza tesýän ýalydyk. Bolmanda, tomusky dynç günlerimiz elimizden alnypdy. Synpdaşlarymyzyň köpüsi ýanymyzdan geçende çalaja gülümsireýärdiler. Käwagtlar yzymyzdan şular ýaly sözleri eşidýärdik: «Eger şahadatnamaňyzda gowy bahalaryňyz bolmasa, kolleje girip bilmersiňiz» ýa-da «Eger mekdepde iňlis dilinden kynçylyk çekýän bolsaňyz, kollejdekäňiz nädersiňiz?». Biz olaryň aýdýan gödek sözlerinden oýun-henek edip sypardyk, ýöne ýüregimiziň jümmüşinde bu bize gaty agyr degerdi.
Hakykatyň ajylygy şundan ybarat, biz özümizi işi şowuna düşmedik adamlar hasaplaýardyk.
Bir gezek tomusky okuwdan soň Maýk ikimiz synpdaşlarymyzyň ýaňsyly sözleri barada gürrüň edip baý kakamyň iş ýerinde otyrdyk. Ol biziň gürrüňimizi tötänden eşitdi-de, gelip ýanymyzda oturdy, soňra bolsa her birimiziň gözümize seredip, şeýle diýdi:
— Men siziň zeýrenjiňizi, bolup oturyşyňyzy görüp halys ýadadym.
Ol bizi üns bilen synlap, birsellem gürlemän oturdy.
— Gepiň gysgasy, gussa çekip ýadan bolsaňyz, bes ediň. Siz iňlis dilinden geçip bilmänsiňiz. Ýeri, geçmäniňizde näme? Bir gezek şowsuzlyga düşeniňiz bilen, ýer bilen gök gapyşanog-a. Meniň näçe gezek şowsuzlyga uçranymy bilýäňizmi? Özüňizi gynap oturmaň, synpdaşlaryňyza-da üstüňizden gülmäge ýol bermäň.
— Ýöne biz ýaramaz baha aldyk ahyry — diýip, men garşy çykdym. — Indi ol hemişelik şahadatnamamyzda galar. Biz kolleje ýa-da uniwersitete nädip gireris?
— Gulak asyň, çagalar — diýip, Maýkyň kakasy söze başlady. — Eger siz bir ýaramaz bahanyň durmuşyňyzy zäherläp bilýändigine ynanýan bolsaňyz, diýmek, siziň geljege bolan hiç hili mümkinçiligiňiz ýok. Eger siz bir ýaramaz bahanyň arzuw-umytlaryňyzy weýran edýändigine ynanýan bolsaňyz, onda durmuş sizi basyp mynjyradar. Sebäbi iňlis diline garanyňda durmuş gaty çetin. Eger siz bu zatlar üçin mugallymy günäläp, ony rehimsiz adam hasaplaýan bolsaňyz, onda size ullakan şowsuzlyklar garaşýar. Mekdebi tamamlanyňyzdan soň siz her ädimde mugallymyňyzdanam beter rehimsiz, talabediji adamlar bilen çaknyşarsyňyz. Eger siz şu mahal şol ýaramaz bahanyň hemem iňlis dili mugallymynyň geljegiňizi kül edendigine ynanýan bolsaňyz, onda dogrudanam, size geljekde hiç hili gowulyk garaşanok.
— Biziň üstümizden gülýän, gyjalat berýän oglanlary nätmeli? — diýip, Maýk ýatlatdy.
— Hä, gör, gep nämede eken — diýip, Maýkyň kakasy ýylgyrdy, soňra bolsa gülüp ugrady. — Siz meni näçe adamyň tankyt edýänini bilýäňizmi? Robert, ýadyňa sal, kakaňy köpçülik ýerlerinde näçe gezek tankytladylar? Habarlarda adymyzy näçe gezek agzadylar? Maňa näçe gezek «Betnebis söwdagär» diýdiler? Seň kakaňa näçe gezek «Wyždansyz emeldar» diýdiler? Eger siz entek agzyndan süýt ysy gitmedik oglanlara üstüňizden gülmäge ýol berip, abraýyňyza şek ýetirtseňiz, dogrudanam, işiňiz şowuna bolmaz.
Baý kakam birsalym dymdy-da, sözüni dowam etdi:
— Üstünlik gazanýan adamlar bilen adaty adamlaryň aratapawudy — çydamlylygynda. Adaty adamlar tankyda çydamaýar, şol sebäpli bütin ömrüne sesini çykarman gezýärler. Ine, şonuň üçinem olara ýolbaşçy bolmak başartmaýar. Adaty adamlar gorky astynda ýaşaýar. Olar adamlaryň aýtjak sözlerinden, pikirlerinden çekinýärler, tankyt astyna düşmän, adamlara gep-gürrüň bolman, elmydama oňşup ýaşamak isleýärler. Adamlar elmydama özgeleriň gürrüňini edýär. Meselem, men seniň kakaňy tankyt edýän, onuňam meni tankyt edýändigini bilýän. Ýöne bu biziň biri-birimize hormat goýmagymyza päsgel berenok. Eger adamlar tankyt edýän bolsa, diýmek, iň bolmanda siziň bu dünýäde barlygyňyzy aňladýar. Adam haçan biynjalyk bolmaly? Haçan-da, adamlar tankytlaman ugranda — diýip, Maýkyň kakasy ýylgyryp, nesihatyny dowam etdi: — Sebäbi siz olaryň ýüregedüşgünç durmuşyny bozduňyz, ara alyp maslahatlaşar ýaly iýmit berdiňiz. Eger tankyda çydamany öwrenseňiz, geljekde bu size uly peýda getirer — diýip, baý kakam ýylgyryp oturyşyna sözüniň üstüni ýetirdi. — Ýadyňyzda saklaň, siziň näme edýänligiňize garamazdan, adamlaryň üçden bir bölegi sizi gowy görer. Beýleki bir bölegi — gowy iş etseňizem, erbet iş etseňizem halamaz. Galan bölegi bolsa, her näme etseňizem ähmiýet bermez. Siziň durmuşdaky maksadyňyz — adamlaryň özüňizi gowy görmejek bölegine ähmiýet bermezlik hemem ile goşulman oturan bölegini gowy görýän bölegine goşmaklyk. Görşüňiz ýaly, bar zat gaty aňsat. Sebäbi tankytdan erbet ýeke-täk bir zat bar — ol hem onuň bolmazlygy — diýip, Maýkyň kakasy gülüp durşuna aýtdy.
— Diýmek, tankytlanar öýdüp, ulularam gorky astynda ýaşaýar-da? — diýip, men baý kakamyň gülküsiniň öňüni almak hemem ýaňky gürrüňe gaýdyp barmak üçin sorag berdim.
Biziň gürrüňlerimiz ony şatlandyrýardy, ýöne men şatlanar ýaly hiç zat göremokdym.
Dostumyň kakasy başyny atdy hemem çynlakaý görnüşe girdi.
— Bu adamlaryň aglabasy üçin iň ilkinji gorky. Muňa çetleşme gorkusy diýýärler, bu adamlar, esasan, köpçülikden saýlanmakdan gorkýarlar. Muňa köpçüligiň öňünde çykyş etmek gorkusam girýär, sebäbi bu köp adamlar üçin ölmek gorkusyndanam güýçli.
— Diýmek, adamlar tankytdan gaçmak üçin köpçülige goşulyp, adamlaryň arasynda bukulýarlar-da? — diýip, Maýk sorag berdi.
— Hawa, bu — örän seýrek adamlaryň ullakan baýlyk edinip bilýändiginiň sebäpleriniň biri. Adamlaryň aglabasy «tankyt edilerin ýa-da köpçülikden bölünip aýrylaryn» diýip, özlerini uly howp astynda duýýar — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Olar durmuşyny kynlaşdyrmajak bolup, adaty adamlar ýaly ýaşaýarlar, köpçülik nirä gyşarsa, şo tarapa eňýärler.
— Diýmek, iňlis dilinden geçip bilmezligimiz biziň üçin ahyrky netijede haýyrly diýmekçi bolýaňyzmy? — diýip, Maýk sorady.
— Eger onuň haýyrly tarapyny görmek isleýän bolsaňyz — diýip, Maýkyň kakasy asudalyk bilen aýtdy. — Tersine bolan ýagdaýynda bu, dogrudanam, siziň üçin ullakan şowsuzlyk.
— Biziň bahalarymyz barada näme aýdarsyň? Olar ömrümiziň ahyryna çenli şahadatnamamyzda galar ahyry — diýip, men howsalaly ýagdaýda aýtdym.
Baý kakam makullamazlyk bilen başyny ýaýkady, soňra öňe süýşdi-de, talabedijilik bilen şeýle diýdi:
— Gulak as, Robert, men saňa ullakan syry açjak.
Soňra meniň üns bilen diňleýänimi biljek bolup, sözüne dyngy berdi-de, gürrüňe başlady:
— Meniň bankçym menden hiç wagt şahadatnamamy görkezmegi haýyş etmedi.
Onuň aýdan sözleri meni şeýlebir geň galdyrdy welin, «ýaramaz baha sebäpli şowsuzlyga duçar bolaryn» diýen pikirim şobada ýom-ýok boldy.
— Beý diýmek bilen, näme aýtmakçy bolýaňyz? — diýip, men onuň näme diýýänine düşünmän, ynamsyzlyk bilen soradym.
— Eşiden zadyňy — diýip, dostumyň kakasy arkasyny kürsä berdi.
Ol öz sözleriniň nähili täsir edýändigine düşünýärdi hemem bu zatlaryň kellämizde ymykly galaryny isleýärdi. Ol biziň mugallymlar maşgalamyzyň iň wajyp gymmatlyklaryny weýran edendigini bilýärdi, sebäbi şahadatnama hemem gowy bahalar bizde mukaddes hasaplanýardy.
— Bankçyňyz hiç wagt şahadatnamaňyzy görkezmegi haýyş etmedimi? — diýip, men ýuwaşlyk bilen gaýtadan soradym. — Ýagny siz bahalaryň ähmiýeti ýok diýjek bolýaňyzmy?
— Eýsem, men şeýle diýdimmi? — diýip, baý kakam sorady. — Eýsem, men: «bahalaryň ähmiýeti ýok» diýdimmi?
— Ýok — diýip, men çekinjeňlik bilen aýtdym. — Siz beý diýeňzok.
— Onda näme diýdim?
— Siz: «Meniň bankçym hiç wagt şahadatnamamy görkezmegi haýyş etmedi» diýdiňiz.
— Haçan-da, bankçymyň ýanyna baranymda — diýip, Maýkyň kakasy dowam etdi — ol hiç haçan şahadatnamamy görkezmegi haýyş etmedi. Şeýle dälmi? — diýip, baý kakam oglundan sorady-da, jogaba garaşman söze başlady: — Bankçym ýekeje gezegem mekdepde okanym bilen gyzyklanmady. Ol näme: «Siziň gowy bahalaryňyz bar eken. Size million dollar karz bermäge rugsat ediň» diýer öýdýäňizmi? Eýsem, şular ýaly zat mümkinmi?
— Bilmedim — diýip, Maýk jogap berdi. — Her näme-de bolsa, seniň ýanyňdakam bu barada soramandy. Ýöne bir zada gözüm ýetýär, ol seniň mekdep şahadatnamaňa seredip hiç wagtam pul bermez.
— Onda ol näme isleýär? — diýip, baý kakam sorag berdi.
— Ol seniň maliýe hasabatyňy görmek isleýär — diýip, Maýk asudalyk bilen jogap berdi. — Ol elmydama girdejiň hemem çykdajyň hasabatyny soraýar.
— Bankçylary diňe müşderisiniň maliýe hasabaty gyzyklandyrýar — diýip, Maýkyň kakasy dowam etdi. — Isle baý bolsun, isle garyp, isle sowatly bolsun, isle sowatsyz, belli bir möçberde pul bermezden ozal olaryň näme üçin maliýe hasabatyňyzy soraýanyny bilýäňizmi?
Maýk ikimiz «bilemzok» diýen manyda başymyzy ýaýkap, sesimizi çykarman durduk.
— Bu barada hiç wagt pikir etmändirin — diýip, garaşmakdan ýadan Maýk aýtdy. — Belki, özüň aýdarsyň?
— Sebäbi mekdebi tamamlanyňyzdan soň, siziň şahadatnamaňyzyň ornuny maliýe hasabatyňyz tutýar — diýip, baý kakam kesgitli aýtdy. — Ýöne bu zatlaryň ýaman ýeri — mekdebi tamamlan adamlaryň aglabasynyň maliýe hasabaty barada hiç hili düşünjesi ýok.
— Diýmek, okuwymy gutaranymdan soň meniň şahadatnamam maliýe hasabatym bolýarmy? — diýip, men ynamsyzlyk bilen soradym.
Maýkyň kakasy başyny atdy:
— Bu seniň möhüm sapagyň biri bolar. Seniň ýene bir möhüm sapagyň biri — her ýylky lukmançylyk barlagyň. Ol ýere seniň agramyň, gan basyşyň hemem maşgala durmuşyň barada ýazylar.
— Diýmek, ol mekdepde diňe bäşlikçi bolup, maliýe meselesinde ikilikçi bolup bilermi? — diýip, men soradym.
Baý kakam razylygyň alamaty hökmünde başyny atdy.
— Bu hemişe şeýle. Adamlaryň aglabasy mekdepde gowy okasalaram, durmuşda maliýe hasabaty boýunça ýaramaz ýa-da ortaça baha alýarlar.
GOWY BAHANYŇ MEKDEPDE GADYRY BAR, MALIÝE HASABATYNYŇ BOLSA —
DURMUŞDA
Ikinji ýyla galma howpy meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy. Men okuwa bolan garaýşymyň ýalňyşdygyna düşündim. Iňlis dilinden «kanagatlanarsyz» baha almagym bu ýagdaýy gyssagly düzetmelidigimi duýdurdy. Mundan başga-da, men eýýäm 15 ýaşymda gowy bahalaryň mekdepde möhümdigine, mekdebi tamamlanyňdan soň maliýe hasabatynyň möhümdigine düşündim.
Maýkyň kakasy maňa şeýle diýdi:
— Mekdepdekäň her çärýekden soň okuwçynyň ýetişigi üçin baha goýulýar. Eger okuwçynyň ýetişiginde mesele dörese hemem ony düzetmek islese, onuň muňa wagty bar. Ýöne durmuşda ulularyň köpüsi maliýe ýetişikliginiň hasabatyny bilenok. Netijede, olar durmuşynyň howpsuz bolmagy üçin örän zerur bolan maliýe düzedişlerini girizip bilenoklar. Olaryň ýokary hak tölenýän işi, uly öýi, owadan ulagy, iş ýerinde abraýy bar, ýöne şol bir wagtda maliýe ýeňlişine çydamaly bolýarlar. Iň soňunda ykdysady taýdan şowsuzlyga uçrandyklaryna düşünen wagtlary, özleriniň eýýäm garrandygyna, bu ýagdaýy düzetmek üçin wagtlarynyň ýokdugyna düşünýärler. Ýadyňda sakla, bolmanda her çärýekde maliýe hasabatyňy barlap durmasaň, soňy kyn bolar.
ÝALŇYŞYŇYZDAN SAPAK
ALMANY ÖWRENIŇ
Ogullarynyň mekdepde gowy okamaýandygy kakalarymyzyň ikisine-de ýaramaýardy. Şeýle-de bolsa, biziň bilen işi şowuna düşmedik adamlar ýaly gürleşmeýärdiler, tersine, ýalňyşymyzdan sapak almagy öwrederdiler. Meniň kakam — ol mekdep mugallymydy — şeýle diýerdi: «Şowsuzlyk — bu at däl-de, işlik».
Gynansagam, adamlaryň aglabasy şowsuzlyga düşen wagty şonuň ýaly adama öwrülýärler.
Çagalaryň ýykylyp, tigir sürmegi öwrenişi ýaly, adamlaram ýalňyşdan sapak almany öwrense, olaryň öňünde düýbünden täze mümkinçilik açylar. Ýöne öz ýalňyşy üçin ýalan sözlese ýa-da başga birini günäkärlese, onda olar ylym ýolunyň artykmaçlygyny ulanmakdan, ýagny öz ýalňyşyndan sapak almakdan mahrum bolarlar.
Men 15 ýaşymda iňlis dilinden geçip bilmedik bolsam, hiç wagtam ýokary bilim alyp bilmezdim hemem okuwy tamamlanymdan soň maliýe hasabatynyň möhümdigine düşünmezdim. Uly baýlygy örän az adamlaryň gazanyp bilýändiginiň sebäbi, adamlaryň aglabasy ýeterlik derejede ýalňyşanok. Eger sapak almany öwrenseň, ÝALŇYŞLYK bahasyna ýetip bolmajak zatdyr.
Haýsydyr bir zatda ýalňyşlyk goýberip hemem ondan sapak almadyk adam, köplenç, şeýle diýýär: «Bu meniň ýalňyşym däl». Şeýle diýmek bilen, ol durmuşyň beýik peşgeşleriniň birini ýele sowurýar — ýalňyşlyk etmekden mahrum bolýar. Niýetini amala aşyryp bilmedik adamlar gaty kän, sebäbi olar öýde hemem mekdepde öwrenen zatlaryny gaýtalaýarlar: «Oýna, ýöne töwekgellik etme. Ýalňyşma — ýalňyşmak gowy däl. Gaty kän ýalňyşýan adamlar — işi şowuna düşmeýän adamlardyr».
Adamlaryň öňünde çykyş edenimde, köplenç, şeýle diýýärin: «Bu gün men siziň öňüňizde näme üçin durun? Men köpiňize görä has kän ýalňyşyp, gaty kän pul ýitirdim — ine, şonuň üçin durun». Başga söz bilen aýdanyňda, baý bolmak üçin tölemeli bahaň şundan ybarat — ýalňyşlyk etmeli, ýöne munuň üçin başga birini günäkärlemeli ýa-da özüňi aklamaly däl-de, ýalňyşyňy boýnuňa alyp, ondan sapak almany başarmaly. Durmuşda sähelçe üstünlige ýetýän adamlar ýalňyşmak islemeýän adamlardyr, olar ýalňyşanlarynda-da sapak almak islemeýärler. Şonuň üçinem olar her gün irden turup, şol bir ýalňyşyny gaýtalaýarlar.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»