Karlo Mikelştedter
Karlo Mikelştedter
KARLO MIKELŞTEDTER
Karlo Mikelştedter, asly ýewreý italýan ýazyjysy, filosof.
1887-nji ýylyñ 3-nji iýunynda Gorisiýada baý ýewreý maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Albert Mikelştedter Gorisiýa kitaphanasynyñ guramaçylyk toparynyñ başlygy bolansoñ, Karlonyñ çeper edebiýata bolan ilgezikligi güýçli boldy. Ejesi Emma Koen Lusatto bolsa onuñ watansöýüji we maşgalasyna wepaly perzent bolup ýetişmegi üçin elinden gelenini etdi. Çagaka öte bezzat bolan we içini gepledip ýören Karlo Gorisiýa şäherindäki ýokary okuw jaýyny tamamlansoñ, giñ dünýägaraýyşly ýaş ýigide öwrüldi. Döredijilik ukyby we suhangöýligi mese-mälim öñe saýlanan Mikelştedter Florensiýada grek, latyn dillerini öwrenip başlaýar. Antiki filosofoýanyñ ynandyryjylygy we ritorikasy boýunça diplom işini goran Mikelştedter gozgan meselesiniñ üstünde beýlekilerden düýpgöter tapawutly we döredijilikli görnüşde işledi.
1909-njy ýylda Gorisiýa dolanyp barýar. 1910-njy ýylyñ güýzünde, 17-nji oktýabrda diplom işiniñ gapdalyndan "Ynandyryjylyk we ritorika" («Убеждение и риторика» / "La Persuasione e la Rettorica") eserini hem ýazyp gutardy. Şol gün agşam Mikelştedter bolýan otagyna girip sapança bilen özüni atdy. Ol aradan çykansoñ şahyryñ hossarlary we dost-ýarlary Gorisiýanyñ kitaphanasynda saklanyp galan ýazgylaryny toplap, kitap görnüşinde neşir etdirdiler.
1912-nji ýylda «Dialogo della salute» ady bilen Ženewada goşgular ýygyndysy hem neşir edilýär
■ Mikelştedteriñ pelsepewi garaýşy
Mikelştedteriñ pelsepewi garaýşyny kesgitlemek juda kyn. Çünki onuñ biwagt we ýaş ölümi zerarly kimlerden täsirlenmeleri alandygyny seljermek we pelsepewi ugruny kesgitlemek añsat bolmandyr.
Şeýle-de bolsa, Mikelştedteriñ ruhy dünýäsinde adaty durmuş formalarynyñ ýoklugyny, onuñ üçin ýönekeý durmuşyñ diýseñ içgysgynçdygyny, howaýy keýpi-sapalara we şahsy bähbide kowalaşandygyny, adamy toruna salýan aýşy-eşret hudaýyna (ýagny, şeýtana) uýandygyny görmek bolýar.
Filosoflar ony häzirki zaman ekzistensial filosofiýanyñ başyny başlaýjy hasap edýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly