|

Karl Marks

Karl Marks KARL MARKS

Deñiz ýaly giñdir Garagum çöli,
Bu giñ çölüñ oba, şäherlerinde.
Karl Marks, saña gabat gelýärin,
Baky watan tutduñ meniñ ýerimde.

Karl Marks, ynsan adyny dakýar
Köçe hem kolhozda her bir diýarda.
Mähriban keşbiñi — suratyñy hem
Guwanç bilen asyp goýýar diwarda.

Köne palto geýip sowuk jaýlarda
Ýazdyñ pikiriñi kagyz ýüzüne.
Bir müñ däl, ýüz müñ däl, milliard adam
Uýdy seniñ parasatly sözüñe.

Ýyly geýinmegi üçin hemmeleñ,
Ýaşamagy üçin ýyly öýlerde
Karl Marks, özüñ mätäçlik çekdiñ,
Şu zat seni ägirt eden, beýgelden.

Ýyllaryñ yzyndan ýyllar geçip dur,
Sen bolsa beýgelip barýarsyñ barha.
Ýene beýgelersiñ, eý, beýik adam,
Ene ýerimizde ýaşaýyş barka!

Gurban ÇÖLIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle