Käriz
Käriz
Baba Annanowa
Pedermiñ pederi düýşüme girip,
El ýetirdi dulda duran ýassyga.
Asyryñ, ýyllaryñ perdesin syryp,
Gorka-gorka göz aýladym aslyma.
Ýassygy tirsekläp ýatyr Merdemlik.
Eý-aman!
Dilimi dişledim haýgyp.
Ýatyr Gaýduwsyzlyk.
Ygrar.
Erjellik.
Halallyk.
Adyllyk.
Agraslyk.
Aýgyt.
Gedemlik now ýok goja köñülde,
Ýatyr Pälipeslik.
Erklilik.
Gerim.
Ak sakgal Ynsabyñ, Pähmiñ öñünde,
Oýurgap,
müýnürgäp
egildi serim.
Agraslyk ardynyp dillendi: — Ogul,
Men süýndürip oturjak däl söhbeti.
Söküpdi süññüni bogunma-bogun,
Şu meýdanyñ aladasy, zähmeti.
Ýañlanandan ahun agañ azany,
Azaldyr kätmenler hereketdedi.
Azal bilen sürlen ýeriñ azaby, —
Hasyly hümmetli, bereketlidi.
Gorady topragy bela-beterden,
Miras diýip, geljek nesile bizden.
Halasdy bu ýerler zeýden-zeperden,
Hileden,
haramdan,
bedinebisden.
Diñle, dykgat bile gara-da maña,
Bardy ile-güne ýaran kärimiz.
Akardy asuda Garadamaga,
Şu ellerim bilen gazan kärizim.
Çala sudur bardyr ondan häzirem,
Heññam geçip,
kimse gelen,
kim giden.
Hawa, hanym, "Gurbangulyñ kärizem"
At täzeläp, bolan eken "Gum giden".
Bu gün seni ýarygije örüzip,
Biläýjekdim ýagdaýyn şol käriziñ.
Gördüñmi bir "Gum gideniñ" ýolun sen,
Gören bolsañ, aýdyp otur, halyn sen!
Ýatyrmy ol şindem tozap, gum bolup?!.
Ýene başyn aşak saldy sem bolup,
Bimanylyk,
Bigeleñlik,
Dymmalyk.
Jogapsyz sömelip galansoñ sowal
Goja geñler galyp bakdy zürýada.
Soñam synyp silkip, hümürdäp gitdi.
Ol meniñ kärizin görmänime däl,
Göwnüme bolmasa, başga bir zada,
Çal başyny ýaýkap,
hüñürdäp gitdi.
Gylyçmyrat KAKABAÝEW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 13.01.1989 ý. Goşgular