Karar
Karar
▶ KARAR
Indi besdir,
gamgyn bolmak hebesdir,
Bolmadyk işler hiç, boljak iş boldy.
Her niçigem bolsa, ysgajak gülüm,
Wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Şol sebäplem kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Biminnet nur saçýan Güni hem Aýy,
Bu ýagty dünýäni görýän diýibem.
Toýa gitjek ýaly,
her gün ir bilen
Öýümden keýpikök örýän diýibem.
Päkize kalbymy lälezar eýläp,
Şay aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Bilip bolmaz, käte ownuk alada,
Gam bolup üstüme salsa kölege.
Şepagat taparyn aýdymdan-sazdan,
Men öñdenem aýdym-saza ölemen.
Şol sebäpli kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.