Käni bar
Käni bar
Han içinde dürli nygmat käni bar.
Han içinde nygmat içen adamyñ
Hiç gümansyz köñlünde imany bar.
Murda oldur, kim nesihat diñlemez
Zahyran gerçe içinde jany bar.
Zikri hakdan gapyl bolan adamyñ
Ötse älemden onuñ ne sany bar.
Hak ezelde kimsäni kylsa sagyt
Bu nesihat müşkünden dermany bar.
Pany içre tutmadyk Hak emrini
Haşrda sansyz hezar armany bar.
Gaty köñli sal nesihat suwyna
Bolsa towfyk, ýumşasa imhany bar.
Waý eger towfygy Hak-ýar bolmasa
Neýlesin ol pent beren ýarany bar.
Hiç ötermi urmak bile daşa ok
Görse kim elde polat peýkamy bar.
Zalymyb köñli eger daşdan gaty
Nasyhyñ elinde ger suwhany bar.
Hak işin asan eder ol bendäniñ
Dünýä ahyr her kimiñ yhsany bar.
Dirlik eden zikri hak birle dowam
Rozy magşar hoş geçer döwrany bar.
Söz bile tenbih kylar misgin Azat
Ga:fyr atly her kimiñ subhany bar.
Döwletmämmet AZADY Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.