|

Kämillik ýolunda

Kämillik ýolunda KÄMILLIK ÝOLUNDA

Kämillik ýolunda

Barha uzap barýan uly ýollarda
Bilmez ýaly kämilligiň serhedin,
Olar meni şaha kimin döwdüler,
A men bolsa polat kimin berkedim.

Ýörän çagym topragyma daýandym,
Ýykylamda bolsa badaşdy ýürek…
Hawa-da, bug bolup galmagyň üçin
Ilki ot üstünde gaýnamak gerek.

Däli derýalaryň akymy ýaly
Ýürek damarynda aksa-da al gan,
Meger özbaşyna jansyz göwredir,
Kämillik ýoluna ýetmedik ynsan.

Ömrüm ahyrlasa, mazar daşyma
Ýazaryn ömrümiň iň soňky bendin:
Olar meni öldi diýip gömdüler,
A men bolsa indi-indi direldim.

09.11.2018 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle