| |

Kämilligiň ýoly / goşgular toplumy

Kämilligiň ýoly / goşgular toplumy KÄMILLIGIÑ ÝOLY

Kämilligiň ýoly / goşgular toplumy

Jebri-jepa çekip, ynsan ner bolar,
Sadapda zar çekip, damja dür bolar.
Omar Haýýam

• RUBAGYLAR

Aglaman gamy ýeň, ümsüm, sus bolup,
Öwünmän kämilleş, pälipes bolup:
Şine tohum ýaryp, boý alýar sessiz,
Garry agaç ýykylýar ala-goh bolup.

“Bizi kämil edýän – diýme – wagtdyr”;
Wagt däl, tejribedir, bilim, zähmetdir.
“Wagty gelip goýazlanýar” diýýäniň
Adam däldir, üzüm, alma, armytdyr.

Aýyp däl durmuşda ýykylyp tursaň,
Gujur-gaýrat tapyp, silkinip tursaň;
Hasam gowy – säwligiňden ders alyp,
Özüňe öňküden bek bolup tursaň.

• SABYR BILEN

Sabyrdan aýrylma, darygma, göwnüm:
Sabr edene Alla ýaran bolupdyr;
Ýaradan söýüpdir sabr eden gulun –
Sabryň ýoly bagta rowan bolupdyr.

Sabyr bilen dilinipdir gaýalar,
Sabyr bilen gazylypdyr guýular,
Sabyr bilen çekilipdir derýalar –
Sabyr bilen çöller bossan bolupdyr.

Dünýä döner mydam, aýlanar çarhlar:
Gijäň soňy gündiz, gyş soňy bahar;
Hijran soňy – wysal, kin soňy – mähir,
Muşakgatyň soňy döwran bolupdyr.

Sabyrly bol her iş gelse bu sere –
Täleýiňde bolsa gitmez nesibe;
Ýusup sabyr etdi – ýetdi Müsüre:
Sabyr bilen gullar soltan bolupdyr.

• KALPDAN MÄHRI, ÝÜZDEN NURY…

Kalpdan mähri, ýüzden nury
Berme nyrh bilen, nyrh bilen;
Tagna sözler ýürek-bagry
Çişlär syh bilen, syh bilen.

Egri ýoda Haka gelmez,
Düşen aňsat çykabilmez,
Belalary ýeke gelmez –
Geler çoh bilen, çoh bilen.

Azyp galpyň süýjüligne,
Haram guýan öý-ojagna
Uklabilmez gijelerne,
Turar goh bilen, goh bilen.

Sada bol, sür halal döwran,
Il hakyna kylma karam:
Ballar bilen giren haram
Çykar ah bilen, ah bilen.

Hergiz aşak salma başyň,
Nobatly bil dünýäň işin –
Kadyr Alla bagt gerdişin
Aýlar çarh bilen, çarh bilen.

• MAGŞARDA JEZANYŇ ODY ÝAKYLGY

Magşarda jezanyň ody ýakylgy:
Zulm edenler şondan alar “hakyny”.
Ýüklemez arkaňa neriň ýüküni,
Nerligiň Eýäňe belli bolmasa.

• RUBAGYLAR

Bagt bolmaýar ömürboýy eşretden:
Ynsan bagty dömüp çykýar külpetden:
Ak daňdyr ol – dogýar gara gijeden,
Ak nurdur ol – ýagýar gara bulutdan.

Bedewler çyrpynýar der-gan içinde –
Jepasyz menzil ýok meýdan içinde;
Heý, başy gowgasyz, kalby ýarasyz
Kämil çykan barmy ynsan içinde?

Her kimse çekmeli ykbalyň ýükün,
Başda kyn bolmagy, elbetde, mümkin:
Hak ýoluň başy kyn, soňy asandyr,
Batyl ýoluň başy asan, soňy kyn. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle