Kämilligiň gözleginde
Kämilligiň gözleginde
Gyssan, Berdinazar, gyssan birneme,
Entek ýetilmeli menzilleriň bar.
Berdinazar Hudaýnazarow
Belki, saňa «sabyrsyz» diýr özgeler,
Bilim bilen tutuş dünýäň özgerer,
Kämil çykar kynçylyga döz gelen,
Gyssan biraz,
badyň artsyn düýnkiden.
Neneň gyssanmajak kalbyňda hyjuw,
Niçe kalpda saňa çäksiz ynam bar.
Diýilmedik müňläp owadan sözler,
Ahmal, seniň galamyňdan dogular.
Meger, näçe syr bar dömülip çykjak
Olar seniň gözlegiňe intizar.
Gyssan, Aýmakowa, gyssan birneme,
Entek ýetilmeli menzilleriň bar.
Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Goşgular