Kämil goşgynyñ döreýşi
Kämil goşgynyñ döreýşi
— Goşgy ýeňil zatmy näme?
+ Hawa, ýeňil bilmeýäne
— A bilýäne?
+ Oňa agyr
Ýeňil zat däl, kämil şygyr,
Döretmeli bolsa eger,
Şemal bolup sere uran,
«Pikirler» harasadyndan,
Öz başyny çarap çykar.
Ýazar, bozar, ýene ýazar,
Ýa mesnewi ýa-da gazal.
Pikir çuňda bolsa eger,
Galam bilem ak topragy
Gazar. Dynman zähmet çeker,
Akmasada alnyndan der,
Bol hasyly almak üçin,
Bolmak gerek zähmetsöýer.
Ýeri gekse juwan bolup,
Gözellere lak atmaly.
Döşlerne güller dakmaly.
Parhy ýok elli ýa segsen,
Ýaşda bolaý ýüregiňde
Yşgyň oduny ýakmaly.
Ýeri gelse gül bolmaly,
Ýa Müsürde gul bolmaly.
Dag bolmaly başy garly,
Düz bolmaly alma,narly,
Giň bolmaly Asman ýaly,
Çüň bolmaly umman ýaly,
Gerek bolsa duşman ýaly,
Bolmaly tilki hyýally,
Hem tersine ýolbars kimin,
Mert bolmaly namys-arly,
Käte bolsa jomart bolup,
Eçilmeli toprak ýaly.
Iýjegiňi dilemeli,
Göýä,mollatorgaý ýaly.
Aý, garaz ýeriň ýüzünde,
Ajy,süýji miweleriň,
Tagamyny gözüň gyrpman,
Datmagy-da başarmaly.
Ele galam alan şahyr,
Şu zatlaryň ba:ry üçin.
Şygryýetde o:t bolmaly,
Başarmasa ýok bolmaly…
… — Goşgy ýeňil zatmy näme?
+ Hawa, ýeňil bilmeýäne
— A bilýäne?
+ Oňa agyr
Döredäýmek kämil şygyr.
Isa HOJAMERDANOW. Goşgular