Kalbyň ýaz, läläm
Kalbyň ýaz, läläm
Ýylgyrşyň ýazlardan ýaradylypdyr,
Gaharlanaňda-da meňzäňok gyşa.
Şonuň üçin ýaz ýürekli ýalňyzym,
Çytylan gaşlaňdan etmen endişe.
Ýylgyraňda gözellikde deňsiz sen,
Has gözel sen gaharlanan mahalyň.
Ýüregiňden orun tapmandyr buzlar
Özi bolup dogulaňsoň baharyň.
Şonuň üçin ýalkasaňam ýalkanyş,
Ýazgarsaňam, ýene ýalkan ýaly sen.
Men barybir bahar görýän gözleňde,
Gaharlyjam,
Ykbalymyň ýazy sen.
13. 10. 2011 ýyl Goşgular