|

Kakasy aýatda, çagasy ýetim…

Kakasy aýatda, çagasy ýetim… KAKASY AÝATDA, ÇAGASY ÝETIM…

Kakasy aýatda, çagasy ýetim...

Uly bolmasa-da ýaşan howlymyz,
Çagajyklar oýnaşyp ýör hezl edip.
Gyş günleri olar pejiň başynda,
Ýazda oýnaýarlar ýagşa ezilip.

“Gülnar, Gülşat, Myrat…” atlaryn tutup,
Ejeler çagyrýar çagalaryny.
Bu ahwaly synlap duran bir goja
Diýdi: “Eşitmäli agylaryny!”

Ýaz ýagşyndan gorasa-da ejeler,
Gorap bilmediler olar bir zatda.
“Kaka!” sesi eşdilmeýär öýlerde,
Olar aýry öýde, haýp, aýatda.

Çagaka mähirden jyda düşeniň,
Diňläp görüpmidiň ýürek zaryny?
Näme diýip biler eje görgüli,
Eje saklap otyr namart törüni.

Biwepa atanyň ýetim çagasy,
Diýdim: “Bu-da durmuşyň bir kanuny”.
Howlymyzda oýnaşyp ýör çagalar,
Ýetim olar. Niçik zabun sen pany?!.

19-24.05.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle