Käbäme
Käbäme
«Käbäm» diýip, bagrym ezip,
Bildimmikäm göwnüň görüp,
Aýaklarňa başym goýup,
Dyzlarym epmäge geldim.
Saýa bolduň başlaryma,
Ak sepse-de saçlaryma,
Nusgasyň bar işlerime,
Elleriň öpmäge geldim.
Durşuna nurdan ýasalan,
Mähriňe suwsap gysylan,
Bagra köz bolup basylan,
Dertlerim dökmäge geldim.
Ýöne indi golum serip,
Tapman seni dünýä gezip,
Oturan ýerleriňi görüp,
Doýynçam bakmaga geldim.
Gapymyzy açan bada,
Käbäm ejem düşýäň ýada,
Ýitmäwersin gadym ýoda,
Yzlaryň öpmäge geldim.
Näzik MÖWLAMOWA.
«Garagum» žurnaly 6 — 2021 Goşgular