|

Jygyllyk bazarynda

Jygyllyk bazarynda JYGYLLYK BAZARYNDA

Ýekşenbe bazary giden mähelle
Birgiden satygçy, sansyz hyrydar.
Jübiň galyň bolsa geliber, ynha,
Tä iňňeden başlap islän zadyň bar.

Dolmuç daýza bogaz ýyrtyp gygyrýar:
— Geliň, ýagly süzmä, geliň halaýyk.
Süzmäniň bahasy näçeden daýza?
— Näçe gerek? Iki manat ylaýyk.

— Al, ýigit, gelniňe oňatja sowgat —
Diýip, ýene biri ýüzüňe bakar.
Elinde bir bölek simgeçen parça,
Bahasyn sorasaň ummadan uçar.

Ýene biri bolsa gülli joraba,
Özüçe bäş esse gymmat nyrh keser.
Ütjekdirler seni dürli al bilen,
Eý-ho, bu daýzalar ýeserdir, ýeser.

Sen olara haýran bolup bakarsyň,
Ýöne gymmatçyldyr olar naýynsap.
Guşuň süýdem diýseň bardyr bu ýerde,
Arman birje zat ýok, ol hem päk ynsap.

Gulgeldi HOJAMÄMMEDOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle