|

Jübikeser

Jübikeser JÜBIKESER

Bilýäñmi, nämüçin türmä düşenmi?
Bir juwanyñ jübüsine giripdim.
Ilip ýetişmänkä çolpyma bir zat,
Gulagmyñ düýbüne şarpyk iýipdim.

Öz kakamyñ kimdiginem bilemok,
Nirde gözüm açyp geldim jahana.
Meni kim doguryp ýetişdirdikä?
Kimiñ mämesini saldym dahana!

Meñzi gurap-solup giden ýañagym,
Zar boldy ejäniñ ýeke öpüşne.
Bütin ömrüm boýy kaka diýleni
Mähir bilen el goýmady başyma!

Dañyn atyrmady kimse meñ üçin
Başujymda syrkaw bolup ýatamda.
Ýalbarmasam ýa-da bir zat bermesem
Gelen bolmaz çabalanyp ýatañda!

Kä ýanwaryñ aýazynda titredim,
Kä iñledim iýun jokramasynda!
Bir döwüm çörege zar bolup ýatdym,
Metjidiñ şyrtakyr giñ howlusynda!

Käte biri sermekledip elini
Ýüzüme ýa ýañagyma degirse.
Begenjime pikir ederdim içimden,
Berer öýdüp ölmez-ödi ýürekse.

Bir ykmanda ýetişerdi dadyma,
Jokrama yssyda bir jam suw bilen.
Eýse baýlañ güýji ýetmedimikä,
Doýurmaga bir döwümjik nan bilen.

Bütin juldan çykmyş ahwallar içre
Abyn-tabyn aldym bu senetleriñ.
Halkyñ kisesinden usullyk bilen,
Öwrendim çilmegi pul-manatlaryn.

Ýol ugruna dikdim açgöz tiñkämi,
Çilimlije naharlaryñ gowsuna.
Bir tartamda içime gök tüssäni
Nädip zogdurlyşyn özgäñ jübsüne.

Öwrendim. Hem lälijek çagalañ
Täp-täzeje eşiklerni ýyrtmagy.
Ýa-da gizlin ýoldan ammara girip
Bir almany alyp yza ýortmagy!

Şunça çakganlygym bermedi peýda,
Indi giç, ýatyryn gazamatda men.
Şindi başa geljeklerden bihabar,
Näçe ýatarynka bu zulmatda men.

Şonda-da men bagtly duýýan özümi,
Mekdebinde täze dostlarym bilen.
Ekleýärler munda müñlerçesini,
Meniñ deñsiz-taýsyz kesplerim bilen.

Simin BEHBAHANI.

Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle