|

Joşgunly goşgular

Joşgunly goşgular

JOŞGUNLY GOŞGULAR  

Belki ile ýaran däldir bolşumyz 
Göwün etmän,
başgaçarak bolalyň!
Belki ile ýaran däldir däbimiz 
Göwün etmän!
täze däbe uýalyň. 
Belki ile ýaran däldir ýolumyz  
Biz  indiki ädimleri duýalyň.
Belki ile ýaran däldir dogşumyz 
Göwün etmän! 
başgaçarak doglalyň.

*  *  *

Köçelere has tapawut goýdular 
Ol köçe ses-üýnsiz 
Bu köçe şowhun 
Ol köçe seslensin.  
Bu köçe dymsyn.

Onsoň  dymyşlyga 
Şowhunlylyga
Dikeltdiler 
Köçelerde dürbiler…

Ýöne köçeleriň 
Kadasy başga 
Olar janly 
Keşplere öwrülen 
Bolmaýar ümsüm.

 *  *  *

Örän ir ekilen miwe baglaryna  
Meňzedesim gelýar 
Demokratiýany.
Geçmişi arassa
Suwaranlar kän,
Emma bu toprakda 
Eglen pudagy 
Şagala şam bolýar  
Ýekänme –ýekän. 

Bu gün oglum
Ýoljak bolýar almany 
Enerjisi ýokar,
hem tamasy kän.
Emma eli hiç ýetmeýär 
Neressäň !

Öýümize myhman gelen suratçy 
Almaň üç ölçegin 
Şekillendirip,
Ruhuna siňýär. 
Onsoň bir kagyzda 
Teswirlendirip,
Gädilen almany 
Ogluma berýär.

 ***

Sen birden ….  
Sen birden,
bogazyňdan Bogulduň! 
Diňe diýdiň 
Ýandym!
Ýandym!
Ses-sezasyz… 
Dymdyň! 

Sen aýdym aýtjakdyň 
Şol bogaz bilen 
Söýgi – wysal Hakda 
Aýralyk hakda 
Jebri –japa hakda 
Uly il hakda
Ýene kän zat hakda
Sen doýga dönüp
Ah!gezjekdiň gursakda…

Seniň kalbyňda
Berç tutup giden 
Ahmyrlar 
      Dertler  
        Ünjüler  
               Öjler 
Zerre –zerre 
Seniň dalgyr 
Bogazyňa siňipdir…
Bogazýňda gemre baglanan 
Sesler  
Bütin nalalar 
Bolup hamyla 
Bir göwrä dönipdir, 
ses dogulupdyr.

Şoň üçin bogazyň 
Alnyp nyşana , 
Gapdyrjak boldular!
Ses gapylmady!
A ses bolsa 
Has iripdir gapmadan 
Bilmedikler bildiler!…

Sesler ýaň atanda 
Seniň matamyňa 
Bütin gijeler
Giň şäheri yrapdyr …
Seň dal çynar kamatyňdan, boýuňdan
Ýetişen almalar 
Ýaşyl ýaprakly  
ýere tänip dir…

■ DILIM

Dilim, dilim 
Eziz dilim,
Sen bolmasaň 
Biz bolmarys 
Niçik geçer  aýym – günüm.
Bü türkmeniň dilinde bol
Bu türkmeniň ganynda gal
Her bir gysyş, dartgynlykdan 
Boýnuň galdyr galykgyn ok deý
Sen bolmasaň 
Biz bolmarys 
Gije aýym, gündiz günüm.
Niçik bolar aýsyz –günsiz
Seni gorap, aýap saklan
Türkmenler biz!
Türkmenler biz!

Gapur HOJA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle