Jogabyny tapyp bilmedik sowalym
Jogabyny tapyp bilmedik sowalym
Mundan üç aý ozal başlan bir goşgym
Agyr gussa çümüp, guýruksyz ýatyr.
Jemleme hemişe ertire galýar,
Bilmen, haçan geler arzyly ertir?!
Göräýmäge erbedem-ä däl ýaly
Başky setirleri, başky bentleri.
Ah, ýöne tapylman geçen jemleme
Ýaralady bütin goşgy depderi.
Bar geregmiz ajap jemleme bolsa,
Başymyz dik bolsa taparys tärin.
Ýöne ýalňyz bir maksadyň ugrunda
Ömrümizi bagş edýäris kä ýarym.
Çagalygam şol bir maksada baka,
Gojalygam şol bir maksada baka…
Şu dogrumyka? Goşgular