|

Jikjiki we demirçi ussa

Jikjiki we demirçi ussa JIKJJIKI WE DEMIRÇI USSA

Daýhanmy maldar olar üçin ýylyň tutuş döwri gyzgalaňly bolýar. Maý aýynyň ahyry tomus paslynyň gelendigi aňladýar. Güller​ owadanlanyp​ müşki-anbar yslaryny daş-töwerege ýaýratsalar, miweli baglar düwýnçekläp başlaýarlar.​ Pessaýja öwüsýän şemalyň şypaly howasy kalbyňy heýjana getirip, ruhuňa ruh goşýar.
Indi bahar paslyndaka garanyňda guşlaryň toparlanyşyp saýraýan sesleri seýrekleýär. Çaga guşlar ​ jüýjelikden saýlanyp höwürtgelerini taşlap gidýärler. ​ Hut şol döwürlerde seýilgählerde we bag-bakjaly ýerlerde​ jikjikiler peýda bolup başlaýarlar.
​ Jikjikiler — serçä garanyňda kiçiräk bolsa-da, çakgan hereketi täsin jürküldisi bilen kowumdaşlaryndan ​ tapawutlanýar.​ ​
Türkmenleriň “Dil bela — diş gala” diýen atalar sözüniň çuň many-mazmuny bar. Ol megerem jikjikiler bilen bagly bolsa gerek. Munuň hut şeýledigine ​ biziň günlerimize gadymyetden gelip ýeten rowaýat ​ hem şaýatlyk edýär.
Ir zamanlarda obanyň çetindäki ​baýyrlygyň üstünde ussahana ýerleşipdir.​ Onda demirçi ussa oba hojalyk gurallaryny ​ we oba hojalygynda ​ zerur ​ bolan zatlary ​ ýasaýar eken.
Günleriň birinde ​ussahana niredendir bir ýerlerden bir​ ​ guşjagaz uçup gelipdir. Ol ussahananyň bir çetinden beýleki bir çetine geçip demirçi ussanyň hereketlerini birin-birin synlapdyr. ​ Belendiräk bir ýere çykyp bökjekläp​ az wagtlyk saýransoň gerek bolmadyk sowallaryny berip ussanyň ünsüni sowupdyr.​ Has beteri-de maslahat berip​ ussanyň başynda dert bolup sataşypdyr.
— Çirik-çirik, siz näme bilen meşgullanýarsyňyz?—diýip, ol ussa ýüzlenipdir.
— Gap-gaç, oba hojalyk gurallaryny, ​ atlar üçin nal ýasaýaryn — diýip ussa jogap beripdir: — Gel, guşjagaz, maňa ýardamçy bol, maňa kömekçi zerur, gadyr-gymmatňy bilerin.
— Ýok, goýaweriň, beýle pikir neneň kelläňize gelip bildi—diýip, ​ guşjagaz nägilelik bilen jogap beripdir: — Iş ýeriňiz gyzgyn, ot ýanyp dur. Birdenkä ganatlaryma, belki-de aýaklaryma zeper ýetsem neneň bolar. Jirik-jirik özüň işläber.
— Guşjagaz, sen asla hiç zatdan gorkmagyn.​ Bile işlesek işimiz gyzgalaňly we şowuna bolar — diýip, şonda ussa aýdypdyr.
— Özüň işle-de, özüň bejeriber, maňa siziň maslahatyňyz derkar däl. ​ Men saýrak guş ​ ahyryn. Jikjikiler bolsa saýramaly. Jirik-jirik! eşitdiňizmi diýipdir.
Jikjikiniň ýerliksiz sowalary, jürkildisi betbagtlygyň buşlukçysydy. ​ Jikjiki indi halys hetdinden aşyp ussanyň üstünden gülmäge het edip başlapdyr. Şonda​ amatly pursaty peýlän ussa jikjikini tutupdyrda ​ kapasada ýerleşdiripdir.​ ​ Jikjiki indi ussahananyň içinde belendiräk bir ýerden asylyp goýulan ​ täze mekanynda saýraýar. Şol saýraýyşda “Dilim meniň — belam meniň“ ​ diýen manyny duýmak kyn däl.

Şahymerdan SARY OGLY. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle