|

Jezanyñ ulusy

Jezanyñ ulusy JEZANYÑ ULUSY

Elhepus, bu daýzañ göripdigini,
Haýran galýan beýle gylygyna oñ.
Ekiz guzlan bolsa goýnuñ ýa geçiñ
Olam bir şarpykdyr dulugyna oñ.

Arada duldegşir goñşularynyñ
Alan lotoreýi utupdyr haly.
«Illeriñki şeýle bolaýýar» diýip,
Jibrinýär öz zadyn aldyrýan ýaly.

Öz boýdaşy düýnem gelin toýuna
Çagyryp gidende yzyndan garap:
«Illeriñki şeýle bolaýýar» diýip,
Hyrçyny dişledi başyny yrap.

«Tarpa-taýyn öläýipdir» pylany,
Bu habary eşdip, «wah, wah-eý» diýmän,
«Illeñ ölmem şeýle añsat bolaýýar»
Diýenmiş diýýärler oñ özem duýman.

Duýman ölüme-de göriplik edip,
Göripligiñ bolsadysyn ekip ýör.
Iliñ-günüñ oslamadyk jezasyn,
Öz-özüne berip, özi çekip ýör.

Anna GURTGELDIÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle