| |

Jerhet

Jerhet JERHET

Jerhet

Indi sen özüñe aklawjy bolma.
Gadagan-a edip bilmerin…
ýöne
Zaryn aýdymlary aýdyjy bolma…
Dutaram çalma.
Bar zady bolşy ýaly aýdyp,
aý, ýok…
Aýdansyrap
Gyýyldyrjak bolma ili özüñe.
Barybir diñleýji tapmarsyñ
ýigrim ýyllap çalyp gelen sazyña.
Öýüñe gaýdañda kanikul wagty
Bermäge gysganyp bäş-on manady
Taksistleriñ gujagyndan çykmazdyñ…
Düzüw bolsañ maşgalaly erkegiñ
Aýalyny iş ýerine getirip,
Durmuşyny bir zarbada ýykmazdyñ…
Beýtme ahyryn!
«Olam meni söýýä,
bulam meni söýýä…
Pylanam maña söz aýtdy,
Pysmydanam maña süýkendi…
Ýene-de birine ugratdym habar,
Ýöne habarymy almady kezzap.
Diýmek, olam meni söýmeýän eken,
Meni aldap-ogşap, oýnaýan eken…
Gyzyletene guşkam erkeksöýerdim,
Hem islärdim olañ meni söýmegni…»
diýip, öz-özüñi güýmemegiñi.
Ybarat däl durmuş diñe söýmekden,
Adamlarñam başga aladasy kän.
Birsellem ýanyñda bolanlar üçin
Sen ýöne bir geçip giden gury san!
Aý hawa-da… kime gerek ömürlik
Sen ýaly manysyz,
saldamsyz beýan…
Puluna,
çinine,
derejesine,
seredip erkekleñ otyrýerine…
Utanmadyñ atañ ýaly adamlañ
Kiriñ bilen öñem kirli düşegne
Girmäge!..
Sebäbi namysdan başga
Satara zadyñ ýok…
Äden ädimleñ
Tüýsüñi obanyñ maçy eşegne
Öwrüpdir…
ýüzüñden gidipdir ýalkym.
Säher Ženewada,
Öýle Maltada
Ikindin Nýu-Ýorkuñ alleýasynda
Ogşalmaga dözülmedik leb bilen
Öñýeteniñ ýeten ýerin ogşañda…
Umyt etme bärde — Türkmenistanda
Bardyr öýdüp seni söýýän gözli kör.
Ýadyña düşýämi… öñem diýipdim:
«Git!
Mara git
Lebaba git
Balha git!
Töwrize git
Gazmine git
Parhy ýok!
Guşluk Stambulda bir bardak çay iç
Giçlik Andalusda şamlygñy edin».
Menden-ä daşda bol, Hudaýa ýakyn,
Öz aýbyñy özüñ ýaýmaga çekin…
Il seni tanaýar,
A señ özüñ kim?
Özüñi tanasañ gowy bolar…
ýöne,
Hyýal bilen,
hile bilen,
gep bilen
Tapdyrmajak bolsañ janyma jaýy
Biçygyr sözlerim böwser serhedi!
Herhal men dymaryn…
(Parhymam şunda!)
Sen näçe garalap,
saýsañam gende.
Ýülünen ruhum bar,
Täze dünýäm bar.
A bu sözler bolsa…
Awunan kalbyñ
Iñ soñkuja syzlyp çykan jerhedi!…

Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle