Jennet köprüsi — SIN Guan, hytaýly şahyr

SIN Guan,
hytaýly şahyr
Bu goşgy sygyr çopany bilen Asman şasynyň ýedinji gyzynyň söýgüsine bagyşlanan. Ol rowaýat hökmünde dilden-dile geçip gelipdir. Onda hytaý halky tarapyndan bellenýän aşyk-magşuklar gününiň gelip çykyşy barada gürrüň berilýär.
Pelek ýaş juwanlary aýra salýar. Olara diňe ýylda bir gezek bir gije-gündiziň dowamynda duşuşmaga rugsat berilýär. Şol gün hem Hytaýda söýgüliler güni hökmünde bellenilýär. Şol gün ýaşlaryň söýgüsine tap getirip bilmän, Asmandaky ähli guşlar Akmaýanyň ýolunyň üstünden köpri bolýarlar. Şeýdip olar ýylda bir gezek bu aşyklaryň duşuşmagyna ýardam berýärler.
«Eger iki ýürek biri-birini çyndan söýýän bolsa, onda olara fiziki taýdan mydama bile bolmak zerurlygy ýok». Hytaý halky şu jümläni biri-birinden jyda düşen söýgülileriň duýgularyna hormat goýmak üçin ulanýar.
Surat kimin gözel topbak bulutlar
Asman şalygynda erkana ýüzýär.
Gam-hasratyň kalba çöküşi ýaly,
Owadan ýyldyzlar Zemine süýnýär.
Kesip geçip Akmaýanyň ýoluny,
Padymanam guçýar öz söwer ýaryn.
Altyn şemal säher çygyn guçanda,
Zemin söýgüsiniň öçermiş nury.
Emma iki ýürek söýgüsi bilen
Gündizi gark edýär näzdir kereşmä.
Bularyň söýgüsi şeýle bir päkmiş,
Göýä dagdan inýän durnagöz çeşme.
…Duşuşyk gutardy misli düýş ýaly,
Öýe barýan ýoly neneň geçerler?
…Eger iki ýürek baky bir bolsa,
Wagt bilen aýralyk umma gaçarlar.
