Jeñe belet ㅡ söýýän gylyçlañ sesin…
Jeñe belet ㅡ söýýän gylyçlañ sesin…
Jeñe belet söýýän gylyçlañ sesin,
Çagalykdan jeñ şöhratyna aşyk.
Söýýän ㅡ ganly çaknyşyklar höwesim
Hem ölüm pikiri kalbymda joşup.
Ýigitler esger bolup bu azatlyga,
Ölüm ýükün götetmese egninde,
Asla eýe däldir doly şatlyga,
Laýyk däldir posasyna gelinleñ.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
■ WAH-WAH! NÄME ÝALDYRAÝAR…
Wah-wah näme ýaldyraýar
Az wagtlyk gözel ýagty?
Göz göretele solup barýar
Ýaş ömrüniñ aýna wagty…
Solar gider juwan jany,
Oña uzak lezzet bermez.
Ol bagtly maşgalany
Uzak wagt begendirmez.
Bälçik süýji dili bilen
Gürrüñmizi gyzykdyrmaz,
Göwni açyk güle-güle
Lezzet berip uzak durmaz…
Şeýle gamgyn bu hyýaly
Gizlemäge çalyşaýyn,
Onuñ ýüzün görüp häli,
Sözün diñläp görüşeýin;
Gymyldasa bakyp şo dem
Seredýän men garabagyr.
Az salymlyk aýralyk hem
Götererden gaty agyr.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ …NA
Nämüçin öñünden hesrete batyp,
Mojuk pikirleri salýaryn ýada,
Ajy şum aýralyk labyryn atyp,
Geler diýp garaşýan nala-perýada?
Ýakyn geldi jebir çekmeli çagy!
Bir özüñ galarsyñ çöl-beýewanda,
Gelen güni ýatlap, çekersiñ dagy,
Ýatlamalar gaýtalanar zybanda.
Ol wagtda gyzyñ näzik sesine
Öz başyñy özüñ gurban kylarsyñ,
Ýa aýagnyñ ýeñil çybşyldysyna
Näme ber diýseler razy bolarsyñ.
Terjieme eden: Çary AŞYR.
■ K…
Birden başa düşen bu tukatlygy
Nämä gerek agyr oýa batyrmak.
Hemem gutulgusyz hijrany-dagy
Ýatlap, soñsuz gussa batyp oturmak?
Onsuzam ýakyn-a ejirli günüñ!
Täk özüñ oturyp ümsüm sährada,
Ýitiren iñ ajap günleñ barada
Ýatlamalar bolar ýalñyz hemdemiñ!
Ine, şonda, eý, betbagt, şol gyzyñ
Ýekeje sözüni ýa aýak yzyn
Erkiñ berip almaga-da taýynsyñ
Ýa ömrüñden geçmäge-de kaýylsyñ.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
■ BIDEREK SÖÝGINI PIKIRLER EDIP…
Biderek söýgini pikirler edip,
Geçiren ýazlarym haýp däl maña.
Syrly gijelerde şükürler edip,
Ol çalan sazlarym haýp däl maña.
Topar-topar bolup meýlisler guran
Biwepa dostlaryn haýp däl maña.
Wepasyz ýaş gyzlar döwranlar süren
Hem gamsyz tostlarym haýp däl maña.
Nirde rehim-şepagatyñ işleri,
Ol göwün dynçlygy, ýaş umyt hany?
Nirde öñki ylhamyñ gözýaşlary?
Gel, ömrümiñ ýazy, taşlama meni!
Terjime eden: Çary AŞYR. Goşgular