Jeñ aýdymy
Jeñ aýdymy
JEÑ AÝDYMY
Duşman ýene watanyma el atdy,
Mazaryndan posly gylyç uzatdy.
"Ýöre" diýýär, Haky zulum ynjatdy,
Atillanyñ oglusyñ sen unutma!
Medeniýet diýme, duýmaz ol sañsar,
Daş üstünde daş galmasyn, birme-bir.
Kellelerden tekizlensin her baýyr,
Atillanyñ oglusyñ sen unutma!
Tur, Plewne ýene al baýdak daksyn,
Dunaý gije-gündiz gan bolup aksyn.
Gaharyñ gaýnasyn, Balkany ýaksyn,
Atillanyñ oglusyñ sen unutma!
◆ ◆ ◆
■ Özümize tarap
"Atanyñ içgisi köpükli gymyz,
Arpa suwy içme!" diýdi bir gyrgyz.
Öýüñde bar bolsa erikdir alma,
Goñşynyñ bagyndan bir hurma ýolma.
Başga dile sygmaz enäniñ sözi,
Gözleseñ her sözüñ bardyr türkçesi.
Duýmazdan düşünme, sygmazdan görme,
Öz duýgulañ bolsun, ýetene berme.
Dileg et! Tañrynyñ sensiñ bilegi,
Göktürkiñ sendedir uly dilegi.
Demir saña uýar, ýyldyrym egler,
Isleme, sen döret! Görme, sen görkez!
Zyýa GÖKALP.
Goşgular