Jelebiñ aýdymy
Jelebiñ aýdymy
Gülgün reñkli rumýanany* ber maña,
Görk bereýin eñki gaçan roýuma.
Äber ýagy, çalnyp ýalkym saçaýyn,
Meñzäp tüm gijäniñ dogan aýyna.
Getir bäri, müşk kükeýän atyry,
Gaýgyrman sepeýin üsti-başyma.
Äkel maña, şol duran dar köýnegi
Kim guçmak islese üýşsün daşyma.
Şol bulgury uzat, bolaýyn sermest,
Öz gara bagtyma gülüp bakaýyn.
Betbagt hem gam-gussaly ýüzüme,
Göz gapyjy owadanlyk dakaýyn.
Tanşym köp, ýeke men, dostsyraýanlardan,
Meñki bolsun diýer ýaly dostum ýok.
Öñýeten dilinde aş gatyklaýar,
Ýöne bir gezeklik… a soñ hiç kim ýok.
Eý meniñ şireli, ýalançy lebim,
Syrymyñ, derdimiñ öñüni gizle.
Emlesinler has köp, bäş-on manady
Ýylgyr, posa paýla, kereşme eýle!..
Simin BEHBAHANI.
______________________________
* Rumýana — aýal-gyzlaryñ ulanýan kosmetikaly gutusy
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular