Jelaleddin / poema
Jelaleddin / poema

• Ýagşy günlerdäki ýatlama
Watanym — Garaşsyz,
Döwlet — berkarar.
Howalasy belent ýaşyl Baýdagyň.
Ajaýyp döwrüme aýdyň erte bar,
Owazy ýakymly aýdym aýdanyň.
Şat heňleriň aşygy men
ölemen,
Olar ýüregimde oýarýar yşgy.
Ýöne bu günleriň nyrhy
tölenen —
Ençe asyr gezdi il egni gysby.
Ady älem baglan Oguz pederiň
raýatlary rahatlykda
gülende
duşmanlar bilmändi näme ederin,
şöhraty, abraýy galdy
belende.
Nusaý,
Gürgenç,
Maru-şahu jahanda,
beýik geçmişi bar
beýik türkmeniň.
Bular boş söz bolmaly däl
dahanda,
Kim isleýär çüwen bagtyň ürkmegin!
Wagtam akyp durdy öz akymyna,
döwlet abadandy,
il imisala,
Bir gün gulluk edip öz akylyna,
Ýurdy paýhynlady
bir bimysala.
«Ýeňilmesiz ýagy bolup galmasyn,
Maňa ölüm ýegdir ar,
gyjalatdan,
Türkmenleriň Tugy belent galgasyn!»
Diýip, atlanypdy är Jelaleddin.
Hyruç
Aladaňdan.
Gupbasy ýok minara
bir menzilden göze ildi
seleňläp.
Ýetilmesi agyr boldy şol ara,
ýöne-möne bolmaly däl,
bolan zat.
Ýüregim bir erbet alamat syzdy,
geldim:
Ýurt talangy,
ýürek elendi.
Adam iki pursat delalatsyzdyr:
doglanda,
hem jan karkara gelende.
Ölüm diňe ejizleri ýok edýär,
Beýigi galdyrýar bir gez belende.
Şu wagt welin,
gan öýüpdir hyrçyma,
ýurt goýnunda mawy tüsse elenýä.
Taparyn men dünýäň aňry burçundan,
öldirin.
Ýa maslyk bolup dolanýan.
Ölümdenem beter ýazyk meň üçin:
agyr günde ýöwselligi atamyň.
Ýowuz söweşerin soňky deme çen,
aşagyndan çykmak üçin
hatanyň.
Eşege çalymdaş atlary bilen,
arduryja sypaýmazlar.
Ýeterin.
Özüniň iň ýowuz matlaby bilen,
aňsat ýeňiş gazanypdyr,
it ogly.
Düşünip bilemok:
ol ýowuz ýürek
ýumruk ýaly göwrä neneň
sygypdyr?
Ýöne,
häzir ýersiz pelsepä derek,
hökman atlanmaly,
ýörüň, ýigitler!!!
• Ýolda
Bu pursatda
däl men tagtyň yşgynda,
biarlykda ýaşamakdan ýadadym.
Atamyň didaryn gördüm
(guş gonmaz
köşgünde däl),
dertli halda,
adada.
Ýüregim gyýylýar:
doganlarymyň
derejesinden pes geldi üşügi.
Ýogsa, olar düşbi bolanlygynda,
gurnap ýörmezdiler dildüwüşigi.
Ýok,
bu halda biz ýeňişe ýetmeris.
Şowsuz bor söweşi
meýdanlaryňam.
Çünki,
duşman juda mekir,
betnebis.
Olar bu ýagdaýdan peýdalanarlar.
…Gazna goşun toplamaga barýaryn.
Şu bagt öz ýurdumda bolanlygynda…
…Itleň agzy gurdy görse birigýär.
So-oň,
şeýle bolupdyr doganlarym-da.
«Men-menligi» ýeňşi bilen sepleşip,
Şöhratyndan gapylypdyr gözleri…
Allaň penasynda, toplap köp goşun,
Ar alýançam netimden el üzmerin.
Meniň ýüregimiň dilinen ýeri:
nämüçin,
Çingizden asgyn perişdäm?!
Baýlyga imrinip,
inilerimiň
Tagta dalaş etmekligi
geň iş däl.
Düşünýän:
şa nesli bolmajagyna,
Iru-giç tagt hyýalyna münmese.
Olar
düşünenok soňlanjagyna
ömürlerniň,
her kim ornun bilmese.
• Çaknyşyk
Baýlyga baglansa
gara bagyrlar,
Halkyň täleýinde uzak gyşlar
gar.
Häzir welin,
bolunmaly habardar,
Juda ýowuz,
diýseň mekir duşman bar.
Gelýär ol söweşe,
örän janygyp,
Gurdurasy gelýär
beýik dabara.
Döwi rüstem gelse,
alar janymy
ýa-da
Hudaýynyň ýanna barar ol.
Derýa oklanmagyn soranda
enem
Onuň mertligine doldy
damagym.
Eger,
söweş bolsa islegiň seniň,
Berk dur, Çingiz!
Men mynasyp bararyn.
…Bu ýumjuk göz Çingizmikä?!
Şeýledir.
Gara başym onuň ünsün çekmişdir.
Söweş boldy.
Boldy söweş şeýle bir…
Gylyç — gylja,
dide — didä çaknyşdy.
Hökman birden-biriň
Güni ýaşmaly.
Ol — Tulu han eken,
eziz perzendi.
Ogluna
ejesin derýa taşladan,
ornuna
bir dogmasyny bermezmi?!
…Tulu hanyň kädisini
serdim men,
Perişde görmedik
gerdenlerinden.
…Oglumyň ýüregin ite berdiler.
Heder etmediler
merdemligimden.
Ähli leşgermi etdiler ýegsan,
Bu meň günäm.
Ýöne, ony geç, Allam!
Ýerine salmaly ar köp,
wah, ýogsam,
Çigit ýaly gorkdym ýokdur ajaldan.
• Söweşden soňky ýatlama
Kem däldir,
herniçik,
umytda bolan,
Bu heňňamda beterinden saklasyn.
Bu söweş Çingiziň ýadynda galar!
Goý, galsyn — oglunyň birin kakladym.
Şujagaz üstünlik maňa ýeteni
Dynç alaýyn,
daga ýaýrady geçim.
Daglar ýaly berklik gerek ekeni,
Ähli samsyk zada çydamak üçin:
Ýalňyşmaklyk — jenaýat däl,
ýalňyşdym,
Sebäbi,
atamdyr
doganlarym-da.
Olaň göwni diýip,
aňsat barlyşdym,
Horezmi elime alanlygymda…
Atam maňa köp görüpdi Gürgenji,
gaharym gelse-de,
erk edipdim men.
Doganlaryma
bolmaýyn diýp ýigrenji,
Gürgenji ap-aňsat terk edipdim men.
Syçan herekete gelýär
äsgermän,
Hemişe pişigiň öýde ýok wagty.
Ilki
Çingiz gylawlandy ýas görmän,
Gelginine bolup,
çüwüpdir bagty.
…Ajy ýatlamalar, düşýär has çökder,
Iň gowy haklaşyk — unudylmakdyr.
Bolýa,
besdir…
indi maňa özgertmez,
Boýasy taryha siňen ýalňyşlyk.
Şu wagt welin
goşun gerek gözýetmez.
Gezip bolmaz ahyr diýip: «Ýalňyşdym».
• Ant
Yzda namys,
arman,
köýen ar…
hem-de
Gürgenç atly tozdurylan Watan bar.
Öwrülmek şertini galdyran
öňde
Çingiz diýlen
juda ýowuz tatar bar.
Oň ýüregi atyň kellesi ýaly,
agyr-agyr söweşlerde synalan.
Ýöne,
hökman
bolar bellisi häli,
enesini bakdyraryn dula men.
• Şum habar
Köp şöhrat getirdi
ýeňişler maňa,
Çingiziň elinde galdy
ulusy.
Uly umyt bilen barýardym daňa,
yzyma düşürip ili-ulusy.
Boldy ýeňişlerem,
ýeňilişlerem,
ýöne,
dyza çökmedim men ejizläp.
Doganlarym bilen
oňuşmasamam,
mert ýigitler gezdi
meni ezizläp.
Döşlerini gerip,
okdan gorady,
Çünki,
olar maňa ynanýardylar.
Ynamlaryň bolsa,
bardy soragy,
Ýöne,
hany,
indi ynam galdymy?
Edermen esgerleň biri ýanyma,
buşlap geldi
— Çingiz hanyň ölenin.
«Güm bol!» diýdim.
Tas galypdym ganyna.
Ol nireden bilsin asyl dilegim:
Gönezlik edinip niçe pidany,
Kalbyma nur çaýýan umyt solupdyr.
Arzuwym,
armanym,
namysym,
arym,
mynasyp duşmanym
— Çingiz ölüpdir!
Peýkamyma nyşan boldy
düýşlerde,
goşa didesiniň gyýma çyzygy.
Bu çalt günler
indi
asla süýşmez hiç,
hemem
söweşleriň bolmaz gyzygy.
• Mynajat
Düşünemok,
Biribarym,
neçüýn meni gynanyňa!
Näme üçin aldyň arym,
alman meniň imanymy?!
Sen ony maňa bermediň,
öldürdiň
öz ajalyna.
Kim düşüner,
bu ömrümiň
manysynyň gaçanyna?!
Serkerdä şöhrat getirýän,
olaryň duşmanlarydyr.
Çingiz şöhrata mynasyp,
ol meni puşmanda goýdy.
Ýürek dar görýär gursagy,
gelip dur ony ýyrtasy.
Özümi niçe örtedim,
aňtap oňaýly pursady.
Düşünmez,
düşünmeseler,
düşündirmek bor hyllalla.
Bimaksat ömür — peseler.
Gowsy,
bu jany al, Alla!
Barybir,
men esremerin
döwüşleriň pursadynda.
Namysy hem
ary köýen
Bu hyjuwsyz gursagymda
sanjy bar.
Gan bar garakda.
Aýyllyp başlady essim.
Soň:
«Jelaleddin gara atly
ýaşapdyr» diýilse, besdir.
• Bimaksatlygyň ejiri
Menem az günä etmedim,
ýetmek üçin maksadyma.
Garşy çykany kakladym,
eýgertmez ol ýogsa diýip.
Bir günde aldym şährini,
boýnegmezek Gürjüleriň.
Uzaga çeken gahrymyň
ýazmak üçin burjusyny.
Çingiz diýlen ýuwdarhanyň,
dolamak üçin öňünden,
Ähli paýhynlanym
indi
agyr etmişe öwrüler.
Günäsine gark bolýanam,
deňze seredeňde kändir.
Bulaşdy öýdýän ykbalym.
Belki,
meňkem ýakynlandyr.
• Aýdylmaga gurbat ýetmedik jümle
Çingiz — meniň bolupdy baş maksadym,
öwrülipdim Hakdan içen aşyga.
Tümüň göwsün ýaryp,
aýalym däl-de,
aladaňdan şo girerdi düýşlere.
Çünki, ony ýeke pursat dilimden,
ýüregimden düşürmedim birjigem.
Sawçylara berilmedik peri deý,
yşkynda uzak ýol söldüm daljygyp.
Birdenem,
ol sumat bolda älemden
garaşmandym,
menem birden lagşadym.
Söweşde ýeňişe bil baglanmaýar,
gursagyňda gaýnamasa maksadyň.
Häzir men hiç zada galamok haýran,
hanjara-da — gursagyma sanjylan.
Tylla gaşly eýer,
altyn sap gylyç,
zer geçirlip sünnälenen ganjyga
patlap düşdi goşhaltanyň düýbüne.
Eşidäýse kimi öldürendigni,
ertir hökman onuň ini düýrüger,
bildirmejek bolup kim ekenini.
• Seda
Sary sähranyň ýüzüni
duman örtende,
örtenme.
Bilýän, ol uzak düşlemez,
eziz ýaýlaň gerdeninde!
Peýwagtyna hiňlenende,
keýpi juda kök padyman.
Ýadyňa düşmezem,
şonda,
gyş munda bolany duman.
Şoň üçin
giň tut göwnüňi,
her zadyňam öz wagty bar.
Bir zat diňledýä böwrüňi:
hany bu ömre ygtybar?!
Bir gün
il bagta beslener,
tireler döner maşgala.
Eşidilmez ýagy seslerem
hem kalby gyýmaz başga zat.
Ile baş gerek edenli,
soň ykbal jylaw süýremez.
Ruhundan şehit pederleň,
erkinlik güllär,
mizemez!!!
4-7.12.1997 ý.
Aşyrmät GARLY. Poemalar