|

Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Çingiz hanyñ iki dosty bilen turzan topalañy barada hekaýat

Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Çingiz hanyñ iki dosty bilen turzan topalañy barada hekaýat IKINJI BAŞ

Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Çingiz hanyñ iki dosty bilen turzan topalañy barada hekaýat

ÇINGIZ HANYŇ IKI DOSTY BILEN TURZAN TOPALAŇYNDAN SOŇKY IŞLERINIŇ NETIJESI BARADA HEKAÝAT

OLAR ÖZ «agasy» bilen ara açanlaryndan soň, birek-birege egin diräp hemaýat etmek barada äht edişip, hakyky murdar keşplerine girip, jeň-jenjeli gynyndan çykardylar. Çingiz han özüne goşulan taýpadaşlarynyň ählisini çagyryp, bir çukura tüýkürdi.
Altyn han olary ýaňadan raýatyna dolap almak maksady bilen, olaryň üstüne töwellaçy üstüne töwellaçy yollaýar, ol her bir talabyny ötünç hem duýduryş bilen, süýji wadadyr howp bilen garyp-gatýar. Emma onuň ýüz tutmalary, aladasy diñe aradaky duşmançylygy öjükdirýär. Her gezek wekil yollap, olaryň üstüne nama ugradanynda hanlar «gulaklaryna barmaklaryny dykyp, eteklerini ýüzüne ýapyp, hötjetlik edip, hondanbärsi bolýardylar».
Han töwella-tagsyr bilen olary raýatlyga salyp bilmejekdigine göz ýetireninden soň, desbi-dähel goşun ýygnap, ýygyn dartýar, emma düpbozan hanlar Altyn hanyň goşunyna gurt kibi darap, hytaýly hem beýleki türki taýpalardan bolan nökerlerini paçak kimin pürreleýärler. Işigaýdan Altyn han bolsa, gözgyny halda galak-gaçak goşunyny alyp, ýurdy düpbozanlara galdyryp, Gang derýasyndan aňryk özüni atýar. Onuň ýygnyna talançylyk edip, oljalap, baýamagyň ýoluna düşen birnäçe türki taýpalaryň ykmandalary, tüwmaýak gurrumsaklar goşulýar.
Altyn hanyň ýagdaýy ýaramazlaşýar, ejiz düşýär, ykbaly — çaýkanyar, kuwwatsyzlygy artyp, haly bulam-bujarlaşýar, hatda ol duşmanlaryna nama yollap, «özüniň köpüni yitirip azy bilen galsa-da oňýandygyny, gözgyny döwleti bilen yrzadygyny» yazyp, köşeşdirmek pikirine düşýär. Olar onuň teklibi bilen ylalaşyp, tä Çingiz han ölinçä, onuň (Altyn han) bilen gatnaşyk dowam edýär. Ol döwürlere çenli ol iki han güýçlenip, bilelikde uly döwleti dolandyrýarlar. Olar Altyn han tarapyndan arkaýyn bolany sebäpli, Balasugunyň üstüne ýygyn dartyp, ony eyeleýärler, şeýle hem onuň bilen serhetleşýän yurtlaram, özlerine tabyn edýärler.
Bu döwürlerde Güýçli han³ ölüp, onuň ornuna atasy ýaly Güýçli han adyny alyp ogly tagta çykýar. Çingiz han onuň çagalygyndan, ýaşlygyndan peýdalanyp, atasy bilen eden şertnamasynyň esaslaryny bozup başlaýar, döwletiň girdejisini adalat bilen deň-derman bölüşmegiň deregine, özüne köp alyp başlaýar. Şol sebäpli ikisiniň arasynda birek-birege igençli, kitüwli hatlar gatnap başlaýar, ahyry hem ara açylyp, aralykda uly gorp emele gelýär. Birek-birekden nägilelik gitdigiçe güýçlenip, Güýçli han arasyny açanyndan soň, ol duşmançylyk oduna öwrülýär.
____________________
* Gurhandan. XXI, 6. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle