Jeff Bezos müdimilik ýaşamak isleýän ýaly, ýöne ol näme isleýändigine üns berse gowy bolardy
Jeff Bezos müdimilik ýaşamak isleýän ýaly, ýöne ol näme isleýändigine üns berse gowy bolardy

Salma Şah müdimilik ömür sürmegiñ aşa mazamlanýandygyny we munuñ doly iriziji ýaşaýyş boljakdygyny ýazýar
Modern milliarder görnüşinde galan Jeff Bezosyñ «garramagy çepbesine çöwürmek üçin» şereketine ummasyz pul goýandygy aýdylýar. Kosmos pudagy bilen çäklenesi gelmeýän baý we ekzantrik köpbilmiş Bezos bedeni «juwanlaşdyrmagy» maksat edinýän ylymy goldap, hakyky wagt düşünjesini bozjaga meñzeýär.
Bezos muña synanyşjaklaryñ ilkinjisi däl. Google-niñ şärikdeş düýbüni tutujylardan Larri Peýj hem «täzeden programmirleme laboratoriýasyna» pul goýdy. Bu barlaglarda hakykatdanam pul bar. Heniz ösen derejä ýetmändigini aýtsak-da, bu tehnologiýa bolup biläýjek zatlaryñ pikir edişimizdenem has hakykydygy ynanjy bilen alnyp barylýar.
Sagdyn dozada şübheliligimizi gorap saklamaly, ebedilik ýaşaýyş we uçursyz gözellik hakdaky hyýal ýüwürtme duzagyna düşmejek boluñ. Hususanam bu, Jeffden we onuñ dost-ýarlaryndan soñ has gowy zadyñ gelmejekdigi çaklamasyna esaslanýandygy üçin. Ygtyýarlykdan we egodan gürrüñ edenimizde, adamzadyñ beren hemme zadynyñ bir bölegidigimize ynanmaly dälmikäk?
Diñe tehniki kysmyny ele alyp, yklym täsirini pikir edip göreliñ. Milliarderler ilatyñ artmagynyñ daşky gurşawa täsiriniñ bardygyny bilýändir öýderdim. Hiç kim ölmese gorlarymyzy ýetirinip bilerismikä? Şonsuzam aşa köpelmek we janymyzy alyp gelýän gytçylyk problemalarymyzy hasam ýaramazlaşdyraýmasak.
Elbetde, müdimilik ýaşaýyş pikiriniñ uzak ylmy, şol bir wagtyñ özünde mifiki taryhy bar. Bu pikir öte romantikleşdirildi. Asyrlar boýy ýaşap, dünýäni göwün isleýşiçe gezip wagtyny hoş geçirse-de, ahyrsoñunda manyly-mañyzly ömürden binesipdigini duýan wampir hekaýalaryny ýadyñyza salyñ.
Çeper edebiýat Dorian Greýiñ we Garri Potteriñ obrazy arkaly bize köplenç ebedilik ýaşamak isleýänleriñ erbet adamlardygyny öwretdi.
Aşa uçlardaky ömür uzaldýançylaryñ barha artýan höwesi bu ýaşaýyş höwesiniñ diñe Kremniý jülgesindäki (Кремниевая долина) milliarderler bilen çäklenmeýändigini, ölümi görnetin adalatsyz saýýan ýönekeý raýatlara-da ilteşýändigini görkezýär.
Bu ýöne bir ýitirmegiñ ýigrenji, şol bir wagtyñ özünde fomo (iñlis dilinde mümkinçiligi eliñ tersi bilen itme gorkusy manysyny berýän «fear of missing out» galybynyñ gysgaltmasy -t.b.) Başga saýýaralylar bilen tanyşmaga ýa-da altyn öndürmegi bilmäge başlasak, ýa bolmasa wagt ýolagçylygyna añ etmegiñ bosagasynda duran bolsak, aşa ömür sürmäge höwesekler muña şaýatlyk etmek üçin şol ýerde bolmak we ölüm ýaly «bolgusyz» zadyñ aýaklaryna çolaşmazlygyna ýol bermezlik isleýärler.
Şekspir häzir ýaşap ýören bolsa näme pikir ederdi, näme aýdardy, nämeleri ýazardy? Şekspiriñ elinde başga nämeleriñ bardygyny ýa-da tapawutly wagty synap görmegine rugsat berilse başga nämeleri döredip biljekdiguni görmek täsin bolmazmydy? Emma kişiler öz ýaşap geçen wagtlaryna degişlidir we olary başga wagta geçirmek ýa-da ýüzlerçe ýyllaryñ dowamynda maýalanyp ýatmagyna ýol bermek juda az zada kepil geçýär. Belki-de, «Awonyñ ozany» (Şekspir) şu günlere çenli ýaşap ýören bolsa, ýazyjy-şahyrlaryñ köplüginden ýaña sosial mediýadan çykman oturardy…
Soñlanmajak durmuşda ýaşamagyñ özi juds iriziji, ýüregedüşgüç bolardy. Hemişe ir-iýmiş we gök önümiñ şiresini içip ýörmek, irki maşklary etmek, biraz owlagam şowhun-şagalañ, güýmenje.
Ýa-da bütinleý tersine, oñaýsyz şertler bolmazdan diñe şowhun-şagalañlar bilen wagtyñy ötürmek, keýpi-sapa sürmek. Anyk ölüm ruletkasy bolmasa, adam nädip garşylyk görkezip biler ýa-da gedonizmden keýp alyp biler? Birem eger has owal jan gaýgysyna düşen bolsañyz, munuñ müdimilik bilen deñ derejede ulalýandygyny göz öñüne getiriñ!
Siz müdimilik ömür süräýeniñizde-de, dünýäniñ galanyna näme bolarka? Günüñ energiýa üýtgeşmelerine degişli çaklamalara görä, planetamyz 100 million ýyldan gurap jaýrylmaga başlamaly we altynyñ reñkine girmeli. Munuñ özi dünýäden başga bir ýerde ýaşamak üçin orta atylýan iñ uly gipoteza.
Tersine bolanda, bir badamjan ösdürip ýetişdirmek üçin ýeri ekip-suwarmaga köp wagtyñyzy giderersiñiz.
Elbetde, bu tehnologiýany saglyk ulgamyndaky ösüşler ýoly arkaly ýaşaýyş-durmuşymyzyñ hilini gowulaşdyrmak ýaly birnäçe ugurda peýdalansa bolar. Emma hemme zat hemişelik ýaşamak bilen baglanyşykly däl, netijede muny kim islär öýdýärsiñiz?
19.09.2021 ý.

Salma Şah 2018-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Sajid Jawidiñ şahsy geñeşçisi boldy. S.Şah Birleşen Korollygyñ Sanly ulgam, Medeniýet, Metbugat we Sport ministrliginde ýörite geñeşçi bolubam işledi.
https://www.independent.co.uk/independentpremium/voices Publisistika