|

«Jedelde hakykat dogulýar» (…my)?!

"Jedelde hakykat dogulýar" (…my)?! Serdar Ataýewiñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

"Jedelde hakykat dogulýar" (...my)?!

Şenbe, 07.10.2023 ý.

Öňküler: «DU CHOC DES OPINIONS JAILLIT LA VERITÉ» — «Jedellerde hakykat dogulýar» diýipdirler.
«Dile geldi, bile geldi», hut şu aýtgy bilen bagly öz durmuşymda bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin.
Bir gezek, işde, kärdeşim hem halypam, otuz-kyrk ýyllyk tejribeli hukukçy hem mugallym, hukuk ylymlarynyň kandidaty, alym ýaşuly bilen, bir gartaşan hünärmen jedele girdi. Özem ol hünärmen ýaşuly, bilmeýän zady hakda gereginden artyk gaty gaharlanyp, özüniňkini subut etmäge başlady.
Ýogsa, özüňiz bilýäňiz, munuň ýaly jedellere, harçaňlaşmalara kesesinden syn edip durana, kimiňkiň dürs, kimiňkiňem tersdigi has gowy görünýär-ä. Menem anyk düşünip otyryn, halypamyňky ýüzzzz-ä däl müňňň göterimem dogry. Sebäbi ol, öz hünärinde «çorba sowadyp, birki tamdyr çöregi artyk iýmeg-ä» beýlede dursun, «wagonlap çorba-da, çöregem» jedeldeşinden köpräk iýendir-le :-).
Onsoň, ýaşuly hünärmen-ä gyzaryp-bozaryp, dergazaba münüp, her sözi bilen özüniň telegini palak edip, şol gidip otyr, gidip otyr. Özem, “basyp almak isleýän galasyny zabt etmegiň deregine” sesi bilen aljak bolýarmy nämemi, gohunyň desibeli barha oktawalanyp, has falsetleşip barýar.
Halypam bolsa, munça-munça zatlary köp gören, gahary gelýäni bildirip dursa-da, özüne basalyk edýär. Oňa sypaýyçylyk bilen, sowukganly düşündirjek bolýar.
Delilleri getirýär.
Kanunlara salgylanýar.
Umumy iş tejribesinden mysallary agzaýar.
Bolanok.
Barybir ol «eňegiň» şol bir eňekligi.
Ahyry halypam, garşydaşy özünden iküç ýaş kiçi bolansoň: «Inim, gel ikimiz dawalaşmaly-la. Bolýa, seňki dogry, bileniňden galma. Ýöne menden şu meseläni sorasalar, men öz nukdaýnazarymy aýdaryn» diýip, biderek sene-meneden ýadap, elini galdyrdy.
Onda-da, onuň jedeldeşi, dawadan doly ýadamanmy ýa-da özüniň şeýle gümürtigrägem bolsa üstün çykanyna kellesi göçdümi, ýa-da bolmasa, özüniň «ähli ylymlaryň düýbüni deşendigini» has gutarnykly, tamam-tepbet-tekiz-tükenen-tükezziban subut etjek boldumy nämemi, hondanbärisi gürläp galdy:
-Ýo, agam, beýdip, maňa eglişik etme. Onsoňam, bu jedel biderek jedel däl ahyry. Özüňiz bilýäňiz-ä, ony men size öwretmeli däl-ä. Latynlar: «Du hok des opiniýonis jaýilit la werite — Jedelde hakykat dünýä inýär» diýipdirler-ä…
Bu sözem halypamyň degnasyna degdi.
Ol birdenkä çym-gyzyl bolup gyzardy-da, gözüne gan öýdürip, gazap bilen jabjynyp goýberdi:
-Jähennem bol-eý, şu taýdan, elipden şermende, buduna buşugyp ýören, zaýyrdawugyň biri! Bolduň meň başyma, latynçany bilýän, mahaw! «Jedelde hakykat dogulýa»! Wah, seňemmir günüňe ýanaýyn-aý, sähne! Bilseň, hiç bir jedelde ol-a hakykat ekeni, enesini garry eşek maýran gatyram doglanok! Pohuny iýipdir, seň şo latynlaň! Häý, samsygyň biri samsyk! Ýuwaşlyk bilen, tüýüňi ugruna sypalap: «ataň ýagşy, eneň ýagşy, özüň olardanam beter bagşy» diýip, gep düşündiräýjek boldum welin, kelläm-ä iýdiň!
…Ol kejeňek ýaşuly, halypamdan mazaly petigulusyny alyp gidensoň, halypam oňa birneme gynandy. Uludan demini aldy-da, nesihat beriji äheňde hümürdedi:
-Dogry-y-y! «Eşek» bilen «eşegiň kölegesi» hakda jedelleşmek — akyllylygyň alamat-a däl. Ýöne, inim, işiňi gowy etjek bolsaň, iş bilen baglanyşykly, iş üstünde, her tüýsli «haýwanlar»: «eşekler», «itler», «doňuzlar», «mäkiýanlar», «sygyrlar», «totyguşlar», «ýylanlar», «şagallar», «goýunlar», «geçiler», «alakalar», «gargalar» we ş.m. bilen işem salyşmaly bolýar, olara gepiňi azda-kände düşündirmek üçin çekeleşige-de girmäge mejbur bolýarsyň-da… Nätjek-dä. Ynsan durmuşynyň ýasawy-gurnamy şeýle… Nukdaýnazar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle