«Jaýy welin, çalşaly…» / satiriki hekaýa
"Jaýy welin, çalşaly…" / satiriki hekaýa
— Allo, maña Weronika Platonowna gerekdi…
— Men diñleýän, kim bi?
— Bu men, Jorka…
— Haýsy Jorka?
— Baý, eje senem-ä walla. Sen indi öz jigerbendiñem tanañokmy?!
— Waý, Georgiý! Asyl bu senmi? Nirelere ýitirim bolduñ, garagol diýsänim?
— Aý, menem-ä bar özi, eje… Şol iş, iş… Bu gün bir zat, ertir ýene-de bir zat, üçünji gün ýene-de… Garaz, tapylýar-da… Häzirem zordan sypdym… Geçen ýylam saña birki gezek jañ etdim welin, trubkany galdyran bolmady. Niçik hal-ahwallaryñ?
— Aý, meñki hiç-le, hany özüñ gürrüñ ber.
— Biz soñky gezek haçan gürleşipdik?
— Tomusdy öýdýän… sen şonda institutda bir zad-a gorapdyñ. Menem, baý, alada baryny edipdim…
— Hä-ä-ä, dissertasiýa! Wagtyñ çalt geçäýşini! Şondan kän wagt geçmänke-de dosent gyza öýlenipdim.
— Gutlaýan…
— Sag bol, eje… Ýöne şo hakda weli maña ýatlatma… Sebäbi men üç ýyl mundan öñ onuñ bilen aýrylyşdym…
— O ne beýle?
— Dogrusyny aýtsam, señ üçin, eje. Ol seni ýekeje gezek görmese-de, ýigrenýär.
— Aýdýanyñ näme! Çaga-çugañyz bamy?
— Ýok, diñe bir gyzymyz bar, Sweta… Edil okuwçy döwründäki ýaly, hut özüñ-dä. Edil bir almany iki bölen ýaly-da! Häsiýetlerem señkä meñzeş… Tizden durmuşa-da çykýar. Haçanlygyny bilemok. Men ony soñky gezek dördünji klasda okaýaka görüpdim. Mekdebe çagyrypdylar…
— Aýdýanyñ näme!
— Sen oñ üçin hapa bolup oturma… Indem, arada ikinji gezek öýlendim. Öz-ä erbet däl.
— Gutlaýan, çagalaññyz bamy?
— Sag bol, özem oglan, ullakan ýigit. Ýöne özümden däl-de, aýalymyñ öñki ärinden. Barybir, men ony gaty gowy görýän. Ýakyn wagtda goşun gullugyndan geljek. Özem gelinlik getirjek diýip, haýbat atýar.
— O nähili beýle?
— Sen sorama, eje. Bu ýaşlarmy… Ene-atalary bilen maslahat edenoklar, olary adam saýanoklar. «Getirjek» diýýä, gutardy. Nirede ýaşajak, onam pikir edenok. «Obşitde ýaşarys» diýýä. Aýalym ikimiz iki otagly jaýda ýaşaýas. Bary-ýogy 36 metr. Içinde bolsa seredere zat ýok. Ine, özüñem çagyrjak, şonda görersiñ. Ol kän bir uzakda-da däl, awtobusly 15 minutlyk ýol. Holodilnik zawodyndan gönüleseñem, pyýada 10 minut. Men näme şol bir özüm hakda ýañrap otyryn. Özüñ hakda gürrüñ bersene, eje!
— Garrylykdyr-da.
— Hawa-la, ol-a şeýledir-le. Saglygyñ niçik?
— Saglyk nireden bolsun! Öñki kelle däl, öñki el däl, aýaklarym diýenimi edenok. Aý, garaz…
— Hawa-la eje, garrylyga etjek alajyñ ýokdur-la. Gowusy, bize göçüp gel…
— Aýdýanyñ näme, Georgiý, degişýäñmi?
— Çypbakaý çynym. Bizem señ üç otagly jaýyña göçüp bararys.
— Ýok, ýok! Men ony edibilmen. Meñ saglygymyñ ugry ýok…
— Şoñ üçinem çalyşmagymyz gerek… Soñky aýalym ikimiz gowy bir zat oýlap tapdyk. Gazy bar, gyzgyn suwy bar, potologam beýik, bäş gat jaýyñ dördünji gatynda, özem lift gurup bermäge-de söz berdiler. Poliklinika-da golaýjygynda, dermanhana-da iki ädimlim ýerde… başga näme gerek?
— Ýok, oglum, maña o ýeri agyr düşer…
— Eje, men saña ýagşylyk etjek bolýan ahyryn. Eger-de mebelleññi alada edýän bolsañ, onam aýalym ikimiz çekeris. Isleseñem, satarys…
— Ýalbarýan, oglum, öz günüme goý… Ejeñi arkaýyn süýnmäge bir goý, azar berme!
— Ýogsa-da azar beresim ýok! Ony alada etme! Ýöne, jaýy welin, çalşaly…
Anatoliý RAS.
Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.
«Литературная газета»-dan. Satiriki hekaýalar