|

Janymyň aramy

Janymyň aramy JANYMYŇ ARAMY

Hyýallam çolaşyp, käte-de dagap,
Bisabyrlyk halys berenok rahat,
Janyma hiç ýerden tapamok takat.
Gel, dünýäm, meni bu dertden halas et!

Bir nazar salsana, gözleri çanak,
Baksana, bakyşy göwnüme ganat.
Gaýtadan özüme gelerim gelerim ýalak,
Aýlanmazmy maňa ol bägül gabak?!
Sen maňa nazar sal ikije sekunt,
Men doňup galaýyn 24 sagat.
Otly nazar bilen salan derdiňi,
Ýene nazar sal-da, düýbünden ýok et.

Gyr köküni bu söýgüden şübhämiň,
Müňkürligmi daga-daşlara dagat.
…Has gowusy, geç, dulumuň duluna,
Menem ömürbaky tapaýyn rahat. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle