Jaňym almadyk «gardaşa»
Jaňym almadyk "gardaşa"

Garyndaş diýp bir gardaşa,
Jaň etdim, almady jaňym.
«Bir zat bolan bolaýmasyn!“
Galmady meň gara janym.
Eşden däldir pikir bilen,
Ýene jaň etdim, almady.
Öýlän jaň etdim, almady,
Agşam jaň etdim, almady.
Oglum diýdi: — Almaz jaňyň,
Ýetenokmy şuňa aňyň!
Bir edaraň “sokusy” ol,
Bäş adamyň akgasy ol.
— Hä, şeýlemi-diýdim –menem,
Jaň etmäge durdum ýenem.
«Birden bir zat bolaýmasyn,
Tarpa-taýyn …“
Öýi bizden gaty daşda,
Ýola düşdüm, garyndaş-da!.. Goşgular