| |

Jañjagaz / ýumoreska

Jañjagaz / ýumoreska JAÑJAGAZ

Doñuz tokaýyñ içini syryp ýörkä Geçä sataşypdyr. Doñuz Geçini içgin synlapdyr-da, şeýle diýipdir:
— Boýnuñdan sallanyp duran zat näme?
— Jañjagaz.
— Oñ saña nämä derkary bar?
— Ýitip gitmezligim üçin.
— O nähili ýitip gitmezligiñ üçin? — diýip, Doñuz içýakgyç gülüpdir.
— Kelläm gyzyp, tokaýyñ jümmüşine aralaşaýmam bar. Şonda azaşdygym meni jañjagazyñ sesi boýunça-da tapýarlar.
Doñuz pikire çümüpdir-de, şeýle diýipdir:
— Şuña meñzeş jañjagaz maña-da ýaraman durjak däl. Ol biraz durupdyr-da, yzyna öwrülip gidiberipdir.
Şol günüñ ertesi ol ýene-de Geçä duşupdyr. Doñzuñ keýpi kökdi. Ol Geçini görenden gepläp başlapdyr:
— Eý, egri şah! Entegem jañjagazyñy süýräp ýörmüñ?
— Hawa. Ýeri, näme?
— Samsygyñ biri ekeniñ! — diýip, Doñuz gülüpdir. — Señ göterýän jañjagazyñ möwriti birçak ötdi. Nuh eýýamynyñ zadyny äkit-de, jara dök.
— Näme üçin zyñmalymyş? Entejikler maña gerek. Käşgä jyññyrdamaýan bolsa…
— Baý, şoñ jyññyrdaýşyny. Ynha, meñkä bir seret. Ömür gören dälsiñ. Muña traizistor diýýäler.
— O-da jyññyrdaýamy?
— Jyññyrdaýşyny şoñ… Mahluk! Bi aýdym aýdýa… Onda-da nähili aýdýa!
Doñuz şeýle diýdi-de, onuñ burmasyny towlady.
Geçi ziñkildäp, bir gapdala bökdi.
— Bolşuñ nähili? — diýip, Doñuz geñ galdy.
— Beýle-de bir gopgun bormy?
— Agzy sary añkaw! Goh däl-ä bü… Jaz goýberýäler. Häzirki döwrüñ iñ naýbaşy sazy. Düşnüklimi?
— Hä, näbileýin? — Geçiniñ böwrüne bükgüldi gitdi. — Galmagaly boýnundan asyp ýörmek nämä gerek? Öýüñde diñleseñ bolmadymy?
Doñuz başyny ýaýkady-da, çürt-kesik gürledi:
— Edýän gürrüñiñ näteñet? Obañ içinden geçip giderin welin, bar kişi üçin bep-belli bolaýaryn! Derrew: «Hanha. Doñuz gelýär!» diýerler!

Wasil BIRÝUKOW,
ukrain ýazyjysy.

Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle