Jähennem ýa-da weýran edilen tebigat
Jähennem ýa-da weýran edilen tebigat

Ösümlik örtüginden doly mahrum edilip, takyr meýdana öwrülen ýer ýüzi mukaddes ýazgylardaky jähennemiñ hutma-hut özüdir.
Ýagny, mukaddes ýazgylaryñ agzaýan jähenneminiñ bir manysy weýran edilip ýaşap bolmaz ýaly dereje getirilen ýer togalagydyr ýa-da tebigatdyr.
Onsoñam jennet diýmegiñ özü-de suwlar bilen doly ýer bölegi diýmekdir. Ine, şol jennete mynasyp bolup bilmeýän adamzadyñ şu manyda teswirlenen dowzaha gapgaryljakdygy gümansyzdyr.
Nähili täsin: kyýamatdan söz açýan bir aýatda bu geñsi ýagdaýdan «ýer ýüzüniñ başga bir ýer ýüzüne öwrülmegi» hökmünde söz açylýar («Ybraýym» süresiniñ 48-nji aýaty). Onuñ yzyndaky aýatlarda bolsa, jähenemme mynasyplaryñ başyna injek külpetler beýan edilýär.
Hasap güni hasaplaşyk gutaryp, ýagşylar bilen ýamanlar aýyl-saýyl edilenden soñ nämeleriñ boljakdygyny aýdýan aýatlaram ybrat alarlyklydyr. Bu aýatlarda ýagşylar jennete girensoñ şu dogany okajakdygy aýdylýar:
«Allaha hamdy-senalar bolsun, bize beren wadasyny ýerine saldy, bizi ýer ýüzüne mirasgär etdi. Ynha, jennetden islän ýerimizde oturýarys. Işläp, gymmatlyk döredenlere berilýän baha nähili gowy eken!» («Zümer» süresiniñ 74-nji aýaty)
Bu aýat jennetiñ «başga bir görnüşe giren ýer ýüzünde» guruljakdygyny we jennete girmegiñem esasynda Allanyñ bagş eden «ýer ýüzüne mirasdarlykdygyny» görkezýän ýaly.
Sazlaşygy bozmagyñ jezasynyñ jähennemdigi Kuranyñ öwran-öwran ýañzydýan pikirleriniñ biridir.
Jähennem tebigy sazlaşygy bozýan pälazanlaryñ dykyljak ýeri ýa-da zeminidir.
• Jähennem näme?
Jähennem (dowzah) jennetiñ antonimidir.
Jennet — salkyn saýaly, bol suwly, tebigy ir-iýmişlerden doly ýer, jähennem bolsa munuñ doly çepbesidir. Ýagny, jähennem garaört bolan ýerler, doñduryjy añzak ýa-da ýakyp-ýandyryjy gyzgynlyk, iýenleriñ içini ýyrtyp taşlaýan ýigrenji, ýabany, zäherli iýmitleriñ mekanydyr.
Jähennem ilkibaşda jennet edilip ýaradylan zeminiñ sazlaşygy bozulandan soñ bolup geçýän katastrofalar dünýäsiniñ hutma-hut özüdir. Tebigy sazlaşygyñ bozulmagy dünýämizi jähenneme öwürýär.
Jähennem hem edil jennet ýaly iki düýpli manyny añladýar:
1. Soñsuzlyk (ölümden soñky, ahyret) jezasy.
2. Tebigy arassalyk, gözelligini we bereketini ýitiren, haosy we betbagtlygy getiren ýaşaýyş-durmuş meýdany.
Ösümlik örtüginden doly mahrum edilip, takyr meýdana öwrülen ýer ýüzi mukaddes ýazgylardaky dowzahyñ hutma-hut özüdir.
Ine, şol jennete mynasyp bolup bilmeýän adamzadyñ şu manyda teswirlenen jähenneme gapgaryljakdygy gümansyzdyr.
Ýaşar NURY ÖZTÜRK.
30.04.2018 ý.