Jahankeşde
Jahankeşde

Eý sen, jahankeşde goja Gerodot,
Taryhyñ atasy ~ möwritnamaçy,
Aýyt, hany, öz öýüñde oturman,
Jahan ýüzün sökenligiñ nämüçin?
Marko Polo! Seýil edip ilime,
Ajap halylarmyñ waspyn ýetiren, —
Aýyt, seni haýsy ýelgin-şemaldy
Soñsuz ýollañ aýlawyna ataran?
Hyýal baglap Hindistana, Araba, —
Isgender saldyran minaralara,
Magtymguly ~ dürdäneler dünýäsi, ~
Neçün owsun atdyñ şol aralara?
Omar Haýýam, Ibn Sina, Faraby,
Wespuççi, Magellan ýene Wamberi,
Aýdyñ maña, şunça menzil sökmegiñ
Şeýle derkar sebäpleri bamy beri?
Aýdyñ maña, ýürekleriñ her zaman,
Alyslara meýil etmegi nämüçin?
Adamlaryñ öz öýünde oturman,
Jahan ýüzün seýl etmegi nämüçin?
— Ten berip, gulak goý, ogul, bu söze:
Ýatmak ölümdendir, gezmek ~ ömürden.
Biziñ geçen ýollarymyz ~ bizden däl,
Saña habar berer biziñ döwürden
Zemin ajaýypdyr, adamlar ~ gözel,
Atlan ýola! Çañy çykmaz ýekäniñ,
Alys düşdügiñçe eziz iliñden,
Has gadryn bilersiñ dogduk mekanyñ.
1963. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.