Ja­dy­ly söz (Hekaýa)

Ja­dy­ly söz (Hekaýa)

Wa­len­ti­na OSEÝEWA,
rus ýa­zy­jy­sy

Kelte boýly, uzyn çal sakgally goja sekide oturan ýerinden elindäki saýawany bilen gumuň ýüzünde bir zatlar çyzyp otyrdy.

— Süýşüň! — diýip, Pawlik sekiniň gyrajygynda oturdy.

Ýerinden gozganan goja oglanjygyň gahardan ýaňa çapady deýin gyzaran ýüzüne seredip:

— Saňa nä döw çaldy? — diýdi.

— Aý neme-dä! Aslynda, size näme? — diýip, Pawlik oňa alarylyp bakdy.

— Maňa hiç-le welin, sen edil ýaňyja gygyrdyň, agladyň, biri bilen tersleşdiň…

— Eýse näme! — diýip, oglanjyk ganygyzgyn hümürdedi. — Bahym men öýden gaçyp gitjek.

— Gaçyp gitjekmi?

— Hawa, gaçyp gitjek! Onda-da, şu Lenka sebäpli gaçaryn — diýip, Pawlik yumrugyny düwdi. — Ýaňy ony tasdanam kakýadym! Ýeke boýagynam berenok! Özünde bolsa, gör, näçesi bar!

— Berenokmy? Heý, şonuň üçinem gaçarlarmy!?

— Diňe şonuň üçin däl. Enem ýekeje käşir üçin meni aşhanadan kowup goýberdi… onda-da esgi bilen, esgi…

Pawlik öýkeden ýaňa hassyldap dem aldy.

— Bu biderek zat! — diýip, goja ony köşeşdirmäge çalyşdy. — Biri käýär, başga biriniň haýpy geler.

— Hiç kimiň maňa haýpy gelenok! — diýip, Pawlik gygyryp goýberdi. — Agam gaýykda ýüzmäge gidýär, meni bolsa ýanyna alanok. Men oňa: «Sen gowusy, menem alyp git, men, barybir, senden galmaryn, kürekleriňi ogurlaryn, özüm bolsa gaýyga münerin» diýdim.

Pawlik ýumrugy bilen sekä urdy-da, dymdy.

— Agaň seni näme üçin äkitmeýärkä?

— A siz näme üçin sowal yzyna sowal berýäňiz?

Ýaşuly uzyn sakgalyny sypalady.

— Saňa kömek edesim gelýär. Bir jadyly söz bar…

Pawlik geň galyp, oňa aňalyp seretdi.

— Men saňa şol sözi aýtjak. Ýöne bir zady berk belle, ony gürleşýän adamyň göni gözüne seredip, ýuwaşlyk bilen aýtmalydyr…

— O nähili söz?

Goja oglanjygyň gulagyna tarap egildi. Onuň ýumşak sakgaly Pawligiň ýaňagyna degdi. Ol bir zatlar pyşyrdady, soňra-da gaty ses bilen sözüniň üstüni ýetirdi:

— Bu jadyly sözdür, ýöne ony nädip aýtmalydygyny unutmagyn.

— Men synanyşyp göreýin — diýip, Pawlik kinaýaly gülümjiredi. — Häziriň özünde synanyşjak. Ol tarsa ýerinden turup, öýe tarap ylgady.

Lena stoluň başynda surat çekip otyrdy. Ýaşyl, gök, gyzyl, garasaý, dürli reňkli boýaglar onuň öňünde ýaýraşyp ýatyrdy. Pawligi görüp, ol hemme boýaglaryny bir ýere jemläp, eli bilen üstüni ýapdy.

Muňa girre gahary gelen oglanjyk: «Gojanyň aldawyna düşdüm-ow! — diýip oýlandy. — Heýem, munuň ýaly kesir adam jadyly söze düşünjekmi?!».

Pawlik gyz doganynyň golaýyna bardy-da, onuň ýeňinden çekdi. Lenka oňa tarap ýüzüni öwürdi. Oglanjyk doganynyň göni gözüne seredip, pessaý ses bilen dillendi:

— Lena, maňa bir boýagyňy beräý-dä… haýyş!

Lena gözlerini giňden açdy. Ol ellerini galamlarynyň üstünden nädip aýranyny hem duýman galdy. Lena aljyraňňy halda:

— Saňa haýsysy gerek? — diýip sorady.

— Gögüni beräý — diýip, Pawlik çekinjeňlik bilen jogap berdi.

Ol boýagy aldy, birsalym elinde göterip, öýüň içinde gezmeledi, soňra-da ony gyz doganyna gaýtaryp berdi. Oňa indi boýag gerek däldi. Ol häzir diňe jadyly söz barada pikirlenýärdi.

Ol: «Enemiň ýanyna baraýyn. Ol şu wagt bir zatlar bişirýän bolmaly. Hany göreli, meni ýene kowarmyka?» diýip, öz ýanyndan pikirlendi.

Pawlik aşhananyň gapysyny açdy. Garryja ene demir tabadan gyzgyn gutapjyklary çykaryşdyryp durdy.

Pawlik towsaklap, onuň ýanyna bardy, iki eli bilen enesiniň gyzaryp duran ýygyrt atan ýüzüni özüne tarap öwürdi-de, onuň göni gözlerine seredip pyşyrdady:

— Maňa gutapjykdan bir bölejik beräý-dä… haýyş edýän!

Enesi göneldi. Jadyly söz onuň ýüzüniň her bir ýygyrdyna, gözlerine, ýylgyryşyna özboluşly täsir edipdi…

— Gyzgynjak… gyzgynjak bir zatlar islediňmi, balajygym! — diýip, enesi oňa iň oňat bişen meleje gutaby uzatdy.

Pawlik begenjine bökjekledi-de, enesiniň iki ýaňagyndan hem ogşady. «Ol hakyky gözbagçy eken! Jadygöý!» diýip, pyşyrdan oglanjyk gojany ýatlady.

Öýlänlik naharynda Pawlik sessiz oturyp, uly agasynyň her bir sözüne gulak asýardy. Agasy gaýykda ýüzmäge gitjekdigini aýdanda, Pawlik elini onuň egnine ýetirdi-de, ýuwaşlyk bilen seslendi:

— Menem ýanyň bilen alaý-da, haýyş!

Saçagyň başyndakylaryň hiç birinden ses çykmady. Agasy gaşyny galdyryp, ýylgyrdy.

— Onam alyp gidäýsene! — diýip, birdenkä Lena dillendi. — Näme bolar öýdýäň?

— Näme üçin alyp gitmeli dälmiş? — diýip, enesi ýylgyrdy. — Hökman alyp git.

Pawlik gaýtadan:

— Haýyş edýän! — diýdi.

Agasy sesli güldi, oglanjygyň arkasyna kakdy-da, onuň saçyny hüžžertdi-de:

— Wah sen, syýahatçy! Aý bolýa-da, hany taýýarlan! — diýdi.

«Kömek etdi! Ýene kömek etdi!» diýip, oýlanan Pawligiň guşy uçdy.

Pawlik saçagyň başyndan turup, köçä tarap haýdady. Ýöne seýilgähde ýaşulydan derek ýokdy. Oturgyç boşdy we diňe gumuň ýüzünde saýawan bilen çekilen düşnüksiz şekiller galypdy.

Ýagşy adam diňe ýagşy zat öwreder.

Rus dilinden terjime eden, Läle ORAZGULYÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle