Iýjek däl, iýjek däl!
Iýjek däl, iýjek däl!

Soýuz döwründe, gaçgagrak diýmeseñ, gurbanlyk edilerdi. Ýöne aýat-töwir, dileg etmäge din ugurdan sowatly, namazly, täretli, arymsy adamlar podpolýedediler, gizlinlikdedi.
Goñşy obamyzda elipbiýden şermende, binamazyñ biri aýat-töwir edip başlady. Nätjek-dä, garaz, biri «Allahy ekber» diýmeli-dä. Bir sapar gurbanlykda ýañky ýasama mollasumak erbet aşa düşdi-dä. Milletem oñ üstünden gülýändir. «Aýat-töwir edip ber» diýýänleriñem yzy üzülenok.
Ahyry ýañky mollasumak ogluna:
— Oglum, men mellegiñ aýagujunda ýatjakdyryn, halys ýaramok. Gelenlere «Kakam ýok» diýip aýdaý diýip tabşyrypdyr. Bir salymdan ogly:
— Kaka, kaka, eşegimiz boşandy — diýip gygyrýar. Kakasy çala eşidip, dograma çagyrylýandyr öýdüp:
— Iýjek däl, iýjek däl! — diýip jogap berýär!
Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar