Itiñ ýatak salnyşy hakynda hekaýat
Itiñ ýatak salnyşy hakynda hekaýat
It diýilýän jandar golaý gelip gyş,
Sepeläp başlanda gar bilen ýagyş,
Aç-hor syñsyraşyp, zat düşmän garna,
Hamlary ýelmeşip gapyrgalarna,
Inýänçä başyndan musallat, towky,
Dünýäsi daralyp, gaçýança eñki,
Gezip-gezip, agyr hala düşensoñ,
Arzuw eden bolup başlarmyş onsoñ:
«Şu aldajy gyşdan sag-aman sypsam,
Tomus ýatak gurmañ ugruna çyksam…»
Diýip gyssananda göwün ýüwürdip,
Soñra ýatdan çykarşyny kän gördük.
Adamlañ käsi-de edil şoñ ýaly,
Başyndan inende dünýäñ gowgasy,
Kynçylyk, muşakgat gysyp-gowranda,
Gider ugrun bilmän, ýanyp jowransa,
Şol it ýaly, boldan berse-de wada,
Soñ ýatdan çykarmak bolupdyr kada. Goşgular