|

Iti atsañam bor… / hekaýa

Iti atsañam bor… / hekaýa ITI ATSAŇAM BOR…

Hekaýa

— U-u-uww, o-u-uww…
Ana, ene uwlady. Özem bu gezekki öňki agşamkyň
dagyn çaky däl. Her gezekki uwwuldysyna obaň o
çetinde ýaşaýanlaryň ini tlkenekläp gidýändir. Ile
betnam etjek biý-ä.
— Wah, meýitjagaşy ýanmyş, meýitjagaşy ýanan.
Çagasyzlygymyzy az görýämikä bi ýerýuwdan?
Uwwullyň başyňy iýsin seň!
Gargynjyrap ýatyşyna Amangül ärine ýüzlendi:
— Ikimiziň başymyza ýetjek şüdür, ine, görersiň…
Gyýw, saňa diýýän ukladyňmy eýýäm?… Ertir ataň
tüpeňine ok salyp ber, şu iti özümjik güm edeýin.
Aýalynyň ite tüpeň çenäp durşy göz öňüne geldimi,
nämemi, Çerkez pyňkyryp göýberdi.
— Näme gülýäň? Böwregiň bökýändir seň. Gülüber,
gülüber, gözüň nämäni görýär entek.
— Iti tüpeňläp, ile gülki boljak-da?
— Bir itiň hötdesinden gelip bilmän ýatyşyňa janym
ýanýa.
— O-u-uww…
Bu gezek Çerkez takat edip bilmedi. Äpişgäni açyp,
boýnuny uzatdy-da:
— Boýnak, Boýnak, häk seňem bir… — diýip sögünen
boldy.
Çerkez ýorgana sümülen badyna Boýnak ýene
uwlady. Bir gysym bolup ýatan Amangul gorsandy.
— Böýnek, Böýnek – diýibem äriniň agzyna öýkündi.
– Eneň pahyr dogry aýdýan ekeni-le, erkek adam ýok
indi. Hakyky erkekler geçen uruşda gyrlyp gutarypdyr.
Elgaraz, şol gijäniň ukysy harama döndi. Ertesi ir
bilen Çerkez Boýnagyň boýnuna ýüp salyp durka
Şammy kel geldi.
— Goňşy, salawma… Ony nätjek bolýaň? It urşa
äkitjekmi?
— Hawa-aýt, häzir guma äkidip, özüm uruşjak şuň
bilen. Bu töwerekde taý gelýän ýok şuňa.
— Ýo-o, dogrudanam, çynym bilen soraýan.
— It uruş bom-aý şumadam bir. Äkidip zyňyp geljek,
uwlaýa.
— Durag-eý sen. Uwlatmajak bolsaň, idi-yssywat
etmeli myňa. Seň işigiňde it bolsa, şir-peleňem uwlar.
Ýalagam-a ýok myň öz adyna.
— Aý, how, inim, seňki artykmaç degýä maňa.
Şoňňaly nebsiň agyrýan bolsa, alaý seň şuny. Zadyň
gerekgä özem, mugt berjek saňa.
— Aslynda eýgerjek bolsaň, saklamaly-da bi
janaweri. Nämetjek beýdip horlap.
— Al diýild-ä, how, saňa. Al, oňarýan bolsaň.
— Bolman näme, alarnam.
Şammy kel Boýnagy süýräp alyp gitdi. Eltibem
towuk keteginiň agzynda daňdy. Çagalarynyň
günortanky iýmeli naharyny bir jama guýup, öňüňde
goýdy. Boýnak mundanam ýüz öwürdi. Şammy kel
ýüzüni -gözüni gamaşdyrdy.
— Il çagasyna berenok myňňaly nahary… Äý,
ajygansoň-a iýersiň-dä — diýibem samyrdady.
Günortanlyk Şammy kel towuk keteginiň agzynda –
Boýnagy daňan ýerinde — ýaňy dil biten oglunyň ite
berilen nahary iýiň oturandygyny gördi. Gördem:
– Eý, Myrry, nämetýäň o taýda. Tur, görünme
gözüme – diýip gygyrdam.
— Çoýba iýýän…
— Hany Boýnak, Boýnak nirde?
— Hä-ä?
— Boýnak nirde diýýän saňa? Çerkeziň Boýnagy?
Biziň Boýnagymyz?
— Bilemok…
Şammy kel Çerkezlere baranda işikde Boýnagyň
ýatandygyny gördi.
— Çerkez, eý, Çerkez!
— How! — Çerkez äpişgeden kellesini çykardy. –
Ýene näme tapdyň?
— Itiňem özüň ýaly durag-eý, sen. “Mal eýesine
çekmese, şumluk” diýýä. Men-ä oňa gyzgynjak nahar
berýän, täzeje towuk çorba, olam gaçyp gaýdýa.
— Özüň getiren bolaýma, heleýiň bilen oňuşman.
— Hemme kişini özüň bilen deňeme, how.
Heleýinden gorkýan ýok bärde.
— Haý, näbileýin, seň o kel kelläňde pikir kän.
— Getirjek bolsam, ömür äkiderinmi?! Mugt bereýin
diýeniňdenem-ä bildim ibaly däldigini.
Çerkez sesini çykaryp bilmedi. Egnini gysdy.
Öýlänler Amangülüň iňirdisine çydamanam Boýnagy
yzyna düşürip alyp gitdi. Obadan ep-esli uzaklykda,
gumuň içinde taşlap gaýtdy. Öýüne gelip dyzyny epeni
hem şoldy welin:
— Gyýw, oglan bi ýerýuwdan-a, ine, yzýanyň bilen
geldi. Öldürmeseň dymmarsyň myndan – diýip,
daşardan Amangül gygyrdy.
Çerkez äpişgeden boýnuny uzatdy.
Dogrudanam gelipdir. Guýrugyny bulan bolup dur.
Amangül dogry aýdýa. Öldürmeli, ýogsa, mundan
dynma ýok.
Çerkez uzyn ýüp aldy-da, bir ujuny Boýnagyň
boýuna saldy, beýleki ujunam welosipediniň yzyna
berkitdi. Atasyndan galan köneje ýekenil tüpeňi
alybam iňrik mazaly garalansoň, ýeňsesini tüňňerdip
obadan çykyp gitdi. Asfalt ýol bilen ep-esli ýöränden
soň gumaksy ýola düşdi. Ýol bolup, ýolam däl, ýoda
meňzeş bir zat özi. Ýöredi, ýöredi. Kän ýöredi. Ahyry
ýoluň bir ýerinde saklandy. Welosipedini ýoluň
gyrasynda goýup, Boýnagy südenekledip ugrady.
Garşydaky alaňdan aşyp, iti daňar ýaly agaç-ugaç,
çerkez-çeti diýen ýaly bir zat gözledi. Gözüne degerli
zat ilmänsoň, ýene iki alaň dagyn aşdy. Pese düşen
ýerinde bir garry ak sazak bar ekeni. Boýnagyň
boýnundaky ýüpüni şol sazagyň bir goluna mäkäm
daňyp:
— Ýa, walla! Çilim galypdyr-a. Uruşdan öň bir
çilimlesek kem däldi-dä. Aý, bor-da – diýdi. Onsoň
tüpeňini eline alyp:
— Bir ok bilen aldyrmyka? Aldyrmasa, ýene bir ok
bererin, esasy zat, elim sandyramasa bolýa – diýip
hümürdedi. Ynha, indi tüpeňe ok sürüp, atybermeli.
Aý-a görnenok, it atmak üçin Aý hökman däl.
Boýnagyň suduy görünse bolýar.
— Eý, welsepit tapdym-eý, täzeje özem.
Ýol tarapdan eşidilen oglan sesi Çerkezi bir
sekundlyk doňňara daş edip goýdy. Ol tüpeňini taşladyda:
— Goý-eý, meň welsepidim ol, goý – diýip ylgady.
Oglanlar gelýä-de-gelýä bolşup, şakyrdyklaşyp
gaçdylar. Çerkez welosipedini goýan ýerine geldi. Ýok,
alyp gidipdirler. Ol oglanlaryň yzyndan ylgady.
-Goý-eý, welsepidimi. Degjekgä, goý-da gidiber şo
taýda… Eý-ý, size diýýän…
Ol köwşüni çykaryp gaýtadan bat aldy. Esli ylgady.
Oglanlaryň yzyndan ýetip bilmejegini bilibem:
-Ýeri, haýsy bir ýoldan tapan zadyňy alyp gitjek
eýesiz diýip. Nirden çykd-aý bular?! Bi gumuň içinde
näm işläp ýörler, Alla bilsin!.. Men muny ýöne
goýman, ertir ugruna çykarynam, bellisini ederinem…
Häk siziňem bir… — diýip, erbet-erbet sögünip yzyna
dolandy. Haşlap gelişine ýolugra köwşüni gözledi.
Garaňkyda köwüş ilýämi gözüňe?! Tapmady.
— Ýiten şo köwüş bolsun. Baribir ol könelipdi.
Täzesini aljak bolup ýördüm onsuzam. Ol hiç-le. Atam
pahyrdan galan ýekenili tapsam bolýar. Onam
ýitiräýsem-ä Amangül üçin igenç obýekti bolýan. Be-e!
Çerkez, ine, şu ýerde ýalňyşlyk goýberdi, şol ýerden
gabatlap, guma siňdi. Ol köwşünden geçipdi.
Welosipedindenem tamasyny üzüpdi. Indi diňe tüpeňi
tapmalydy.
“Şol daýaw ak sazagy tapsam — Boýnagy tapdygym.
Boýnagy tapsamam — tüpeňimi. Be-eý, walla!”
Ol içini hümledip ýörşüne daş-töweregine
garanjaklaýardy. Barybir gözüne hiç zat ilmeýärdi.
“Ýeri, ala-böle bi gijäň Aýsyzlygy näme diýsene.
Hemişeler Aý diýeniň dagyn arabaň tigirçegi ýaly bolar
durardy. Häý, dogman geçen!”.
Uzaklardan bir ýerlerden möjekleriňmi,
şagallaryňmy, kim bilýä, uwlaýan sesi eşidildi. Şundan
soň ol gorkup ugrady.
“Şagallara şam bolmakam gideýin bärden. Äý,
tüpeňem jähenneme gitsin-laý. Ertir gündizlikde gelip
taparyn. Gideýin diýýän welin, uly ýolam-a ýitirdim.
Haý, günüňe ýanaýynyň Çerkezi”.
Ol hakykatdanam azaşypdy. Diňe azaşmak hem däl,
haýsy tarapa nämüçin barýandygyny bilenokdy.
“Häk, şu Boýnagy tapaýsam-a… Uly ýoly
taparmyka? Itler ökde bolýa şular ýaly ýerde. Gelen
ýoluny derrew tapýarlar”.
Ol gaty sesi bilen itiniň adyny tutup gygyrdy.
— Boýnak, Boýna-ak!
Gaty uzak bolmadyk bir ýerden Boýnagyň uwlama
gatşykly çyňsaýan sesi geldi.
“Aý, şü-ýä diýseň-diýmeseň Boýnak. Hä,
uwwullyňa döneýin-ä. Ýa, Alla!”
Ol ses çykan tarapa ýöneldi. Bir alaňdan aşdy
welin, hakyt Boýnak dur. Özem guýrugyny bulaýlap
Çerkeze ýalynjaňlyk edýär. Ak sazagam görünýä. Inede,
ýekenil tüpeň. Ol tüpeňi goltugyna gysdyrdy-da,
itiniň boýnundaky ýüpüni çözdi. Şoňa mähetdel it
Çerkeze gysyldy.
“Gorkandyr biýem. Hmm… Bu gorkunç ýerde
galan özüň bolma”.
Boýnak hakykatdan hem gelen ýoluna belet, ol
ýüzüni oba tutup senkildäp ugrady. Çerkezem onuň
yzyna eýerdi. Asfalt ýola ýetensoňlar garşydan motor
sesi eşidildi. Çerkez aýak çekip, tüpeňine söýendi. Az
salymdan ýiti çyranyň şöhlesi onuň gözüni
gamaşdyrdy. Motor hol beýleräkde saklandy.
— He-eý, kim-eý sen? – diýip, motorly gelen gygyryp
sorady.
“Şammy kel ýaly-la, how, bi”.
— Eý, Çerkez , senm-eý bi? Şumat tutuş goňşygolam
seni gözläp ýör. Heleýiňem aglap otyr
öldürendirler diýip.
“Şol, Şammy kel, meni gözläp gelipdir. Nä iňňemi
men ýitäýer ýaly. Hmm…”
Motoryň çyrasynyň ýagtysyna tüpeňiň nili ýaldyrap
gitgi.
— Ýygn-eý, tüpeňiňi, Çerkez!
Çerkez tüpeňe ok sürüp, iki ädim gaýra çekildi.
— Tüpeň bilen oýun etmeý, Çerkez! Tanamadyňmy
meni. Men Şam…
— Gümp…
Boýnak sessiz-üýnsüz bagryny ere berdi. “Daňman
atsaňam boljak eken” diýip Çerkez pikir etdi.
— Nämetdiň-eý ony? Ýygnasan-aý tüpeňiňi! – diýip,
aňyrdan Şammy kel gygyrdy.
— Atdym, how, inim, atdym, görmediňmi ýaňy?!
— Nämüçin?
— Amangül ikimiziň ölümimizi dileýä, uwlaýa,
düşündiňmi?
Şammy kel düşünmedi.

Aprel, 1991. Aşgabat.

Kakamyrat Ataýew Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи