|

It waspy

It waspy IT WASPY

«It geldi — gut geldi» diýen nakyl bar,
«Gut» diýmek bagtdyr, bagt bolarmyş it.
Asmanyñ ýüzüne gelende gubar,
itine äñeder mal bakýan ýigit.

Gijeler diñ salyp ähli çygşylda
Ýatandyr,
Ýatandyr ysgap şemaly.
Möjekler uwlaşyp galar alada,
şonda itiñ gözi ýanar şem ýaly.

Itiñ gözi gurat dürbüden gurat,
malyñ örüsinde bolsa bolsun düýt.
Bir kes goýunlara etse hyýanat,
It ony başarsa, etjekdir düýt-müýt.

Ýal berseler iýer, ýal bermeseler,
meýdanda aw edip, özüni eklär.
Kämahal adamlar äsgermeseler,
it buýsançly oglan ýaly öýkelär.

Göýä egni ýyrtyk kurtkaly oglan,
it şatlanýar añzak bolanda ahyr.
«Itler adamzada hut körpe dogan» —
diýipdir geçmişde bir beýik şahyr.

Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle